SIZDEN GELENLER

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy hakynda uly alada edilýär, her bir adamyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saglyk ulgamynda durmuşa geçiren beýik işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Ýurdumyzda bina edilen saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler we beýleki maksatly desgalar dünýäniň iň ösen enjamlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şäherlerde, obalarda sport merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Bu merkezlerde ildeşlerimiz sport bilen meşgullanyp, medeniýetli dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi adam saglygynyň has-da gowulaşmagyna, ýaş nesilleriň sagdyn ösmegine ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, 7-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän işleri, enäniň we çaganyň saglygyny goramakdaky tagallalary örän uly ähmiýete eýedir. Hut şeýle beýik işleriň, asylly başlangyçlaryň netijesinde çagalaryň röwşen geljegi üpjün edilýär, olaryň bagtyýar hem-de sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Olar döwrüň talaplaryna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasyny görkezmek bolar. Durmuşa geçirilýän çäreler ilatyň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegine gönüden-göni ýardam edýär we duş gelýän keselleri irki ösüş tapgyrynda anyklamaga, netijeli bejermäge oňyn mümkinçilik döredýär.

Asyrlaryň dowamynda geljege bolan iň ýagşy ynamy alamatlandyrýan eneligi we çagalygy goramaga aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda çagalaryň we eneleriň saglygyny dikeltmek hem-de berkitmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ýene bir aýdyň subutnamadyr. Şeýle hem çagalary hemmetaraplaýyn alada, mähir bilen gurşamak türkmen halkyna mahsus milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu aýratynlyk Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan netijeli işinde hem öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejeriş-anyklaýyş işleri üçin çykdajylara, çagalar öýlerinde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu sahawatly düzümiň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglary satyn alyndy. Şu ýyl welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralaryna dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýän «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary sowgat berildi.

Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle döwletli ýörelgeler Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly rowaçlyga eýe bolýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde sarpalanýar. Bu oňyn işleri Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň mazmunynda açyk-aýdyň görmek bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn we bagtyýar ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Baýramgözel Bakyýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri