DÜNÝÄ

Bolgariýa we Rumyniýa Şengen zolagyna goşuldy

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Bolgariýa bilen Rumyniýa Şengen zolagynyň doly hukukly agzasy boldy. Bu iki ýurt 15 ýyl çemesi wagtdan bäri bu zolaga girmek üçin tagalla etdi. Bu döwletler üçin soňky çäklendirmeler geçen ýylyň dekabrynda aýryldy.

Täze ýylyň ilkinji günlerinden bu ýurtlaryň guryýer serhetlerinde Şengen ylalaşygyna girýän beýleki döwletler bilen resminamalaryň barlagy ýatyryldy.

Bolgariýanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gresiýa bilen araçäkleşýän guryýer serhedindäki serhet germewini simwoliki ýagdaýda galdyryp, Şengen zolagyna girendiklerini mälim etdi. 

Rumyniýa bilen Bolgariýa 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolupdy.

Related posts

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahaty

vepa

Bir gün Golliwuddanyň» görkezilişi ýatyryldy

vepa

Pakistanyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär