Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň saýlanan eserler ýygyndysyny okap otyrdym. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýakynda çap bolan bu kitaby suratkeşiň doganoglan agasy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täçgeldi Gutlyýew taýýarlapdyr. Ýakynda 18-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda suratkeşiň 60 ýaş ýubileýine bagyşlanyp guralan şahsy sergisine baranymyzda sowgat berdiler. Suratkeşiň ömri, döredijiligine bagyşlanan bu kitapdaky ýazgylaryň arasynda özboluşly galam ýörediş aýratynlygy bilen tanalýan halypalaryň biri, Türkmenistanyň halk suratkeşi, nakgaş Annadurdy Almämmedowyň: «Men Adany diňe bir ussat suratkeş hökmünde däl, eýsem ajaýyp guramaçy, işewür üşükli adam ornunda hem ykrar edýärin. Onuň Çeperçilik gaznasyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda bu edarany ösdürişi, suratkeşleriň öz eserlerini dünýä bahalaryna laýyk satyp bilmeklerini ýola goýşy nygtalyp aýdylmaga mynasypdyr. Ol köp adamlara diňe bir eserlerini gowy çekmekde däl, eýsem olary mynasyp bahalarda ýerleşdirmekde hem özboluşly mekdep boldy» diýen jümleleri bada-bat ünsümi egledi hemem oýlandyrdy. Şol wagtam bir pursat ýadyma düşdi.
2007-nji ýyldy. O mahallar ýaşlar neşirinde işleýärdim. Bir gün gazetiň baş redaktory Annagül Narlyýewa: « Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp baýramçylyk çäresi geçirilýändigini aýdyp, makala ýazmalydygymy tabşyrdy. Başlyk, o ýere näçelik awtobus barýaka? — diýdim. Ol: — Dur, entek, garaş, baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň suratkeşler birleşigi tarapyndan guralýar — diýip, jaň etdi-de, «ýola çykyp kösenme, ulagda özleri äkidýälerem, getirýälerem» — diýdi. Şonda halypa suratkeşler bilen çärä Ada Gutlyýewiň ulagynda gitdik. Ol şo döwürde «Türkmenistanyň çeperçilik fondy» döredijilik-önümçilik birleşiginiň direktory eken. Ilçilikde kimdir birine baha berlende: «Ýolda ýoldaş bolduňmy?» diýilýär. Ada Gutlyýewede şo gezek köp tarapdan göz ýetirdik. Onuň ulagynda oturan halypalar bilen gürrüňdeşliginden, baýramçylyk çäresinde özüni alypbarşyndan ilki bilen belent adamkärçiligine, uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşmegi başarýandygy, ýolbaşçy hökmünde işgärlerine hormat goýşy, düşünjeli hemem derejäni göterýän adamdygyny görkezdi. Ol baýramçylyk dabarasyny şeýlebir gyzyklandyryp alyp bardy:
— Çagalar haýsyňyz surat çekip bilýäňiz?
Çagalar:
«Men-de men» bolşup el galdyrdylar.
— Geliň onda ýaşuly suratkeşler bilen surat çekip ýaryşalyň!
— Bolýar — diýip, synp tagtasynyň öňüne çaga bary üýşdi. Olaryň arasynda entek synp tagtasyna boýy ýetmeýän has kiçilerem bardy.
— O-how, tüweleme, sizem surat çekjekmi? — diýip, olaryň hersini bir suratkeş gujagynda göterdi. Hek berip, elinden tutup, tagtanyň ýüzüne tegelek çyzdyrdylar. — Ynha, indi şu tegelekden nämäniň suratyny emele getirip bolýar? — diýip sowal berdiler. Çagalaryň biri tegelegiň daşyny çyzyp, gün çekdi, ýene biri günüň ýüzüne göz, burun, agyz goýup, adam şekilini çekdi.
— Ine, bu bolsa, akyp duran derýanyň suraty. Indi siz ony nähili suratlar bilen bezejek?
Çagalar suwuň ýüzünde ýüzüp ýören guşuň suratyny, gülüň suratyny, garaz, gök öwsüp duran ýaprakly bagyň suratyny çekip sähel salymda tagtanyň ýüzüni suratdan doldurdylar.
— Berekella, çagalar! Siziň araňyzdan geljekde tanymal suratkeşleň çykjakdygyna ynanýas — diýip, halypa suratkeşler gyzykly gürrüňler berdiler. Olaryň her bir çagany mähir bilen gurşap, başlaryny sypap duruşlary häzirem göz öňümde. Çagalaryň «ýe-de surat çekäýeli» diýen äheňdäki garaýşyny aňan Ada Gutlyýew: — Çagalar , indi bir salym aýdym aýdyşyňyzy diňläliň! Siziň aýdym aýdasyňyz gelýändir-ä?
— Hawa.
Çagalar sahnada gezekli-gezegine aýdym aýtdylar. Şowhunly aýdym-sazly çykyşlar tamamlandy. Suratkeşler çagalar bilen şeýlebir ýürekdeş gürleşýärdiler. El çarpyşmalar şowhuny zala bezeg berdi. Öz ýanymdan «suratkeşler kän bir gürlemän, dymyp surat çekip ýören adamlar ýaly görünýärdi welin…Ýa meniň bu garaýşym saz bilen surata düşünmegiň kynlygy üçinmikä» diýip oýlandym. Zalda sergi üçin getirilen her dürli çekilen suratlar bardy. Olary her suratkeşiň dünýäsine düşünjek bolup synlaýardym. Birdenem gapdalymda oturan meňzeşje gyzjagazlarda gözüm eglendi.
— Adyňyz näme?
— Gülşat, Şemşat biz ekiz.
— Näçinji synpda okaýaňyz?
— Ikinji.
—Şu suratlardan haýsy suraty haladyňyz? — diýip soradym. Gyzjagazlaryň ikisem:
— Ine, şu suraty — diýip, köşejigini emdirip duran düýäniň suratyna barmagyny uzatdylar.
— O näme üçin aýratyn şu suraty haladyňyz? — diýdim.
— Onuň ejesi bar…— diýip düşündirdiler. Bu jogap bütin süňňümi elendirdi. Gözüme ýaş aýlandy. Ýolboýy, hatda öýe gelemsoňam, nahar bişirip durkamam gyzjagazlaryň: «Onuň ejesi bar…» diýen sözleri gulagymda ýaňlandy durdy — diýip, bu barada ýazan makalam metbugatda çap boldy. Şondan bir ýyl töweregi wagt geçdi. Gyzym bilen bazarda aýlanyp ýörkäm Ada Gutlyýew sataşdy. Uly edaranyň ýolbaşçysy bolansoň, habar gatyp durmagy gelşiksiz hasap edip, görmedik bolup geçjek boldum. Ol kiçigöwünlik bilen salam berdi-de, saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra-da gyzyma: — Bilýäňmi, nähili zehinli ejeň bardygyny?— diýdi-de: «Mähir sowgady» atly ýazan makalaňyzy bir aýlap edaramyzyň zalyndan asyp goýduk. Suratkeşiň beýan etjek pikirine diýseň çüňdan düşünýän ekeniňiz. Göräýmäge, ýönekeýje çekilen surat ýaly, emma nähili uly pikiriň bardygyny «Onuň ejesi bar…» diýip, üç sany söz bilen şeýle gowy beýan edipsiňiz — diýip baha berdi. Şonda onuň sungata, döredijilige aýratyn hormat goýýandygyna hemem juda päli pes, adamkärçilikli häsiýetine ýene bir ýola göz ýetirdim. Soň onuň bilen birnäçe gezek söhbetdeş bolduk. Sebäbi metbugat işgäri bolamsoň, geçirilýän baýramçylyk dabaralara kän gatnaşýardym. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Atçylyk sport toplumynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli uly toý dabarasy geçirildi. Dabarada ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň we amaly-haşam sungatynda çeper beýan edýän halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleriniň bäsleşiginiň jemi jemlendi hemem ýeňijilere baýraklar gowşuryldy. Şonda Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň ýürek buýsançlaryny ýazgy etdim. Ada Gutlyýewem baýrak alanlaň biri. Ol:
— «Bedew menzile garap» atly eserimi bäsleşige hödürledim: geljege seredip duran bedew atyň keşbi. Bäş halyçy, bir boýagçynyň kömegi bilen haly üç aýyň dowamynda dokaldy. Eserimde türkmeniň nyşanyny beýan etmäge çalyşdym. Gyrat diýlende Göroglynyň gyraty ýadyňa düşýär. Aňrybaş, naýbaşy at diýlen düşünje göz öňüňe gelýär. Beýik ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen ýörişe gatnaşan Gyrata teleýaýlym arkaly tomaşa eden pursadymda şu eser aňymda şöhlelendi. Görnüşleri kändi. Halynyň hili bir aýry, atyň parametrleri bir aýry. Ýörite seýisleriň, atşynaslaryň ýanyna gatnap, olar bilen gürrüňdeş boldum. Atlaryň gezim edýän pursatlaryndan başlap, oýun edýän, çapýan pursatlaryna çenli surata düşürdim, wideoşekillerden kän peýdalanmaga çalyşdym. Netijede atyň tebigy hereketini ýalňyşman almalydygyna düşündim. Ýakyn aragatnaşyk saklasaň, bu özüne çekiji sungat eken — diýip gürrüň berdi.
Ada Gutlyýewi öň «Türkmeniň ak bugdaýy», «Türkmen Bahary», «Ýanardag», «Gökdepe metjidi — Allanyň emri» ýaly eserleriniň üsti bilen haly suratkeşi hökmünde gaýybana tanaýardym. Sungat eseriniň öz gözelligi bar, ýöne zenan gözi bilen türkmen halysyny synlamak, ol başga zat. Kiçiligimden haly dokamsoň, haly diýlen nepis sungatyň zähmetiniň ýeňil däldigini, onda-da şekilli türkmen halylarynyň uly zähmeti talap edýändigini bilýän. Şol sebäpli halyny synlamagam, haly hakynda söhbet etmegem juda ýakymly. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 15 ýyllygynyň şanly toýy bellenen ýylda Ada Gutlyýewe «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly at dakyldy. Redaksiýanyň tabşyrygy esasynda, onuň bilen ilkinji gezek 2006-njy ýylda söhbetdeşlik taýýarlamaly boldum. Şonda onuň bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolduk. Şo mahal ol «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynda baş suratkeş bolup işleýärdi. Iş ýerine barsam arassaja otagda kompýuteriň başynda işläp otyr. Geň galdym. Suratkeş bolansoň, iş otagyna kraskaň ysy siňen, daş-töweregi surat eserlerinden ýaýradylgy ussahanada eli çotgaly, reňkli surat çekip oturan keşbinde göz öňüme getiripdim. Şonuň üçin oňa ilki bilen:
— Kompýuteriň işiňize täsiri hakda nämeler aýdyp biljek? — diýen sowal bilen ýüzlendim.
— Kompýuter köp işimizi ýeňilleşdirdi. Pikiri tapamsoň, eskizi kompýuterde çekýän. Reňklerem kompýuterde saýlap alýan. Çotga ýa reňk ulanyp duramok. Kompýuterden gowy başyň çyksa, peýdasy gaty kän — diýdi. Haýsydyr bir gowy eser bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, hökman ol eseri kimiň döredendigi hakda oýlanýarys. Taýýar bolan ajaýyp halyny synlap, köplenç bada-bat «Bu halyny kim dokadyka?» diýilýär. Elbetde dokamak üçinem ussatlyk gerek, ýöne dokamakdan öňde-de iş köp — diýip ýene sowal berdim.
— Çeper ýolbaşçy bolamsoň, ilki pikirimi eskize geçirýän. Soňra esasy zähmet boýagçynyň işi diýip hasap edýän. Arassa saryja goýnuň ýüňünden endigan egrilen ýüpden, boýagçy çekilen eskize görä boýag edýär. Mysal üçin gyzyl reňk bäş görnüşli, beýleki reňkleriň bolsa ondanam köp görnüşi bolýar. Şol reňkleri ýerine düşürmek boýagçynyň işi. Ol ýeňil iş däl. Ussatlygyna gözümiz ýetip duran halyçylarymyzy ýolbaşçy edip berkidýäris. Ilkinji nobatda halynyň çar-parasy dogrulanyp, endigan ýüwürdilmeli. Soňra halynyň ini-boýy göni bolmaly, ýüzi tekiz gyrylmaly. Her bäş santimetre düşýän çitim, gyrym bir gidişine gitmeli. Argaç berlişi birsydyrgyn bolup, darak urgusy ýetmeli. Ine, şu talaplardan başga-da, dokalyp duran halyda birden haýsydyr bir reňkli ýüp ýetmez öýdülse, onda şol ýüpden bir gysym ýüpi saklamaly. Täzeden boýaljak ýüpi şoňa deňär ýaly hemem eskize deňäp boýanyňdan ýüpe deňemek amatly, onsoňam ýaňky saklap galan ýüpimiziň bir gatyny açyp, täze boýalan ýüpüň bir gaty bilen garyp çiter ýaly. Ýogsa her näçe meňzeş diýilse-de, reňkleri gabat getirmek kyn — diýip keşpli halylary dokamagyň inçe syrlary hakynda düşündirdi. Özüň halyçy bolsaňam, onuň ussatlyk bilen öwredişi gaty gyzyklandyrdy. Ýüp boýalanda köpräk boýap goýulsa-da bolardy welin, ýöne soň bölek-büçen artan ýüpler galjak-da diýsem, «Köp kişi bölek galan ýüplere «Galan-gaçan zibil ýüp» diýýär. Emma meniň üçin olar altyn ýüp. Sebäbi birinjiden-ä, täze bir işe başlanyňda, şol galan ýüpleriň reňkine deňäp boýag etmek aňsat bolýar, ikinjiden, adam şekilini dokanyňda, ýaka nagşyna, ýaglygynyň güllerine köp ýüp gerek däl. Ana, şonda boýagçynyňam, suratkeşiňem işini ýeňilleşdirýär.
— Öýjükli kagyza seredip dokamak üçin ünslüligem gerekdir welin, ýöne gözüňede agram düşýändir?
— Hawa, ýöne halyçylaryň gözüne agram düşmez ýaly hemem aljyramaz ýaly, her günki dokaljak ýerini aýry-aýry edip bölekleýin çyzyp berýän. Onsoňam reňkleriň ýerini san belgi bilen belleýän — diýdi. Şonda haly fabrikde işlän döwrüm keşpli haly dokaýan halyçylaryň küjüniň üstünde hatar-hatar goýan älemgoşar öwüşginli ýüpleriniň san belgili asylgy durşy göz öňüme geldi.
Şeýle adamkärçilikli, ylahydan berlen zehinli suratkeşe entek 60 ýaşandyram öýdemok. Tüweleme, ýaş görünýär. Onuňam öz sebäbi bar. Halypalaryň nygtaýşy ýaly ol tertip-terbiýeli, döwletli maşgalanyň eýesi. Sungatyna, döredijiligine düşünýän ýan ýoldaşy, iki ogul, iki gyz perzendi, agtyklary bar. Maşgala ojagyndaky rahatlyk, döwlet derejesinde döredijiligine uly hormat goýulmagy onuň ylham guşunyň ganaty. Şeýle bolansoň, işjanly suratkeşiň irginsiz zähmetiniň netijesini onuň döredijiligine degişli eserlerinden görmek bolýar. Ada Gutlyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň üç gezek, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli 2010-njy ýylda yglan edilip, 2011-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilip gelinýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahalteke bedewiniň şekili çekilen iň nepis haly üçin» diýen halkara çeper döredijilik bäsleşiginiň 12 gezek ýeňijisi. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen, Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglandy. Şahsy sergisinde tanymal sungat wekilleriniň birnäçesi çykyş edip, onuň döredijiligi babatda-da, adamkärçilik häsiýetleri babatda-da diýseň täsirli sözler aýtdylar. Sungat muşdaklaryny bir ýere jemlän baýramçylyk dabarasyna tomaşaçy bary geldi. Şol pursat bir gürrüň serimde aýlandy. On-on bäş ýyllykda bile işleýän kärdeşlerimiň biri şahyr Bapba Gökleňi ýatlap her gezegem: «Yşkdan serhoş boldum» diýen sözleri gaýtalardy. Ahyry bir gün ondan: «Gelneje, siz hakykatdanam Bapba neressäni söýdüňizmi?» diýip soradym. Ol «düşüneňizok» diýen manyda başyny ýaýkap: «Mertliginiň yşgyndan serhoş boldum» diýdi. Onuň arassa ýürek bilen janykmasyna hakykatdanam düşünmändirin.
Döredijilikde-de, adamkärçilikde-de, ynsan tebigatyndaky ylahydan berlen aýratynlyklar kän. Oňa indi-indiler akyl ýetirjek bolýan. Ada Gutlyýewiň şahsy segisi kärdeşimiň: «Yşkdan serhoş boldum» diýen sözlerini zol-zol ýadyma saldy. Sergidäki ömrüne bakylyk bagyşlanan biri-birinden nepis, naýbaşy eserleriň, çykyş eden meşhur sungat wekilleriniň gyzykly gürrüňleriniň, ýaňlanan aýdym-sazlaryň gudratly güýji tomaşaçylary sungatyň yşgyndan serhoş edene meňzedi. Özüm-ä dogrusy, Adanyň döredijiligine-de hormatym uly, ýöne derejäni göternip bilýän, nähili uly sylaglaň eýesi bolsa-da, bir durkuny saklap bilýän häsiýetiniň öňünde baş egýän. Bu pikirim bilen ony ýakyndan tanaýan adamlar ylalaşsa gerek. Sebäbi menem ony indi ençeme ýyl bäri tanap gelýän. Onuň ýakyn dostlarynyň biri Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew. Anna bilenem ýoldaşym dost hem synpdaş. Onsoň onuň Ada Gutly bilen ýegre dostdygyny bilýän. Ada Gutlyýew baýrak alsa dagy, özi baýrak alan ýaly bolup derrew öýümize jaň edýä. «Eşitdiňizmi? Ada baýrak aldy. Siz gutladyňyzmy?» diýip buşlaýa. Onsoň olam Ada bilen bile okandyr öýdýärdim.
— Ýaşym Adadan biraz uly, ýöne onuň edýän işleri, berýän gürrüňleri meniň üçin pent, sapak. Ýewropada Renossans döwri diýen döwür bar bolsa, Adanyň döredijiligi Türkmenistanda uly renossans döretdi. Ada bilen dostlugymyz sungat dünýäsinde ýürekdeşligimizde, pikirdeşligimizde. Ol «Awara» atly döreden bir aktýoryň teatry diýen teatryma iň aýdyň düşünenleriň, goldanlaryň biri. Adanyň aýratynam öz sungatynyň pälwanydygy meni diýseň guwandyrýa. Oglan döwrümizde Gyzylarbadyň meşhur pälwany hökmünde tanalýan Myrat pälwanyň ady ýörgünlidi. Ol şeýle güýçli, ezber pälwan bolansoň, oňa garşy çykyp bilýän ýokdy. Onuň pälwançylyk tilsimleri mekdebimizde bedenterbiýe sapagynda-da öwredilerdi. Toý göreşlerinde garşydaşy bolmansoň, ilkinji baýrak oňa göreş tutulmazdan hormat bilen berilýärdi. Adanyň döredijiligi maňa hemişe Myrat Pälwany ýatladýa — diýip, joşup-joşup gürrüň berýä. Bu hakda ol kitapda-da ýazypdyr. Kitaby doly okap çykdym. Ada Gutlyň döredijiligi hakynda başga-da meşhur halypalar gowy zatlar aýdypdyrlar. Türkmenistanyň halk suratkeşi, nakgaş Şamuhammet Akmuhammedow:
«Türkmen halyçylyk sungatynda gadymdan gelýän keşpli ýoly Sosnin, Krylow ýaly haly suratkeşleri öz çeken portret halylary bilen ösdüripdiler. Emma Ada bu gadymy ýoly diňe bir rowaçlandyrmak bilen çäklenmedi, ol halyçylyk dünýäsinde täze bir ýol döretdi, täze bir altyn sahypany açdy. Adanyň döreden eserlerine syn edeniňde, hakykatdan hem olaryň örän üýtgeşik, özi hem, oňa mahsus bolan ajaýyp sungatdygyny görýärsiň. Bu täze ýola has içgin baha bermeli bolsa, bu ugur, dogrudan hem, şeýle bir täsin, edil döwrüň, zamananyň talaby boýunça döredilen ajaýyp sungat açyşy diýerdim.
Ada adamzadyň, Magtymguly atamyzyň: «Adam ogly bu dünýäge gelensoň, At bilen abraý alan ýagşydyr» diýen nurana ýörelgelerine eýerip, türkmen taryhyna, aýratynam, türkmen sungatynyň taryhyna ömürlik girmegi başardy» diýip aýdan bolsa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, teatr we kino režissýory Bilbil Mämmedow buýsanç bilen çykyş edip:
— Käbir dabaralarda çykyş etmeli diýilse, näme aýdarkam diýýän. Häzir bolsa, «çykyş etjekler kän, 2-3 minutdan artyk gürlemäň» diýýärler. Gürrüňimi nädip gysgaltjagymy bilemok. Sebäbi Ada hakynda aýtmaga gürrüň kän — diýdi. Ol kitapda:
— Ilkinji surata düşürmeli filmimiň üstünde işläp ýörkäm, suratkeşimiz işden çykdy ötägitdi. Indi kim bilen işleşmeli diýen mesele orta çykdy. Kinoda işleýän suratkeşleriň ählisi işli. Alada galdym. Çykgynsyz ýagdaýa düşenimi aňan dostum Öwezguly Gelenow ýanyma geldi-de: «Sen Adanam bir synap görsene, ol entek ýaş, ýöne erjel, eden işiniň kemini goýanok» — diýdi. Teklibi kabul etdim. Filmi surata düşüren döwrümizde men onuň uly yhlasyna göz ýetirdim. Ýekeje mysal: ol bir ýerlerden ýörite peç tapyp, laýdan ýasalan köşejikleri birkemsiz bişirip geldi. Munuň daşyndanam, duýgularyna salgylanyp, sesini çykarman kadry bezäp biläýjek zatlary özünden goşup, filmiň täsirliligini güýçlendirmekde uly ýardam etdi. Ähli ýerde filme tomaşa edenler Adanyň ýerine ýetiren işini aýratyn belläp geçýärler. Ilkinji kino işinden soň, ony birnäçe režissýorlar öz filmlerinde bile işleşmäge çagyrdylar. Onuň Güseýn Güseýnow bilen bilelikde «Ýandym» filminiň şekillendiriş çözgüdini tapmakda eden işleri guwanmaga, wasp etmäge mynasypdyr. Bularyň oýlap tapan käbir kadrlary nusgalykdyr — diýip gürrüň berýär welin, hakykatdanam filmdäki laýdan ýasalan köşejikler göz öňüme geldi. «Şekillendiriş sungatynyň ugurlary örän kän. Adaty suratkeşden, kino suratkeşinden, sahna suratkeşinden edilýän talap düýpgöter tapawutly. Ada Gutlyýew şu ugurlardan baş alyp çykmak bilen çäklenmeýän dörediji» diýip, Bilbil däde halypa hökmünde uly baha berdi. Halypalaryň Adanyň döredijiligine aýdýan öwgüli sözlerem dürli taraply. Türkmenistanyň halk suratkeşi, nakgaş Güseýn Güseýnow:
— Adanyň döredijiliginde hiç haçan gaýtalanmak keseli howp salanok. Onuň bilen gatnaşyp gelýän ýyllarym maňa ýene bir hakykata göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Ada öň has ýaş döwürleri öz daşyna deň-duşlaryny ýygnap bilmek ukybyna eýe bolan bolsa, häzirki kämillik döwründe ol öz töweregine dürli garaýyşdaky, dürli kärdäki adamlary toplamagy başarýar. Ol özüniň içki, ösen sazlaşygy bilen halyda dürli, dünýä derejeli çeper medeniýeti jemläp bilen bolsa, gündelik durmuşda hem dürli medeniýetdäki adamlary, iň oňat adamzat gatnaşyklaryny we gymmatlyklaryny, bir bitewilige birleşdirip, jemlemäge ukyplydyr» diýip ýazypdyr. Hakykatdanam onuň töweregine dürli kärdäki adamlary jemlemäge ukyplydygyna şahsy sergisinde-de göz ýetirdik. Dürli ýaşdaky, dürli ugurdan bilim alýan talyplar, lukmanlar, bagşy-sazandalar, mugallymlar… umuman tomaşaçy kändi. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýdymlaryny hemişe-de höwes bilen diňleýäs, ýöne sergide aýdan aýdymlarynyň owazy şu wagtam gulagymda ýaňlanyp dur. Ýüregiňi yzarlap barýan owaz bilen:
«Ýene gökde älemgoşar doguldy,
Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden
Ýene başym, başym aşak egildi.
Çyka bilmän ýatlamalaň astynda…» diýip, aýdýan aýdymy diňleýjileriň her birini ýatlamalar ummanyna atardy. Ajaýyp haly eserlerini baýramçylyk dabaralaryna ýetişdirmek üçin gije-gündiz işlän halyçylar hakydama geldi. Olaryň haly dokap oturan pursatlary bir-birleri bilen degişme aýdyp, aýdyma hiňlenip oturan keşpleri göz öňüme geldi. Şol wagtam Atageldi aganyň:
«Bir gün bag deý ýanyp-köýseň,
(Baky gelen barmy, eýsem?).
Abraýňy ataňa goýsaň,
Ogluňa atyňy goýsaň…» diýip, şeýlebir täsin duýgy bilen aýdýan aýdymy gaýtadan hakydamda ýaňlandy. «Dostlar-eý»… diýip gamgynlyk bilen ýaňlanýan owaza sesini goşup, ölmez-ýütmez eserleri bilen ýüreklerde ýaşaýan şahsyýetlerimiziň ruhy sergide aýlanyp ýören ýalydy. Sungatyň gör, nähili beýik güýji bar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň:
«Bugdaýa meýdany goýsaň,
Zemine asmany goýsaň,
Gurmadygňy goýsaň eger,
Deňi-duşuň dowam eder» diýip, aýdyşy ýaly nusgalyk ýol goýsaň nesiller dowam edip, ömrüňe bakylyk bagyşlaýar. Halypa-şägirt ýoly ata-baba gelýän ýörelgämiz. Häzirki döwürde bolsa, bu ýol rowaçlyklara beslendi. Ada Gutlyýewiňem ýeňil bolmadyk sungat ýolunda ýetişdiren şägirtleri az däl. Sergide olaryň döreden eserlerini-de synlamaga mümkinçilik döredildi. Esasanam suratkeşiň öz ogullarynyň kakasynyň kesbi-kärini dowam etmegi bu maşgala ojagynda sungatyň gaýnap joşýandygyny görkezýär. Şu ýerde okyjylary suratkeşiň terjimehaly bilenem gysgajyk tanyşdyraýyn.
Ada Gutlyýew 1964-nji ýylyň 18-nji martynda Gyzylarbat şäherinde doglan. 1971-1979-njy ýyllarda Gyzylarbat şäherindäki 26-njy demir ýol orta mekdebinde, şeýle hem 1975-1979-njy ýyllarda esasy okuwynyň gapdalyndan Gyzylarbat şäherindäki 4 ýyllyk çagalar çeperçilik mekdebinde-de okaýar. 1979-1983-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň nakgaşlyk bölüminde, 1983-1990-njy ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arhitektura we gurluşyk fakultetiniň arhitektura bölüminde okady. 1984-1986-njy ýyllarda harby gullukda boldy. Ol 1986-1990-njy ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okaýan döwründe Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynda sahna suratkeşi bolup işleýär. 1990-2000-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynda oýun goýujy suratkeş, Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kino studiýasynda kinofilmleriň baş suratkeşi bolup işledi. Şol döwürde ol ýurdumyzyň dürli teatrlarynda 20-ä golaý spektakly («Halas ediň!», «Däliler»…) uly göwrümli filmleriň 5-sini («Ýandym», «Ýaşlygymyň dessany», «Arçaly adam», «Ýylanly ada», «Serhet») we başga-da birnäçe gysga göwrümli filmleri goýmaga gatnaşdy. 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. 2004-2006-njy ýyllarda «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynda baş suratkeş wezipesinde işledi. 2006-2010-njy ýyllarda «Türkmenistanyň çeperçilik fondy» döredijilik-önümçilik birleşiginiň direktory. Häzirki wagtda erkin dörediji.
Ussat suratkeş 104 ýaşan garry atasy Ada Gutlynyň ýa-da il içinde atlandyrylyşy ýaly Ada mergeniň çowlugyna dakylan adydyr. Onuň kakasy Aşyrgeldi aga Gyzylarbat sebitinde çölde ýiten düýeleri eýelerine tapyp bermekde, hatda ýabany botlany üçin tagma basylman ulalan düýeleri hem soňra reňkine, keşbine, özüni alyp barşyna seredip, haýsy düýeden bolandygyny we olara kimleriň eýe çykmaga haklydygyny anyklap bermäge ezeli ukyply adam bolan. Suratkeş çagalykdan ejesi Nabat daýzanyň, garry enesi Agejäniň şeýle hem uýalarynyň dokma daragynyň sesini diňläp ösen. Onuň maşgalasy Bahar gelneje halyçy. Ogullary Didargeldi, Aşyrgeldi, gyzlary Mährijemal, Bagül hemmesi haly sungatyndan baş çykarýarlar. Suratkeşiň döredijiligine ser salanyňda onuň geçmiş taryhymyzdan gowy bilýändigine göz ýetirip bolýar. Onuň teleradio ýaýlymlardaky çykyşlaryny diňläniňde-de, gürrüňdeş bolanyňda-da aýdýan gürrüňleri diýseň täsirli. Gadymy türkmen halysy bolan pazyryk halysynyň gölleri hakynda ylmy derejede subut edip aýdýan gürrüňleri onuň juda kän okaýanlygyndan habar berýär. Mundan başga-da onuň döredijiligine degişli ýurdumyzyň meşhur adamlarynyň şeýle hem daşary ýurtly tanymal adamlaryň keşpleri çekilip dokalan halylar bar. Umuman, onuň döredijiligi hakynda aýdara zat kän. Onuň her bir eseriniň söhbedi bir kitap. Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýeneki işleriňizde hemişe rowaçlyklar hemra bolsun, Ada dogan!
Akgül Saparowa.