SIZDEN GELENLER

Baş maksat – ynsan saglygy

Halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary we bejeriş usullary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.

Dünýä lukmançylygynyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Kararlara gol çekip, ýurdumyzda fiziologiýa ylmynyň ösdürilmegine täze badalga berdi. Bu resminama «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlaryň saglygyny berkitmek we ortaça ýaşyny uzaltmak, yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek maksady bilen kabul edildi.

Täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işleri ýola goýulýar.

5 gatdan ybarat Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümlerinde ABŞ, Germaniýa, Fransiýa, Niderlandlar Patyşalygy, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil lukmançylyk enjamlarydyr tehnologiýalary ornaşdyryldy. Onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary barada aýdara zat kän. Şonuň üçin bu ýerde diňe olaryň iň esasylary baradaky käbir maglumatlary umumylaşdyryp belläp geçsek ýerlikli bolar.

Fiziologiýa boýunça sebitde ýeke-täk ylmy-kliniki merkez hasaplanylýan täze desganyň enjamlaşdyrylyşy babatda hem birnäçe ilkinjilikleri aýdyp bolar. Hususan-da, «Olympus Medical» kompaniýasynyň aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini takyk anyklamaga mümkinçilik berýän iň kämil «EVIS X1 CV-1500» wideoendoskopiýa ulgamy ýurdumyzda ilkinji gezek bu merkezde ornaşdyryldy. Şeýle-de onda ilkinji gezek «Micro-Tech» nemes kompaniýasynyň «Eyemax» enjamy ornaşdyrylyp, ol öt ýollaryndaky dürli keselleri anyklamakda, uly daşlarda litotripsiýa geçirmekde ulanylýar. Bulardan başga-da, «Philips» kompaniýasynyň «IntraSight 5» damariçi ultrases barlag enjamynyň hem ýurdumyzda ilkinji gezek şu merkezde ornaşdyrylandygyny bellemeli.

Patologik fiziologiýa näsag bedeniň ýaşaýyş işjeňligini öwrenýän esasy okuw dersleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem bedende patologik hadysa ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň dürli synalarynyň we
ulgamlarynyň işjeňliginiň bozulmalaryny öwrenmäge ýardam berer.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny netijeli dolandyrmaga, lukmançylyk ulgamynda habarnamalary we maglumatlary toplamakda ýokary tehnologiýaly tilsimatlary ornaşdyrmaga, lukmanlary we lukmançylyk ýokary okuw mekdebine degişli hünärmenleri häzirki günüň talaplaryna laýyklykda taýýarlamaga we ylym bilen meşgullanmaga täze mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Amandursun Mälikowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri