BIZNES

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň söwda dolanyşygy 90 milliard dollara ýetdi

Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sekretariatyny döredýär. Bu sekretariaty döretmek boýunça dabara şu gün Sian şäherinde geçiriler. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Lin Szýan belledi.

4 ýyl mundan ozal, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleri bilelikdäki hyzmatdaşlyk dialogyny döretdi. Täze dörediljek sekretariat hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşar.

Resmi wekiliň bellemegine görä, geçen ýyl Sianda Hytaý-Merkezi Aziýa sammiti ýokary derejede geçirildi we bu bu hyzmatdaşlygy döwlet baştutanlary derejesine çykaryp, Hytaý-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynda täze döwrüň başlangyjy boldy.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda dolanyşygy 90 milliard dollara deň bolup, 27,2 göterim ösüş gazanyldy. Ykdysadyýet, söwda, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk ýokary sepgitlere ýetdi. Ýokary tehnologiýalar, ýaşyl ykdysadyýet we elektron söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlyklar pugtalandyrylýar.

Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlyklar ösdürilip, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan, Hytaý-Täjigistan ýaly taslamalar durmuşa egçirilýär. Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ýolagçy gatnawlaryň sany 68-e ýetirildi.

Şeýle hem Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň şäherleriniň arasynda doganlaşan şäherleriň sany 80 jübüte ýetdi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy