DÜNÝÄ

Russiýa bilen Hindistan söwda dolanyşygyny 100 milliarda ýetirer

Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ýurtda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra 3-nji gezek hökümet başlygy wezipesine saýlanandan soňra ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa Federasiýasyna amala aşyrdy.

Narendra Modi bu saparynyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem resmi däl hem-de resmi taýdan gepleşikler geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda 4-5 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmek barada maksat goýuldy.

Bu barada Wladimir Putin bilen Narendra Modiniň arasyndaky gepleşikleriň jemleri boýunça metbugat brifinginde çykyş eden Hindistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Winaý Kwatra habar berdi.

– Liderler täze maksat goýdular – 2023-njy ýyla çenli haryt dolanyşygyny 100 milliard dollara ýetirmek göz öňünde tutulýar – diýip, ol belledi.

Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 65 milliard dollara barabardyr.

Modiniň bu saparynyň netijesinde umumy bahasy 40 milliard dollara barabar bolan 15-den gowrak hökümetara şertnama gol çekildi. Iki ýurduň arasyndaky tölegleriň 60 göterimi milli pul birliklerinde amala aşyrylýar.

Putin bilen Modi dürli halkara sammitleriniň çäklerinde ýygy-ýygydan duşuşýar. Bu olaryň 17-nji duşuşygy boldy. Putin Modini şu ýylyň güýzünde Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitine çagyrdy.

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri