“UFC” halkara ýaryşyny gurnaýjy kompaniýa Maýkl Çendler bilen Konor Makgregor arasynda tutluşygynyň senesini yglan etdi.
5 döwden ybarat bolan Konor Makgregor bilen Maýk Çendleriň arasyndaky tutluşyk 30-njy iýunda “UFC 303” ýaryşynyň esasynda iň möhüm tutluşyklaryň biri bolar. Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçiriljek halkara ýaryşlaryň çäklerinde bu tutluşyk 77 kg agramda geçiriler.
Makgregor 3 ýyldan soňra ýagny 2021-nji ýylyň iýulynda Dastin Porýe bilen geçiren tutluşygynda aýagyny döwdürenden soňra täzeden halkara ýaryşlara dolanyp geler.
Çendler bolsa, 2022-nji ýylyň noýabrynda Dastin Porýeni ýeňipdi.
Konor Makgregor bilen Maýk Çendleriň arasyndaky tutluşygyň biletleri 26-njy aprelde satylyp başlanar.
