ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gurbanjeren Meredowa: kino terjimeçiliginden başlanan tanyşlyk 

 Köplenç öten-geçen halypalar ýadyma düşýär. Olary ýakyndan gören, içgin tanaýan ýaşulular aramyzda barka täsirli gürrüňlerini ýazyp almaga howlugýan. Haçanda ýüzbe-ýüz söhbetdeşlige baranymda welin, «Aýatda bar wagtlary bularyň özleri hakynda-da ýazmaly» diýen pikir oýlandyrýar. Ömürleri uzak, janlary sag bolsunlar, ýöne ýetmişden geçen adamlar bolansoň, ýatkeşlikleri kütelmänkä ykballaryny, döredijiliklerini öz agyzlaryndan eşidip ýazylsa has anyk maglumatlar boljak. Şu pikir bilen ýakynda halypa Gurbanjeren Meredowanyň öýüne söhbetdeşlige bardyk. Ol kino sungatymyzyň terjimeçiligi bilen bagly sowal ýüze çyksa jaň üsti bilen maslahat soraýan halypalarymyň biri. Tejribeli mugallym bolansoň, islendik sowalyňa giňişleýin düşündirip jogap berýär. Henize çenli: «Elim degenok» diýip ýa-da başga bir sebäp bilen möhümimi bitirmän goýan ýeri ýok. Bilýän zadyny jomartlyk bilen öwredýär. Bir gezek gyssagly sowal ýüze çykdy welin, jaň etsem Bäherdende toýda eken. Aýdym-sazyň şowhuny bilen ses-üýn alşar ýaly däl. Şonda-da, «işläp otyrkaň ünsüň bölünmesin» diýip, toý mekanyndan daş çykyp düşündirdi. Gurbanjeren gelneje juda kiçi göwün zenan. Onuň bu häsiýeti belki, bile işleşen tanymal halypalaryndan alan göreldesidir, mümkin maşgala terbiýesinden gaýdýan edebidir… Ol:

— On iki doganyň biridim, häzir bir oglan, üç gyz dogan bolup galdyk. Kakam Oraz Döwletow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işledi. Özem 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan. Uruşdaka ilki öldi haty gelipdir, soňra-da birinji derejeli maýyp bolup dolanyp gelýär. 85 ýaşynda ýogaldy. Ömrüniň soňky ýyllarynda arkasyndan, aýaklarynyň başam barmagy bilen süýem barmagynyň arasyndan oskolok çykar durardy — diýip gürrüň berdi.

Gurbanjeren gelneje häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym bolup, «Aktýorçylyk ussatlygy we sahna dili kafedrasynda» talyplara dramaturgiýa hünärinden hem-de ssenariýa ussatlygy okuw dersinden sapak berýär.

— Öň şol kafedranyň «Drama režissýory» hünäriniň talyplaryna sahna bezegleriniň taryhy boýunça okuw sapagyny geçýärdim. Şol ugur boýunça ynha, şu kitabyň üstünde işläp ýörün — diýip, ol «Sungat bezegleri we sungat bezegleriniň taryhy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin taýýarlap ýören uly göwrümli okuw kitabyny öňümizde goýdy. Birdenem tolgunma bilen:

— Düýn ýan ýoldaşym Çaryýar Meredow bilen toý tutanymyza 50 ýyl boldy. 1974-nji ýylda durmuşa çykdym. Ýoldaşym neresse 1990-njy ýylda ýogaldy. Iki gyzymyz, bir oglumyz, sekiz sany agtygymyz bar. Perzentlerimiziň ählisi ýokary bilimli, dürli kärde işläp ýörler. Hudaýa şükür, ýöne onda-da ýeňil geçmedik durmuş ýolum ýadyma düşüp aglap otyrkam geläýdiňiz — diýip dymdy. Degşip oňa:

— Agşam düýşüme Çaryýar aga girdi. Gurbanjeren aglap oturmasyn, köşeşdirip gaýt— diýip tabşyransoň geldik, gelneje! Çaryýar aga arkaýyn ýatsyn. Indem joşup-joşup zähmet ýoluňyzda bitiren işleriňiz hakynda gürrüň berseňiz — diýip ýüzüne seretdim. Göz ýaşyny süpürişdirdi-de, ýylgyryp gürrüňini dowam etdi:

—  60 ýyla golaý zähmet ýolumda medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda işledim. 500-den gowrak filmiň redaktory, 50-den gowrak filmiň terjimeçisi boldum, 10-a golaý filmiň edebi esasyny ýazdym. «Merdana gyzlar» ady bilen ýazan ssenariýam boýunça kinorežissýor Oraz Orazow film surata düşürdi. Käte şeýlebir güýçli täsir edýän wakalar duşýar. Şol ssenariýany ýazmagyma-da käbir pursatlar sebäp boldy. Ilkinji gezek harby instituta okuwa girýän gyzlaryň türgenleşik pursatlaryny synladym. Tankyň aşagynda bagryny ýere berip süýşüp ýören türkmen gyzlarynyň merdanalygynyň şaýady boldum. Şeýlelik bilen harby gyzlaryň durmuşy bilen bagly kino eseri döredi — diýip gürrüň berdi. Onuň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Kino we teleradio» kafedrasynda-da on ýyla ýakyn işläp, talyplara alypbaryjylyk ussatlygy hem-de ssenariýa ussatlygy dersinden sapak berendiginden habarym bar. Sebäbi onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi bilen ýaşlar neşirinde işlän döwrüm gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Şonda-da bu barada gelnejäniň özüne sowal berdik. Ol buýsanç bilen: — Jahan Gurbanowa, Altyn Geldiýewa, Sona Halnepesowa, Resul Aýdogdyýew, Jemal Gurbanowa, Kerim Hallyýew…okadan talyplarym — diýip, olary öwgüli sözler bilen ýatlady. Teleýaýlymlardaky alyp barýan täsirli gepleşiklerine uly gyzyklanma bilen tomaşa edip ýöremsoň, olaryň her biri hakynda aýdylýan ýagşy  sözler hasam ýakymly boldy. Gelnejeden hut şu pursat edebi esasyny ýazan dokumental filmleriňiziň haýsy birini ilki ýatlarsyňyz? — diýip soradym.

— Balkan welaýatynyň Isgender obasynyň dag eteginde Aleksandr Makedonskiniň düşlän ýerinde ýerleşýän «Nazdöwlet» öwülýäsi bar. Çagasy bolmaýanlar zyýarata barýarlar. Nazdöwlet enäniňem perzendi bolmandyr. Onsoň ol garyndaşlaryndan ogullyk alypdyr. 20 ýyl töweregi mundan öň şol ýere iş sapary bilen bardyk hemem Nazdöwlet enäniň çowluk gelni bilen gürrüňdeş bolduk. Şo mahal ol 85 ýaşyndady. Özem gözleri batyl eken. Ana, şol zenan Nazdöwlet enäni görüpdir. Il sylagly zenan Nazdöwlet ene bir gün: «Mende perzent ýok» welin, nähili miras galdyrsamkam?— diýip, obalaryndaky uly kethudadan soraýar. Aksakally ýaşuly tesbisini sanap oturşyna: — «Sen edenli, elinden dür dökülýä» diýilýän zenanlardan. Nesillere dowamat miras galar ýaly üýtgeşik haly doka» diýipdir. Şondan soň ol dag tarapa gidip tebigy ösümlikleriň, dürli ot çöpleriň şekillerini guradyp alýar. Reňk ýasalyşyny öwrenýär. Diňe halynyň ýüplerini 13 ýylyň dowamynda taýýarlaýar. Soňra-da halyny ini bir metr, uzynlygyny 18 metr ölçegde ýüwürdip dokaýar. Halynyň her metrinde tebigat gözellikleri — daglaryň, guşlaryň ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň keşplerini şekillendirýär. Sünnälenip döredilen biri-birine meňzemeýän şekiller bar. Öýlerine baranymyzda: «Mundan 350 ýyl öň dokalan haly» diýip gürrüň berdiler. Häzir şol halynyň dokalanyna 400 ýyla golaý wagt geçen. Halynyň ady «Ak ýüp». Şol halyny dokan Nazdöwlet enäniň gowlugy Muhammediň beren lenta görnüşindäki surata düşürilen arhiw ýazgysy şahsy arhiwimde bar. Başga-da «Zenan zehininiň gudraty» atly dokumental filmiň edebi esasyny ýazdym. Şol filmiň režissýory Türkmenistanyň halk artisti Kakow Orazsähedow. «Jenneti şaý-sepler» atly dokumental filmi kinorežissýor Şyhmyrat Annamyradow bilen surata düşürdik. Şyhmyrat neresse bilen 20-den gowrak filmde işleşdik, birnäçe filmleriň redaktory boldum. Käbirleriniň ssenarisini ýazdym — diýdi. Nazar Alowow neressäň eseri esasynda «Şüňkar guşum, laçynym» hemem Şyhmyrat neresse bilen düşüren filmimiziň döredijilik topary Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy — diýdi.

Gurbanjeren gelneje bilen tanyşlygymyz kino terjimeçiligine degişli sowallar arkaly başlandy. Onuň bu ugurdan kän bilýändigini halypalar salgy berdiler. Bir gezek terjimeçi, dramaturg Hudaýberdi Bäşimowa jaň etdim. Ol:

— Ýan ýoldaşy Çaryýar Meredow bilen kinostudiýanyň «Dublýaž» bölüminde bile işlän Gurbanjeren Meredowa bardyr. Şol bizden ýaşyrak bolansoň ýatkeşligi ganymatdyr. Özem uly-uly halypalar bilen işleşdi. Tejribeli zenandyr — diýip taryplady. Şonda onuň bilen ýakyndan tanyşdyk. Ol 1948-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden şäherçesinde doglan. Üç ýaşyndaka olaryň maşgalasy Aşgabada göçüp gelýär. 1967-1972-nji ýyllar aralygynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde okaýar. 1970-nji ýylda entek talyp döwri okuwynyň daşyndan türkmen radiosynyň syýasy bölüminde işläp, syýasy gepleşikleri, medeniýet we durmuş bölüminde «Azatgül» atly radio žurnalyny hem-de «Güneş» almanahyny taýýarlap ýaýlyma berýär. 1970-nji ýyldan 1980-nji ýyla çenli radio komitetde alypbaryjy redaktor, soňra Türkmenistanyň kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň repertuar boýunça baş redaktory bolup işleýär. Bu ýerde işlän döwründe ol Türkmenistanyň kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Patyşaguly Rejebow, başlygyň orunbasary Ymamguly Rejebow, ikinji orunbasary Bossan Kulyýewa dagy bilen bile işläp, Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň ähli önümlerini kabul edip, olary resmileşdirmek işini alyp barýar.

Ol:

— Kinostudiýanyň «Dublýaž» bölüminde daşary ýurtlardan ýylyň dowamynda 50 sany çeper filmi, 150 sany dokumental hem-de ylmy populýar filmleri, çagalar üçin niýetlenen 50-den gowrak multfilmleri saýlap alyp, olary terjimeçilere hödürleýiş işlerini geçirýärdik. Ol filmleri kinostudiýanyň döredijilik topary bolup daşary ýurtlara gidip, döwre görä hem-de milliligimize kybap gelýän terbiýeçilik ähmiýetli filmleri saýlap atlaryny ýazyp, soňra-da ekranda doly gözden geçirip alyp gelýärdik. Moskwanyň eteginde ýerleşýän «Belaýa stolba» atly kinofabrikadan şol ýeriň önümi bolan bir filmiň kino lentada 4 görnüşini alyp gelmäge gatnaşdym. «Dublýaž» bölüminde işleýän režissýorlar tarapyndan saýlanyp alnan filmleriň ählisi resmileşdirilip, iş sapary bilen ençeme ýurtlarda bolduk. «Mosfilmden», «Lenfilmden», «Özbekfilmden», «Täjikfilmden», «Gazakfilmden» we başga-da birnäçe daşary döwletleriň döreden filmleriniň önümlerini 4 formada alnyp gelinýärdi. (Okyjylara düşnükli bolar ýaly düşündireýin). Mysal üçin: 2 seriýaly film 14 bölekden ybarat bolýar. Ony türkmen diline geçirmek üçin, hakyky öz ýurdumyzda surata düşürilen ýaly taýýarlamak üçin ses ýazgysyny 14 bölekde getirmeli. Kinonyň şekillerem 14 bölekden ybarat. Aýdym-saz ýazgysynyň hem hersi 14 bölekden ybarat bolmaly. Şolaryň kino lentalarda ýörite özleriniň belgileri bar. Belgiler esasynda her bir aktýoryň ýerine ýetiren şekilini (şahmat) küşt tagtasynyň görnüşinde çyzgylary çyzylyp,  atlary galyplaryň içine ýazylýar. Olaryň aýdýan sözlerini şoňa görä aýratynlykda ýazyp, kagyz ýüzüne geçirilýär. Ýöne bu zatlary edilmänkä ilki bilen filmiň edebi ýazgysyny türkmen diline çeperçilik bilen terjime etmeli. Aýdylýan her bir jümläni türkmen edebi dilinde, atalar sözi, nakyllar bilen baglanyşdyryp, edil «Türkmenfilmiň» önümi ýaly taýýarlap, aktýorlaryň ellerine bermeli. «Dublýaž» bölüminde  ömrüni kino sungatyna bagyşlan halypalar Hangeldi Agahanow, Annamuhammet Geldiýew, Ata Saryýew, Ýazgül Şamyradowa, Jemal Mämmedowa, Alty Garlyýewiň ogly Myrat Garlyýew, Gurbanmuhammet Rejebow hem-de ýan ýoldaşym Çaryýar Meredow dagy bilen bile işledik. Çaryýar Meredow ilki kinostudiýada režissýoryň kömekçisi boldy. Soňra «Dublýaž» bölüminiň dublýaž režissýory bolup ömrüniň ahyryna çenli işledi. Ol sanardan kän kinolary terjime etdi. Terjime eden kinolarynyň wideo ýazgylarynyň köpüsi şahsy arhiwinde bar — diýdi-de, ýene-de gamgyn halda dymdy. Soňra-da:

— Durmuşda gowy adamlar kän, ýöne käbir bolgusyz adamlaram duş gelýär. Çaryýar ýogalanda kiçi çagam ýedi ýaşyndady. Maşgalamy eklejek bolup gije-gündiz işleýärdim. Kärdeşlerimiň biri maňa her gün ýerliksiz azar berdi. Sesimi çykarman oturýardym. «Türkmen sährasy» atly eýran filmi bar, ýöne şol at bilen türkmen filmem bar. Bir gün ol şol filmdäki gahrymanyň sözlerini okady-da: «sinonimini tap» diýip azgyryldy. Onuň gödeklik bilen äsgermän durşuny görüp, halypa Annamuhammet Geldiýew durup bilmedi: «Gaýdyp Gurbanjerene ýerliksiz azar bereniňe gabat gelsem, bäş atarym dulumda asylgy durandyr» diýdi. Annamuhammet aga urşa gatnaşan ýaşuludy. Şondan soň ol maňa hiç hili azar bermedi. Durmuşda ýagşy sözem, ýaman sözem ýadyňdan çykanok. Aýal doganymyň adamsy her Täze ýyl baýramçylygynda öz çagalaryndan öňürti öýümize sowgatly gelip çagalarymy gutlap giderdi. Neresse ýogaldy welin uly gyzym başujuna geçip: «Kakam ýalydyň-a, daýy jan» diýip aglady welin, oturanlaň ählisi bozuldy — diýip ýatlady. Gelneje, şu gün saňa ne döw çaldy? Häzir Çaryýar aganyň özi gelýä — diýip, degişme bilen gürrüňini başga ýana sowduk. Ol «aglady-güldi» bolup gürrüňini dowam etdi:

— Her artistiň öz ses berýän belli-belli aktýory bolýar. Ata Alowow Oleg Tabakowa, Aman Baýramberdiýew Ýewgeniý Matweýewe, Hommat Müllük Wýaçeslaw Tihonowa, Akja Jumadurdyýewa Lýudmila Gurçenko, Oguljeren Işangulyýewa Natalýa Gunderowa, Gülnabat Aşyrowa hindi filmleriniň baş gahrymanlaryna ses bererdiler. Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe  geçmänkäm daşary ýurt filmleriniň edebi esaslaryny çeperleşdirip türkmen diline terjime edýärdim. Çagalar üçin niýetlenen «Ýerelaş» atly filmiň birnäçesini, «Saglyk» atly kino žurnalynyň hem-de «Kinohronika» atly dokumental filmleriň ençemesini türkmen diline terjime etdim. «Özbekfilmiň » önümi bolan iki seriýadan ybarat «Sarsgyn» (Şok) atly çeper filmi terjime edenim ýadymda.  «Ýaponfilmiň» önümi bolan «Rowaýat» atly çeper publisistik filmi terjime edenime 35 ýyl geçdi, emma bu filmdäki aýdylýan jümleler häzirem ýadymdan çykanok. Onda bir baý mülkdaryň ýeke ogly ençeme ýyllap hassa bolup ýatýar. Ol hassany hiç bir tebip, lukman sagaldyp bilmändir. Bir gün mülkdaryň çar bagly mellegine derwüş girýär-de, akyp duran çeşme suwundan alyp, el ýaly çörek iýip otyrka üstünden mülkdar gelýär. Oba adamlaryna akar suwdan peýdalanmaga ygtyýar bermeýän mülkdar derwüşe gözi düşenden oňa haýbat atyp gygyryp başlaýar. Emma onuň gygyryp durşuna parhsyz garap oturan derwüş ümsüm çöregini iýip otyr eken. Mülkdar onuň bolşuna gahary gelip, atdan düşüp ýanyna barýar. Derwüşiň öňünde oturyp gözlerine seredýär. Derwüş oňa ýuwaşlyk bilen: «Seniň mülk bilen, baýlyk bilen näme işiň bar? Bu aladadan başga has agyr, güýçli aladaň bar ahyry» diýip pyşyrdaýar. Mülkdar çöke düşüp oturýarda: «Sen ony nireden bilýäň?» diýip soraýar. Derwüş: «Seň öýüňde agyr hassa bar, şoň aladasyny et. Ol bolmasa seň bu mülküň kime derkar?» diýýär. Mülkdar: «Sen hakykatdanam üýtgeşik adam ýaly-la» diýip geň galýar. «Hawa».

Mülkdar: «Ençeme ýyllap ýany ýerden galman ýatan ýeke perzendim bar. Oňa dünýäň dürli ýerlerinden lukmanlar, tebipler getirdim. Emma peýdasyny tapmadym. Egerde sen meniň şol hassa oglumy galdyryp bilseň, mülkümiň ýaryndan köpüsini saňa bagyşlajak» diýýär. Derwüş ysgynsyzja ýylgyrýar-da: «Hany synanyşyp bir göreýin» diýýär.

Mülkdar derwüşi öýüne alyp barýar. Derwüş onuň öýüne baryp görse reňki saralyp, süllerip ýatan ýigidi görýär. Hassany ýakynynda oturyp synlaýar. Soňra-da mülkdara garap: «Gapyňyzda öküziňiz barmy?» diýip soraýar. «Elbetde bar»diýip mülkdar jogap berýär. Derwüş derrew öküzi soýduryp getirdýär. Ol öküziň etini süňkünden gyryp aýyrýarda, ap-ak süňklerini uly gazana saldyrýar. Gazanyň içini bolsa mellekde akyp ýatan çeşme suwundan doldurdýar-da, uzakly gün gaýnatmalydygyny tabşyrýar. Taýýar bolan şol gaýnatmadan günde 2 wagtyna, käte 3 wagtyna ullakan käsäni dolduryp hassa içirýär. Hassanyň gün-günden reňki düzelip, haly gowulanyp, ýüzi nurlanýar. Ol mazaly sagalyp, awa şikara çykmaga hyýallanýar. Mülkdar bolsa äht eden sözünde durup, derwüşe baýlygynyň ýarysyndan köpüsini bagyş edýär. Derwüş baýlygyň hemmesini oba adamlaryna paýlaýar-da, obasynyň bagy-bossanlyga bürenmegine goltgy berýär.

Rowaýatyň üsti bilen gürrüň berilýän tebipçilikden — elin malyň süňkünden taýýarlanýan gaýnatmanyň adam janyna şypa, gurbat berýändigine göz ýetirip bolýar. Terjime eden bu rowaýatymdaky emi durmuşymda kän ulandym hem-de şunuň ýaly terjimeleriň ençemesini türkmen diline geçirdim. Terjime eden çeper, dokumental hem-de multfilmlerimden  «Jana-janym» (Duşa moýa) atly hindi çeper filmi, «Iki ýüregiň rowaýaty» (Poema dwuh serdes) atly özbek filmini, «Mosfilmiň» önümi bolan «Älemgoşar» (Raduga) atly fimi we başga-da kän filmleriň wideo ýazgylaryny öý arhiwimde saklaýaryn.

— Bagyşlaň, gelneje! Sözüňizi bölýän, kino sungatynyň ägirtleri hakyndaky ýatlamalaryňyzy diňlemek diýseň gyzykly hemem kän zatlary öwrenip bolýar.

— Şu ýerde düşündiriş bereýin, onsoň gürrüňimizi dowam edäýeli. (Ozal «Dublýaž»  studiýasy diýlip atlandyrylýardy, soňra «Dublýaž» bölümi boldy). «Dublýaž» studiýasy mährem ojakdy. Teatp artistleriniň ählisi diýen ýaly şol ojakdan çörek iýdiler. Özlerem bir-birlerine sarpa goýýan adamlardy. Giçlik işden çykansoňlar teatrdan göni «Dublýaž» studiýa gelerdiler. Gije sagat 3-e, 4-e çenli kino ses bererdiler. Bir gezek Ata Alow Baba Annanowa: «Baba, sowadyjyň golaýynda dälmi sen?» diýip jaň edýär. Az salymdan Baba Annan iki torba edip iýmek-içmek getirdi, ýöne çörek almagy unudypdyr. Akja daýza mydama ýanynda çörek göterensoň bilýärdiler. Ýerli-ýerden: «Zyýany ýok, çörek Akja ejemiziň goş torbasynda-da bardyr» diýişdiler. Onuň nahar salýan torbasyny görseler ýarty çörek bar eken. Deňje bölüşip iýdiler. Ýoldaşym režissýordy. Ol  ýuwaşlyk bilen: «Öýe barda tizräk senem bir zatlar alyp gel» diýdi. Köplenç öýde gowurdak bolardy. Derrew gowurdakly batyrma taýýarlap eltdim. «Jeren, ömrüň uzak bolsun! Janyň sag bolsun!» diýşip uly şowhun boldular. Öýümiz sdudiýa golaý bolansoň, ýoldaşym köplenç olary öýe-de alyp gelerdi. Annamyrat Berdiýew, Hommat Müllük, Muhammet Çerkezow dagy öýe gelerdiler. Şol günler ömürlikdir öýdüpdiris. Ýadygärlik üçin ýazgy edip alyp galmaly ekenim. Aşyrberdi Kürt bir gijede iki bölümli kinofilmiň terjimesini taýýarlap getirip bilýärdi. 1984-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet kinematografiýa komitetinden Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kino studiýasynyň «Dublýaž» bölümine alyp baryjy redaktor bolup işe geçdim. 1941-1945-nji ýyllardaky Ýeňşiň 40 ýyllygy mynasybetli gysga wagtda «Ýeňiş» atly 4 seriýaly çeper kino epopeýa terjime edilip ýurdumyzyň etraplarynyň kino nokatlaryna iberildi. Bu filmiň terjimesini Bagşy Jürmenek, Annaly Berdiýew, Aşyrberdi Kürt, Täçmämmet Jürdekow başga-da ussat terjimeçiler bilelikde ýerine ýetirdiler. Filmdäki beýik şahsyýetleriň  keşplerini döreden artistlere tanymal türkmen artistlerimiz Ata Alowow, Annamyrat Berdiýew, Aman Baýramberdiýew, Hommat Müllük, Annamyrat Saparmuhammedow, Berdi Aşyrow, Bibi Welmyradowa, Akja Jumadurdyýewa dagy «Türkmenfilmiň» önümi ýaly şol keşpleri döredip, hereketleri ýaly ses berdiler. Bu filmiň 2 seriýasynyň redaktory boldum. «Woznisenskaýa» atly ermeni çeper filmini türkmen diline terjime etdim. Şonda uruş döwründen öň 1937-nji ýyllar bilen bagly «Woznisenskaýa» atly bir obada bolan waka gürrüň berilýär. Bu çeper film ses bermezden öňürti ekranda tomaşa etmäge gelen artistleriň, režissýorlaryň, terjimeçileriň kalbyny lerzana getirýär. Wakasy diýseň täsirli beýan edilen eserdi. Filmi terjime edenimde edebi sözlüklerden, çeper eserlerden peýdalanyp, örän köp yhlas etdim.Türkmene mahsus bolan milli edebi sözlerimizi ýerlikli ulandym. Işimde-de, durmuşymda-da halypalaryň mekdebi uly sapak boldy. Zehinli, biri-birinden sowatly ussatlar bilen bile işlemek uly bagt. Hangeldi Agahanow «Horaz» atly çeper filmi surata düşürdi. Ol «Türkmenfilmiň» önümleri bolan birnäçe filmleri iňlis diline terjime etdi. Hangeldi aga rus, iňlis, grek, nemes dillerini, esasan-da türkmen edebi dilini diýseň gowy bilýärdi. Onuň aýaly grek milletindendi. Olaryň sowatly, ýokary bilimli üç perzentleri bar. Gyzy Žanna Agahanowa lukman. Hangeldi aganyň üç äýnegi üst-üstüne dakynyp işläp oturan keşbi göz öňümden gidenok. Ata Saryýew ökde terjimeçidi hem gürrüň bermäge ökdedi.

1992 ýa-da 1993-nji ýylda döredijilik toparymyzdan Artyk Jallyýew, Aman Baýramberdiýew, Myrat Garlyýew dagy dramaturg Aşyr Mämiliýewiň ýolbaşçylygynda EýranYslam Respublikasyna iş sapary bilen gitdiler. Ol ýerden «Türkmen sährasy» atly çeper filmi türkmen diline geçirmek üçin alyp geldiler. Bu filmi Gurbanmuhammet Rejebow terjime etdi. Gurbanmuhammet Rejebow hem kino terjimeçiliginde köp iş bitiren halypalaryň biri. Uruşdan öňem, soňam kinorežissýor bolan Annamuhammet Geldiýew barada Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda dokumental film surata düşürilipdi. Şol filmiň kino ssenariýasyny Gurbanmuhammet Rejebow ýazdy.

— Ýanyňyza söhbetdeşlige gaýtjagymy gürrüň berenimde halypa ýazyjy Çary Geldimyradow: «Gurbanjeren şahyr bolmaly. Gyzka Döwletowady, ýaş wagtlary metbugatda goşgulary çap bolýardy» diýdi.

 —Hawa, dogry şol. 1972-nji ýylda Özbegistanda Bütinsoýuz ýaş ýazyjy-şahyrlaryň festiwaly geçirildi. Festiwala Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzdan şahyr Orazguly Annaýew ikimiz gatnaşdyk. Şol ýerde-de festiwalyň alyp baryjylary Andreý Matweewiň terjime etmeginde Moskwanyň «Ýunost» žurnalynda :

«Gündogar gyzy men dünýä inemde,

Doglan ekenim çogly gün bolup» diýip, başlaýan goşgym hem-de Oleg Zolotarýowyň terjime etmeginde «Molodaýa gwardiýa» žurnalynyň sahypasynda:  «Ejem hakda», «Deňziň kenarynda oýlanma», «Ýeňiş hakda» atly goşgularym çap boldy — diýip gürrüň berdi. Gelnejäniň täsirli ýatlamalary diýseň kän eken. Ähli gürrüňlerini bir oturşymyza diňlemek mümkin däl. Şonuň üçin ony Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy bilen gutlap hoşlaşdyk.                                               

Akgül Saparowa.

 

 

 

Ýene-de okaň

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar