BILIM

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Rumyniýanyň Alba-Ýuliýa şäherinde ýerleşýän “1 Decembrie 1918” uniwersitetinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şihliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Rumyniýada saparda bolýar.

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň degişli uniwersitetleri 2018-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Şol döwürden bäri birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi, halkara hukugy we kompýuter tehnologiýasy ugry boýunça mugallymlaryň, şeýle hem “Erasmus Mobility Program (Erasmus +)” maksatnamasy boýunça talyplaryň alyş-çalyş çäreleri guraldy.

Bu gezekki duşuşykda Rumyniýanyň “1 Decembrie 1918” uniwersitetiniň rektory Daniel Breaz bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şihliýew bu rumyn uniwersitetiniň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şahamçasyny döretmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky äthnamany taýýarlamak meselesi boýunça pikir alyşdylar.

Bu ugurda ilkinjileriň hatarynda biznes administrasiýasy (MBA) ugry boýunça magistr maksatnamasyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu hem ykdysatçy-menejerleri taýýarlamak üçin oňat mümkinçilik bolar.

Şeýle hem duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary maslahatlaşyldy. Bu babatda geljek okuw ýylynda Rumyniýanyň uniwersitetiniň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryny gysga wagtlyk okuw maksatnamalaryny geçmegi boýunça deslapky ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, Rumyniýanyň “1 Decembrie 1918” uniwersitetinde türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan mednei çäre guraldy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar