DÜNÝÄ

Rumyniýada Nowruz baýramy bellendi

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Hindistanyň, Turkiýanyň we Eýran Yslam Respublikalarynyň Ruminiýadaky ilçihanalary tarapyndan guralmagynda Halkara Nowruz baýramy bellenildi.

Nowruz baýramynyň ýokary derejede bellenilip geçilmegi üçin Türkmenistanyň Ruminiýadaky ilçihanasy ýokary taýýarlyk gördi. Baýramçylyk dabarasynda Nowruz belleýän döwletler aýdym-sazlary, falklor çykyşlary we gutlag sözleri bilen çykyş etdiler we milli tagamlaryny myhmanlara hödürlediler.

Dabaranyň dowamynda Ruminiýada okap bilim alýan türkmen talyplary milli küşt depdi tansyny uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Bu bolsa Nowruz baýramynyň has şowhunly geçmegine ýardam berdi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Kamboja saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistan Singapur we Kamboja ilçi belledi