SPORT

“Baýer” topary 61 ýyllyk rekordy gaýtalady

Germaniýanyň “Baýer” topary Ýewropa futbolynda 61 ýyllyk rekordy gaýtalady. Nemes topary Germaniýanyň milli futbol çempionatynyň 32-nji tapgyrynda “Aýntraht” toparyny 5:1 hasabynda ýeňip, ýeňilmän gelýän duşuşyklarynyň sanyny 48-e ýetirdi.

Şeýlelikde, bu topar 1963-nji ýylda Portugaliýanyň “Benfika” toparynyň bu ugurdaky rekordyny gaýtalady.

“Baýer” topary köp ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy. 32 duşuşykda 84 utuk jemlän “Baýer” topary 29-njy tapgyrda wagtyndan öň çempionlygyny yglan edipdi.

“Baýer” toparynyň nobatdaky duşuşygy Ýewropa ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygy bolar. Ilkinji duşuşykda Italiýanyň “Roma” toparyny myhmançylykda 2:0 hasabynda utupdy.

Portugaliýanyň “Benfika” topary 1963-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 1965-nji ýylyň 7-nji fewraly aralygynda geçirilen 48 duşuşykda ýeňilmändi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler