BILIM

Türkmenistanyň milli rekordyny gazanan okuwçylary sergä gatnaşdylar

2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy amaly maslahat we köpugurly sergi geçirildi. Şol geçirilen sergä Türkmenistanyň Anzan neýro arifmetika ugry boýunça hasaba alynan ilkinji milli rekordynyň eýesi Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7 synp okuwçysy Liwanur Berdiýewa we Türkmenistanyň Anzan neýro arifmetika ugry boýunça üç görnüşde 2023 ýylyň milli rekordynyň eýesi Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 7 synp okuwçysy Ogulmaral Altyýewa dagylar gatnaşyp öz gazanan üstünliklerini sergilediler.

Rekord gazanan okuwçylara Halkara MEMORIAD bütündünýä zehin sportlary federasiýasy tarapyndan tassyklaýjy sertifikatlar gowşurylan.

Türkmenistanyň milli rekordyna mynasyp okuwçylary KÄMIL SCIENCE okuw merkeziniň Anzan neýro arifmetika (Anzan Neuro Arithmetic) dersiniň mugallymy, utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedow taýýarlady.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar