ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Arada Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» Bilbil Mämmedowyň sahnalaşdyran  «Kalp tary» atly oýnuny görmäge bardyk. Bu oýny öň Bilbil däde A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dilinde-de sahnalaşdyrypdy, ýöne tomaşa etmäge baryp bilmändim. Türkmeniň dünýä belli kompozitory Nury Halmämmedowyň «Keçpelek» sazyny döredişi hakyndaky bu oýnuň gahrymanlarynyň biri belli kino režissýor Öwülýaguly Kulyýew. Sahna oýnuna tomaşa edenimden soň, oýnuň gahrymanlarynyň Öwülýaguly agadan başgalarynyň ýüz keşbi, häsiýeti göz öňüme geldi. Sebäbi olaryň käbirini ýüzbe-ýüz gördüm, käsini gazet-žurnallaň, teleradioýaýlymlaň, dokumental filmleň üsti bilen gaýybana tanaýan. Öwülýaguly aganyň bolsa, diňe režissýordygyny hemem onuň meşhur «Keçpelek» kino filmini surata düşürendigini bilýän. Ýüz keşbini görmämsoň, nähili sypatdadygynam, häsiýeti barada-da bilemokdym. Öz ýanymdan şo ýaşulynyňam arhiw maglumatlaryny öwrenmeli. Maşgala agzalaryny tapyp bolsa, söhbetdeş bolsak hasam gowy boljak — diýip içimi gepletdim.

Ondan bäri eslije wagt geçdi. Iki- üç hepdelikde oba toýa barýardym. Ulag ýolagçydan dolýança biraz garaşmaly bolduk. Sürüji kimdir biri bilen telefonda gürleşip otyrdy. Ol hal-ahwal soraşdy-da: «Hawa, o neressäniňem belli gününe göründik. Öý salgylaryny tapmak kyn däl. Öýleri artist «Poşalak» agalaň öýüniň golaýynda eken. Sungat adamlarynyňam köpüsi barypdyr. Aýatda Çarynyň ýanynda «Keçpelek» kinosyndaky artist Beglem bar eken» diýenden, ukudan oýanan ýaly boldum. Bir mahal çagalar žurnalynda işleýärkäm «Halypalar çagalygyny ýatlaýarlar» atly rubrika üçin ýaşajyk kino gahrymanlarynyň ýatlamalaryny ýazýardym. «Irde-giçde «Keçpelek» kino filminiň gahrymany Begli bilenem söhbetdeş bolaryn» diýip ýördüm. Ýitigimi tapan ýaly begendim, ýöne sürüjiden onuň telefon belgisini birbada soramagy gelşiksiz gördüm. Pikirim welin diňe onuň kino filmlerdäki döreden keşplerindedi. «Keçpelek» kino filmi haçan surata düşürildikä? Begli şo mahal näçe ýaşlaryndaka? Ol uly halypalar bilen soň duşuşdymyka? Belki, ol filmiň režissýory Öwülýaguly aga bilenem duşuşandyr. Onuň çagalar bilen işleýşi hakynda käbir zatlary aýdar. Meşhur artistler bilen bagly nähili ýatlamalar ýadyna düşýärkä?» diýip oýlandym. Birdenem öz-özüm ýylgyranymy duýman galdym. Sebäbi tanyş-biliş joralarymyz ýa-da kärdeşlerimiz bilen dynç güni toýa-sadaka gitmeli bolsak öňünden altynjy gün bir-birimiz bilen  jaňlaşýas. «Keçpelek» filminiň baş gahrymany Maralyň jigisi Beglä ýüzlenip: «Begli, ertir Änewe gidýändiris, unudaýmagyn» diýýän sözlerini aýdyp ýolagçydygymyzy ýatladýas.

Pikirlenip oturyşyma ýaşajyk kino gahrymany Begliniň keşbi göz öňüme geldi. Gyýma balaklyja, kellesi tahýaly gözleri okara ýalyjak oglanjygyň öz boluşlyja gepleýşi, hereketleri hakydamda janlandy. Filmiň baş gahrymanlarynyň biri Berdimyradyň söýgülisi Maral bilen gürrüňdeş bolmak üçin ugurtapyjylyk bilen Beglä:

— H-ol düýäni görýäňmi?

— Hawa

— Onda, şo düýäni gaýtaryp bilermiň?— diýende Begliniň:

— Näme gaýtarman — diýip, çägäniň üstünden ylgap gidişi, «aýlan-aýlan» diýip düýe gaýtaryşy göz öňüme geldi. Birdenem onuň: — Sona eje, Berdimyrat gelmedimi? — diýip, Berdimyradyň ejesi Sona eje bilen gürrüň edýän pursaty ýadyma düşdi.

— Näme guzym, Berdimyratlyk işiň barmydy?

— Aý, ýok, ýöne ol maňa «Dutar çalmagy öwretjek» diýdi-de, bir aý boldy, henizem gelenok — diýende Sona ejäniň:

— «Dutar çalmagy öwretjek» diýen bolsa, ol hökman öwreder. Berdimyradyň gidenine bir aý bolanyny sen nireden bilýäň, oglum? — diýip soraýşy, Begliniň:

— Ony maňa Maral aýtdy — diýip, çaga häsiýetini açyp görkezişi hakydamda aýlandy. Ine, şeýle pursatlaryň her biri edil ulagyň üstünde kino görýän ýaly göz öňüme geldi. Meşhur artist Baba Annanowyň özüne gelşip duran görmegeýligi, owadan gülküsi bilen «Begli Serdar» diýip oglanjygy gujagynda göterişi, filmiň soňuragynda Berdimyradyň öz dutaryny Beglä gowşuryp hoşlaşýan pursady, maşgala agzalary bilen başga oba göçüp gidişleri göz öňümde janlandy. Begliniň gum içinde ýeke özi naýynjar halda eli dutarlyja olaryň yzyndan seredip durşy hiç wagtam göz öňümden gitmejek keşp. Ýatlamda gözüme ýaş aýlanýar. Onuň çagada bolsa duýgudan doly gözlerinden togalanyp gaýdýan gözýaşly keşbini biparh synlamak mümkin däl.Ýüregiň gyýlyp gidýär. Dogry, filmiň režissýorynyň ussatlygyna söz ýok, ýöne ýaşajyk kino gahrymanynyň şeýle ynandyryjy, tolgundyryjy keşbi ussatlyk bilen döredişi haýran galdyrýar. Onuň uly artistler bilen deň-derejede taryha giren keşpleri döredişi sungata bolan zehininiň güýçlüdigini görkezýär.

Aslynda onuň başga-da birnäçe filmlerde keşp döredendigini bilýän. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň eseri esasynda Türkmenistanyň halk artisti, kino režissýor Halmämmet Kakabaýewiň surata düşüren «Taýharly oglan» filminde-de baş gahryman poçtalýon oglan Hommadyň keşbini döretdi. Onuň çagalar üçin surata düşürilen şol filmdäki döreden keşbem juda şowly çykypdyr. Uruş döwrüniň wakasyndan gürrüň berýän bu filmdäki tolgundyryjy pursatlarda ol ýaş bolsa-da içki dünýäsindäki duýgusyny ýüzüniň hereketi, gözleriniň täsin bakyşy bilen şeýlebir tomaşaça ýetirýär welin, diýseň güýçli täsir edýär. Onuň taýharjyga münüp oba adamlaryna hat paýlaýşy, uruşdan gelen käbir ajy habarly hatlary gowşuranda duýdansyz ýagdaýda gabat gelýän yzanda-çuwan agyly pursatlardaky başdan geçirýän ahwalyny ýöreýşinde, oturyşynda, oýlanmalara gark bolan kalbyny duýgudan doly gözlerinde görmek, duýmak tomaşaçyny diýseň tolgundyrýar. Filmde ejesiniň rolunda Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa oýnaýar. Ýüň darap oturan enäniň ýüz keşbi, gapdalynda oguljygynyň ejesine görkezmän gözlerinden ýaş akdyryp lapykeç haldaky ýatyşy, urşuň ula-kiçä salan agyr ykbalynyň aýdyň keşbi bolup oýlanmalara atarýar. Geýen sahna egin-eşigem özüne gelşip duran oglanjygyň  kellesi ýyldyzly papaklyja taýharjygy bilen hat paýlaýşy göz öňüňde dur. Öz ýanymdan onuň dosty Nurjanyň uruşdan ajy habary gelen haty okandaky keşbini ýatladym. Birdenem şeýle oýlanmalara berlip oturyşyma sürüjä ýüzlendim: «Aý, dogan, bagyşlaň! Ýaňy aýatda «Keçpelek» kinosyndaky Beglem bar eken» diýdiňiz welin, kyn görmeseňiz onuň telefon belgisini berip bilmersiňizmi?» diýdim. Ol:

— Begliniň telefony size nämä gerek? — diýip, geň galyjylyk bilen ýüzüme seretdi. Kärim žurnalist. Ýaşajyk kino gahrymanlarymyz bilen söhbetdeş bolup, olaryň çagalyk ýatlamalaryny ýazgy edýän — diýip düşündirdim. — Teleýaýlym üçin gepleşik taýýarlajakmy ýa-da gazet-žurnala ýazjak bolýaňyzmy? — diýip ýene sowal berdi. Gazet-žurnal üçin ýazgy etmekçi. — Onuň ýaly bolsa, telefon belgisi özümde-hä ýok, ýöne häzir jaň edip oglanlardan taparys. Gowy iş edýäňiz. Şeýdip ýazyň. «Keçpelek» kinosynyňam surata düşürilenine esli ýyl bolandyr. Ol kinoda meşhur artistleriňem käbirleri oýnady. Pahyrlaň köpüsem aýatda ýok, olaram ýatlarsyňyz — diýdi-de, kimdir birine jaň edip, onuň telefon belgisini derrew tapyp berdi. Kagyz-galam bilenem bellik etmedim-de, el telefonuma belläp Begli diýip ýazdym.

Toýdan soň öýe gelip berlen belgä jaň aýladym. Bagyşlaň, hakyky adyňyzam bilemizok şeýle-şeýle ýagdaýda telefon belgiňizi aldyk — diýip özümi tanyşdyrdym. Söhbetdeş bolmak pikirimiň bardygyny aýtdym. Ol mylakatlylyk bilen saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Hakyky adym Ahmet, familiýam Kulyýew. Pensiýa çykdym, ýöne häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje adyndaky 115-nji okuw-terbiýeleýiş toplumynda rus dili mugallym bolup işleýän» diýip iş ýerini salgy berdi. Şeýlelik bilen ýakynda onuň bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolduk. Gysgajyk terjimehaly bilen tanyşdyk. Ol 1962-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. 1979-1984-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini tamamlapdyr. Iki gyzy, bir ogly, alty sany agtygy bar. Iki ýyl Daşkentde howpsuzlyk ugrundan, Ýokary partiýa mekdebinde estetika hünärinden, Berlinde ýokary Ýaşlar mekdebinde okapdyr. «Milli pedagogika hem-de filosofiýa» temasyndan kandidatlyk işiniň üstünde işläpdir. Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda mugallym bolupdyr. Komsomol işinde, organda, garaz, dürli kärlerde işläpdir. Söhbetdeşligimiziň  esasy maksady milli kino sungatymyzyň taryha giren filmleri bilen bagly bolansoň, onuň surata düşen filmleri hakyndaky ýatlamalar gyzyklandyrdy. Şonuň üçin oňa diňe şular baradaky sowallar bilen ýüzlendik. Ol: «Men maşgalamyzda ýedi doganyň biri, ýöne beýleki doganlarymdan tapawutlylykda kakaçyldym. Kakam nirä gitse ýany bilen giderdim. Öýümize tanymal sungat adamlary gelse-de ýanlarynda oturýardym. Kino işgärleri kakamyň ýanyna kän gelýärdi» diýenden kakasynyňam sungat wekilidigini aňdym, ýöne gürrüňini bölmezlik üçin diňläp otyrdym. Ol: «Keçpelek» kino filmi 1968-nji ýylda surata düşürildi. Şol wagt alty ýaşymdadym. Filmde menden öň başga bir oglan surata düşmelidi, ýöne ol gyzgyn howada surata düşmäge ýaramansoň, surata düşmek nesibesi meniň paýyma düşdi. Bu filmden öňem kakamyň režissýorlugynda Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri-döredijiligine bagyşlanyp surata düşürilen «Saýra bilbil» atly dokumental filmde konserte tomaşa edip oturan ýaşuly Hydyr Orusowyň agtygy bolup surata düşüpdim» diýdi welin, onuň Öwülýaguly Kulyýewiň ogludygyny şonda bildim. Ýöne özüne aýtmadym. Ol: «Soň başga-da «Taýharly oglan», «Sowet ýurdunyň çagalary», «Böküş», «Söýgi bagyşlamaýar» atly filmlerde çaga rollarynda surata düşdüm. «Keçpelek» filmi Ahal welaýatynyň gum içindäki Giň oý obasynda, Manyş obasynda hemem Kaka etrabynyň golaýyndaky Küren obada surata düşürildi. Çaga bolsamam şo wagtky käbir pursatlar ýadymda. Men şäher çagasy. Başda gum içindäki oba çagalary bilen öwrenişmek kyn boldy. Howanyň yssysynda gyzgyn çägäniň howruna çydamokdym. Üstesine-de  meýdandaky mör-möjeklerdenem gorkýardym. Bir gezek obanyň garagol çagalary köýnegimiň içine gara tomzak okladylar, şonda şeýlebir çirkin gygyrypdyryn. Kakam meni ýylan çakandyr öýdüp ylgap geldi. Soň kem-kem öwrenişdim. Özüm suwulgan, hažžyk ýaly mör-möjekleri tutup, gatyk çüýşä salyp goňşulaň çagalaryna görkezmäge alyp gelýärdim.

Kino filmde öweý ejemiň rolunda Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewa surata düşýärdi. Annagül daýzanyň: «Barjamly ýere durmuşa çykarsak, Maral jan, ýag iýip, ýüpek geýer» diýip, eli ikli mäşirik bükdürip oturan kartinasynda oňa meniň: «eje çörek ber» diýip aýtmaly sözlerim bardy. «Ol meniň ejem däl, öýde öz ejem bar» diýip, bir gezegem oňa eje diýmedim. Ýogsa, Annagül daýza özüne öwrenişdirjek bolup her gün maňa garlawaç süýji, priannik köke berýärdi. Halypalar haýran galdylar. Başga näme diý diýseler öwredişleri ýaly gaýtalaýardym, ýöne şoňa eje diýdirip bilmediler.

Ýene bir pursat ýadymda filmde çagalaryň üýşüp «Aýterek-günterek» oýnuny oýnaýan kartinasy bar. Şoňa surata düşürmek üçin filme gatnaşýan halypalaryň öz çagalaryny daň bilen eltdiler. Hemmesem şäher çagalary. Tort eltip: «Çagalar, surata düşüp bolaňyzsoň, agzybirje oturyp tortlap çaý içeris» diýip gara öýde goýdular. Çagalara sahna eşigini geýindirdiler. Surata düşürilýän meýdança çykdylar. Aýak ýalaňaç gyzgyn çägede ylgamaly boldy welin, oba çagalarynyň azaryna-da däl. Şäherden eltilen çagalar gyzgyna çydaman aglap, olara birbada öwrenişmek kyn boldy. Surata düşüp bolnansoň gara öýe geldik. Görsek gara öýe eşek girip, tordy iýipdir hem käbir çagalaň eşiklerini çeýnäpdir. Şo pursat çagada bolsam göz öňümde galypdyr.

Çaga wagtym gaty çekinjeňdim. Öňümde goýlan nahary zordan iýdirýärdiler. Film surata düşürilýärkä ýüzüme grim edip, yssy howada surata düşürýärdiler. Ýüzüňe çyra tutanlarynda dagy ýakyp barýardy. Bir gezek şeýlebir suwsadym. Suw içesim gelýändiginem aýtmaga çekinýän.  Suwsuzlykdan ýaňa gürlemäge mejalym ýokdy. «Bol gürle» diýýärler, gürläp bilemok. Ahyry ýaşuly halypalaň biri: «Şu çaga suwsaýan bolaýmasyn, baryň suw getirip beriň!» diýdi. Derrew gidip bir okara agaranly çal getirdiler. Obanyň bol zady agaran-çaldy. Haçan gerek bolsa haýsy öýe barsaň okaraňy doldurup berýärdiler. Şonda okara ýüzümi tutuşlygyna batyryp agaranly çalyň bir demde baryny içäýipdirin. Soň demimi dürsäp, näme diý diýseler gaýtalap durun. «Waheý, çagany suwsuz kösäýipdiris» diýdiler. Şu hili ýatlamalar hiç ýadymdan çykanok» diýip gürrüň berdi.

Oňa soň ulalaňyzsoň şol beýik artistler bilen duşuşdyňyzmy?— diýip sowal berdim. — Hawa. Kinoda doganym bolup Maralyň keşbinde surata düşen Sara Hallyýewa bilen biraz wagtlyk häkimlikde bile işledik. Ilki işe baramda onuň şol ýerde işleýändiginden habarym ýokdy, soň tanyşdyk. Bir gezek häkim iş meselesi bilen bagly işgärlere käýýedi. Şonda ýygnakda oturan ýerimden oňa: «Maral, sen aglaýaňmy?» diýip, filmdäki aýdan sözlerimi pyşyrdadym. Ol ýuwaşlyk bilen ýylgyrdy. Filmiň baş gahrymanlarynyň ýene biri Berdimyradyň rolunda surata düşen halypa artist Baba Annanow bolsa, kakam bilen doganoglan. Biz oňa Baba kaka diýýärdik. Ogly Kerim Annanow neresse 2000-nji ýylda «Keçpelek» kino filminiň 30 ýyllygyna ýörite kalendar çykardyp sowgat berdi — diýip suraty öňümde goýdy. Filmdäki aýdýan sözleriňiz öz sesiňizmi? — diýip ýene sowal berdim. — Hawa — diýip jogap berdi.

«Taýharly oglan» filmindäki surata düşen baş keşbiňiz — poçtalýon Hommadyň keşbem gaty şowly çykypdyr. Uruş döwrüniň agyr ykbalyndan gürrüň berýän bu filmi telim gezek gördüm. Şo film haçan surata düşürildi hemem bu film bilen bagly nämeler aýdyp biljek?

— «Taýharly oglan» filmi 1973-nji ýylda Bäherden etrabynyň Sünçe obasynda surata düşürildi. «Japbaklar» atly filmem şo mahal şol obada surata düşürilýärdi. Japbaklar dört dogan bolup öz münýän eşeklerini maýrypdyrlar. Surata düşürjek bolanlarynda eşek ýöremäge ýaranok. Onsoň filmiň režissýory gelip Halmämmet Kakabaýewden meniň münýän taýharjygymy bermegini sorady. Halmämmet aga-da: «Hon-ha eýesinden sora, berse alaý» diýdi. Öz eşeklerine üýşüp münüşleri ýaly münüp taýharjygymy maýrarlar öýdüp menem bermedim. Sebäbi men her gün taýharjygyma gant, käşir, köke berip eldekileşdirdim. Onuň bilen şeýlebir öwrenişdim. Kakam pahyr: «Seýisçilige bolan ukybyň garry ataňa çekipdir» diýerdi. Aňrymyzda garry atam Ataguly Garryýew atşynas bolupdyr. Onuň atşynaslykda bitiren hyzmatlary üçin öz döwründe mynasyp bolan iki sany medaly bar — diýip ýadynda galan ýatlamalary ýatlady. Onuň gürrüňlerinden hemem surata düşen filmlerinden sungata bolan söýgüsini, zehinini duýmak kyn däl. Nähili meşhur artist boljak ekeniňiz. Näme üçin sungat ugrundan hünär saýlamadyňyz? Çynym bilen gynanýan — diýdim. — Sebäbini bir pursat bilen düşündirjek bolaýyn — diýip gürrüňini dowam etdi. — Kiçiligimden kitap okamaga höwesim uludy. Çeper eserleri kän okaýardym. Bir gün Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyny okap otyrdym. Öýümize halypa kino režissýor Meret Atahanow geldi. Meret aga kakamyň ýanyna kän gelýärdi. Ol menden: «Özüňden uly kitaby okaýaň welin, o nähili kitap?» diýip sorady. Menem: «Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyny okaýan» diýdim. «Bäh, munuň deň geläýşini. Men häzir şol roman boýunça film surata düşürjek bolup ýörün. Sen haýsy rolda oýnasyň gelýär?» diýdi. Özüňiz haýsy rola gabat gelýän bolsam şol roly beräýiň. — Onda romanyň baş gahrymany Uzugyň jigisi Durdynyň sözlerini pugta öwren, şol rola seni aljak — diýdi. Soň meni kinostudiýada synagdan geçirdiler, kabul etdiler. Begenip haçan kino surata düşürenlerinde çagyrarlarka — diýip garaşyp ýörün. Çagyrýan ýok. Ahyry gyzyklanyp sorasam Meret Atahanow aýagy gaýta-gaýta kesilip, soňam ýogalan eken. Filmi  surata düşürmek işem giýewsi Hojadurdy Narlyýewe tabşyrylypdyr. Olam hemme zady täzeden başlamagy meýilleşdirýär. Zyýany ýok, her kimiň öz pikiri, garaýşy bar. Kino düşmänligime gynanmadym, ýöne ýekeje zady gaty gördüm. Kino surata düşürilmeýändigimi habardar etmediler. Şonda: «Gaýdyp men kinostudiýanyň gapysynam ellemerin» diýip öz-özüme söz berdim. Soň ulalyp kakamy ulagym bilen işe gatnadýardym. Käte halypalar kinostudiýanyň howlusynda küşt oýnap oturýardylar. Bir gezek baramda kakam wagty bilen gelmedi. Kän garaşdym. Ahyry geldi. Ol: «Köp garaşdyňmy, küşde gyzyp güýmenäýipdirin. Baraýmaly ekeniň-dä» diýdi. Kaka, bilýäň-ä, men kinostudiýaň gapysynam ellemerin» diýip söz berdim-ä — diýdim. Şonda kakam gynanç bilen başyny ýaýkady. Ine, şunuň ýaly ýatlamalary hakydamda aýlap, käte oýlanyp oturýan. Beýik-beýik halypalaryň aramyzda ýoklugyna gynanýan. Maňa köp adam «Begli» diýip ýüzlenýär. Şonda welin kino sungatynda kiçijigem bolsa keşp döredendigim üçin begenýän.

Bir günem kino surata düşürilýärkä köpçülik sahnasy üçin adamlar awtolawka maşyn bilen geldiler. «Bar gitde çal-agaran getir» diýdiler. Täzeje syrçaly karşoga çal guýup berdiler. Alyp gelsem halypalar «başga gap tapmadyňmy?» diýip gülüşdiler. Oba adamlary juda sada eken» diýip gürrüň berdi.

Ahmetden kakasy Öwülýaguly Kulyýewiň suratyny soradym. Ol el telefonundan kakasynyň suratyny hemem surata düşüren filmlerinden suratlary göçürip berdi. Bir salym oturyp Öwülýaguly agany ýatladyk. Ol 1930-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doglan. 1997-nji ýylyň 13-nji martynda-da bakyýete göç edipdir. «Kakam paýtagtymyzdaky Garadamak obasynyň gonamçylygynda jaýlandy. Doganoglan inisi Baba Annanow ikisiniň gubury golaýjak. Öňräk hatyra gününde gonamçylyga zyýarata bardym. Görsem kakamyňam, Baba kakamyňam guburynyň üstündäki ot-çöpler eýýäm arassalanypdyr. Geň galdym. Töwerege seretdim. Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa bilen kärdeşleri: «Halypalarymyzyň, mugallymlarymyzyň ruhuna zyýarat edeliň!» diýip, ýörite şolar gelip arassalan eken. Şonda gonamçylygyň müjewüri gelip: «Artist zenanlara, bu sogaply işleri üçin alkyş baryny aýtdy. Adam diri wagtynda-da, dünýeden ötensoňam şeýle hormat sylag bilen mertebelenmegi kalbyňda ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlaýar. Kakamyň şeýle şägirtleriniň bardygyna buýsanýan» diýip ol tolgunmalara gaplanyp oturdy.

«Şeýle haýyr-sahabatly işlere dahylly bolmak gör, nähili ýakymly. Beýik Taňry her birimizi ýagşy işlere şärik etsin! Sogaply işlerden paýly bolalyň!» diýip öz-özüm içimi gepletdim.

Akgül Saparowa.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi

Gurbanjemal Ylýasowa: kämile gol bergen ussat         

Ata Watan Eserleri

Hojaguly Narlyýew: kino sungatynyň ägirdi

Ata Watan Eserleri

Nurberdi Gulow: çopan ýolunyň ussady