JEMGYÝET

2024-nji ýylyň ilkinji “El-Klasiko” duşuşygy

Ispaniýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “Barselona” topary “Osasuna” toparyny 2:0 hasabynda utup, finala çykdy.

14-nji ýanwar ýekşenbe güni gije 24:00-da başlaýan duşuşykda “El-Klasiko” – “Real Madrid” bilen “Barselona” duşuşar.

14 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazanan “Barselona” topary geçen ýyl finalda ýene-de “Real Madrid” toparyny 3:1 hasabynda utupdy.

Ispaniýanyň şa kluby “Real” 12 gezek ýurduň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.

Ispaniýanyň Superkubogynyň düzgüni 2020-nji ýylda üýtgedildi. Adatça, bu kubok üçin ýurduň çempiony bilen Şa kubogyny gazanan toparlaryň arasynda geçirilýärdi.

Ýöne täze düzgüne görä, bu ýaryşa 4 topar gatnaşdyrylýar. Olar Ispaniýanyň çempionatynyň çempiony, çempionatda ikinji orny eýelän topar hem-de Şa kubogynyň finalynda oýnan toparlardyr.

Gazanylan ylalaşyga görä, Superkubok ýaryşyna gatnaşan “Barsleona” we “Real Madrid” toparlaryna 2.8 million ýewro, “Atletiko Madrid” toparyna 1.7 million ýewro, “Osasuna” toparyna 750 müň ýewro tölendi.

Şeýle hem finala çykan toparlara goşmaça 1 million ýewro, kubogy gazanan topara bolsa, 2 million ýewro göçmaça töleg tölenýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy