Bir gün öýde çaý içip otyrdyk. Agam Aşyrberdi Kürt: «Birden men ýurdumy täzeläýsem, arhiwimi şu ikisi öwrensin» diýip, bölek kagyzy uzatdy. Ýüzüne seredip aňalyp durşuma, kagyza elimi ýetirdim. Ol: «Şu mahal ugratjak bolup durma, entek galaba kişiniň ýedi aşyny iýmän gidesim ýok» diýip güldi. Onsoň bir, ynjalyp kagyzdaky ýazgyny okadym. Iki kişiniň ady ýazylgy eken. Biriniň ady Öwez Gündogdyýewdi, beýleki biriniň ady welin, häzir hiç ýadyma düşenok. Eger ýadyma düşäýende-de, Öwez Gündogdyýew neresse-hä aýatda ýok. Beýleki biri belki, aramyzda ýaşap ýörendir, bilmedim. «Öliň sargydy özi bilen gidermiş» diýleni boldy — diýip, indi şol haty tapamok welin, özümi bergili ýaly duýýan. Onsoň agamyň arhiw ýazgylaryny öwrenip, başardygymdan käbir zatlar hakynda ýazan bolýan.
Şahsy arhiwimdäki agamdan galan albomda ol bir topar ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryna ýazan synlaryny metbugat sahypalaryndan gyrkyp alyp ýelimläp goýupdyr. Şol ýazgylaryň arasynda onuň edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyňam «Andalyp hem Oguznamaçylyk däbi» atly kitabyna «Ýaş kommunist» gazetiniň 1987-nji ýylyň 23-nji iýul sanynda «Höwri köp bol-a» diýip ýazan syny bar eken. Makalanyň girişi uzagrak bolany üçin, gysgarak göçürip aldym. «…Setirim ýa-da sahypam köp bolsun diýen pikir mende asla ýok. Meniň maksadym — başga.
Ine, sen — türkmen. Öz halkyň aslynyň nirelerden gaýdýandygyny bilýäňmi? Külli türkmenleriň gönezlikbaşysynyň kim ekenligini bilýäňmi? Olaryň gönezligini atan adamyň ady ýaňky sitatada bardyr öýdýäňmi? Bar — Mode. Hytaýyň ýazuwly çeşmelerinde Oguzhanyň ady Mode diýen söz bilen berilýär. Gadymy hytaý dilinde ol — beýik han diýen manyny aňladýar. Eger şu günler her bir öňýeten türkmeniň ýakasyndan tutup: «Oguzhan kim bolupdyr?» diýip sorasaň, emelli-başly jogap berip biläýjegine duşaýmak gaty kyndyr. Aňyrsyny bilmeýän adam ýatasuw ýalydyr.Ýata suwuňam zyýany peýdasyndan köpdür. Diňe aňyrsyny, öz halkynyň geçmişini bilýän, öz halkynyň geçmişine guwanmagy başarýan adam biziň şu günki günümiziň has eşretli bolmagy üçin, ertirki günümiziň has bagtly bolmagy üçin yhlasly zähmet çekip biler, onuň tutan işi rowaç tapar. Adam öz emer-damaryny bilmelidir.
Ine, şu çaklaňrak kitap hem türkmen iliniň uzak geçmişinden, Oguzhanyň zamanyndan söz açýar. Biziň aslymyzyň gözbaşyny arçamakda alym hem ýazyjy Ahmet Bekmyradowyň «Andalyp hem Oguznamaçylyk däbi» diýen kitaby bize onuň ilkinji sowgady däldir. Gazet-žurnallary okaýan okyjy onuň biçak wajyp taryhy we edebi problemalara bagyşlanan düýpli makalalaryny okap görendir. Bagdatda Harun ar — Reşidiň köşgünde şo zamanda küşt dünýäsini baglan haýbatly köşk oýunçysyny gambitde ýatyran as-Suly diýen türkmene bagyşlap çykaran «Sadrançnamasyny» dükanlardan indi asla tapyp bolanok. «Sadrançnamadan» soň «Andalyp hem Oguznamaçylyk däbi» awtoryň adyny bir gez ýokary göterjek işleriň biridir.
Ahmet Bekmyradow öz ylmy we ylmy-populýar işlerinde batyrgaý çaklamalary öňe sürmek bilen beýlekilerden tapawutlanýar, ýörelmedik ýollardan gadam basmagy başarýar. Häli şindi diýen ýaly çap bolup çykýan işleri awtoryň şu ugurda baş galdyrman, yhlas bilen hereket edýändigine güwä geçýär. Geljekde hem ol türkmen okyjylaryny täze-täze ylmy-barlaglar bilen begendirip durar diýip umyt edýäris. Zehiniň daş ýarsyn, diýilýän alkyşa mynasyp alymyň işi rowaç tapsyn, üstünlik oňa mydama ýar bolsun.»
Albomdaky şol ýazgynyň ýanynda alymyň «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» atly kitaby hemem haýsy gazetde çap bolandygyny bilemok onuň «Depderler içinde bir kitap gördüm» 6.4.90, «Nowaýynyň «guş diline» Pyragynyň düşünişi» 30.6.89, şeýle hem «Ýaş kommunist» gazetiniň 1983-nji ýylyň 24-nji maý sanynda çap bolan «Düzdügim destanym galdy…» atly makalasy, onsoňam ýazyjy Osman Ödäýewiň şol gazetiň 1992-nji ýylyň 13-nji awgust sanynda çap bolan «Türkmenleri kim açypdyr» atly makalasy aýratyn kagyz bukjada jemlenip goýlupdyr. Bu ýazgylara her gezek gözüm düşende elime alyp okamaga niýetlenýän, ýöne «ylmy derejedäki düýpli ýazylan taryhy makalalary okanyň bilen, oňa düşünmek üçin ýeterlik sowadyň bolmaly ahyry» diýip alan ýerimde goýup oňýan, ýöne barybir özümi birahat duýýan. Agam pahyr bulary näme üçin ýygnap goýduka, belki, ol bir zatlar ýazjak bolup ýetişmän gidendir… Göwnüme «bular irde-giçde ýatlanmaly şahsyýetlerdir» diýip, meniň üçin goýlup gidilen ýaly — oýlanýan. Eger olaryň arasynda ýüzbe-ýüz gören adamlam bolsa-ha, onda derrew olar hakda ýazmaga girişýän. Onda azda-kände ýazmak kynam däl, ýöne bir gezek ýüzbe-ýüz görmedik, onuň döredijiligi hakynda gyzyklanmadyk adamlaryň hakynda ýazmak welin gaty kyn. Ahmet Bekmyradowam ýüzbe-ýüz görmedim. Diňe ony uly işler bitiren alym hökmünde gaýybana tanaýan. Dogrymy aýdaýyn, onuň henize çenli makalalaryny doly okadym diýsemem ýalançy. «Sadrançnama», «Göroglynyň yzlary», «Edebi miras — ebedi miras» atly kitaplarynyň bardygyndan habarym bar. Emma onuň metbugat sahypalarynda çap bolan makalalarynyň, ýa-da kitaplarynyň diňe sözbaşysyny okanam bolsam, ol uly alym hökmünde kalbymda ýaşaýar. Oňa uzak ýaşan ýaşuly alymlaryň biridir öýdýärdim.
Bir mahal halypa şahyr Baýram Jütdiýewiň 1985-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Akaba» atly publisistik makalalarynyň, edebi bellikleriniň ýygyndysy jemlenen kitabyny okapdym. Şol kitaba Ahmet Bekmyradowyň onuň bilen «Durmuş poeziýasy — ýaşlar poeziýasy» atly «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynda taýýarlan çaý başynda guralan gürrüňi bar. Şondan käbir sowallary mysal hökmünde aldym.
Ahmet Bekmyradow: — Poeziýamyzyň soňky on-on bäş ýylda gazanan üstünlikleri barada oýlansaň, ilkinji nobatda, şol ýyllaryň özüniň orta çykaran şahyrlarynda nazaryň eglenýär. Sebäbi öň poeziýanyň keşigini çekip gelýän halypa şahyrlaryň Kerim Gurbannepesowdyr Mämmet Seýidowdan özgesi proza ýüzlenip, şygry ikinji derejede goýup başlady. (Ýöne bu pikirime Berdinazar Hudaýnazarowy goşup biljek däl. Ol bir elde iki garpyzy tutmagy başardy.) Şoňa görä-de, meniň pikirimçe, poeziýanyň esasy keşigi Halyl Kulyýewdir Gurbannazar Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewdir Kakabaý Ylýasowyň, Baýram Jütdiýewdir Italmaz Nuryýewiň boýnuna düşdi. Edebi tankyt bu şahyrlary poeziýamyzyň täze nesli hökmünde ykrar etdi. Eger şol ýyllaryň poeziýasy bir zat gazanan bolsa, ösen ýa-da tapan bolsa, ony şularsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ine, şu jähetden edebiýatçylaryň birentegi mundan esli ýyl ozal poeziýanyň baýdagyny ýaşlaryň göterip barýandygy hakdaky pikirleri orta atanlarynda, olary mamla hasapladyk. Aýdaly, şeýle bolsa, ýetmişinji ýyllaryň ýaşlar poeziýasynyň ýagdaýy niçik? Olar şygrymyza nämeler getirdi? Olaryň hem şahyrana nesli kemala gelýärmi? Olar hem poeziýanyň baýdakçysy bolmaga çalyşýarmy? Şu sowalyň üstünde oýlanaýsak kem dälmikä diýýärin. Sebäbi şeýle sowaly orta atmaga wagt ýetdi. Indi biz ýetmişinji ýyllaryň aýaklarynda ýaşaýarys ahyryn.
Baýram Jütdiýew: — Ahmet, siziň munyňyz bir sowal däl-de, goşgular toplumy diýlişi ýaly, sowallar toplumy. Şonuň üçinem, eger razy bolsaňyz, ony böleklere bölmeli bolýarys — diýip, halypa şahyr onuň her sowalyna aýry-aýrylykda jogap berýär. (Ony dolulygyna kitapdan okarsyňyz.) Ine, ýene bir sowal.
Ahmet Bekmyradow: — Men ýaş şahyrlaryň köpüsinden bir zatda nägile. Ol hem rifma meselesi.Ýaşlaryň köpüsi gowy pikirler tapýarlaram. Şol pikirleriň duýga eýlenişi-de hiç neneň däl.Ýöne şol pikir-duýgy köplenç boşaşa formasyna salynýar.Ýaş şahyrlaryň birentegi şu formadan başga şygyr bendi bardyram öýdenok. Bu ýerde forma diýlende diňe bir rifmalaşmak törüni göz öňünde tutmaly däl, oňa giň manyda düşünmek gerek. Çyn şahyryň poeziýasy özüniň formasy boýunça-da beýlekilerden parhlanmalydyr. Mysal üçin, Gara Seýitliýew bilen Kerim Gurbannepesowyň döredijiligini alyp göreliň. Olaryň poeziýasy, formasy boýunça bütewiligne alanyňda-da biri-birinden tapawutly. Olaryň hersiniň özboluşly formasy bar. Şol forma özboluşlylygy hem ilkinji nobatda intonasiýada ritmiki sintaktiki gurluşda, rifmalaryň işledilişinde ýüze çykýar. Näme üçindir ýaş şahyrlar şu meselä üns berenoklar. Dogry, bu babatda, Nobatguly Rejebowyň, Gurbannyýaz Daşgynowyň, Amandurdy Annadurdyýewiň, Kömek Kulyýewiň, Mämmetnazar Babanazarowyň geçiren synaglaryny inkär etmek bolmaz. Emma, umumylygyny alanyňda welin, ýaşlaryň forma gözlegleri hä diýdiriberenok»…
Ahmet Bekmyradowyň uly şahyra şeýle oýlandyryjy sowallary berip, ýaşlaryň döredijiligi hakynda aladalanyşyny görüp, oňa Baýram agadanam has uly ýaşdadyr öýdüp ýördüm.
Bir gün iş otagymyza goňşy redaksiýada işleýän kärdeşimiz «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» Döwrangeldi Agalyýew geldi. Ol özara gürrüňdeşlikde şu pursady ýatlady: «1990-njy ýylyň 13-nji awgustydy. Ir bilen işe geldim. «Ýaş kommunist» gazetiniň jogapkär kätibidim. Hepdäniň duşenbe güni bolansoň hysyrdymyz ýetikdi. Otagdaş kärdeşim Rejep Pirjanow bilen sişenbede çykmaly gazetiň sahypalaryna göz aýlaýardyk. Görsek 4-nji sahypanyň iň soňky sütüninde ýerleşdirilen gysgajyk täsin habarlarymyz goýan ýerimizi doldurmandyr. Ýene-de on-on bäş setirlik täsinje habar tapyp, terjime etmeli boljak. Bu işi alyp barýan işgärimizem terjimeçi Aşyrberdi Kürtdi. Olam entek işe gelmändir. Şonda Rejep degşip:
— Häk, ylaýjak nekrologyň ýeri-dä. Hemişeler-ä olary ýerleşdirip bilmän dert-azara galardyk, bu gün welin ýekejesiniňem ýokdugyny…— diýdi.
Ol sözüni soňlap-soňlamanka gapy çalaja açylyp, ýazyjy Kömek Kulyýewiň ýüzi göründi:
— Döwran, bir minut daş çyksana! Dessine daş çykdym. Ol gamgyn halda salamlaşdy-da:
—Ahmet bolmandyr…
— Näme?!. Garaşylmadyk habar «Wäh» diýlen ýaly boldy. Birhaýukdan özümi dürsäp iş otagyma girdim. Rejep bolmasyz bir işiň bolanyny ýüzümden aňdy.
— Näm boldy? — diýip sorady. Uludan dem aldymda:
— Boş ýeriňe nekrolog tapylaýdy öýdýän, Ahmet aga bolmandyr.
Beýle habara garaşmadyk Rejep özüni lampa oturgyja göýberdi…
Ahmet aga pahyry obasyna äkitdik. Ýedisini sowup öýüme geldim. Ýas ýeriniň täsirinden çykyp bilmän otyrdym. Garaňky gatlyşar uçurlary gapym kakyldy. Görsem işikde Rejep dur. Öýe gir diýsemem bogazy dolup, daş çykaýsana diýdi. Şonda Rejep şeýle bir aglady.Ýönebir, dil ugruna degşip aýdan şol gürrüňi üçin özüni günäkär ýaly duýdy. Ýogsa ol Ahmet agany diýseň gowy görýärdi. Rejep:
— Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýardym. Talyp wagtym «Edebiýat we sungat» gazetine makala eltdim. Aradan bir hepde ýaly wagt geçdi. Bir gün bile okaýan dostum: «Seni idäp Ahmet Bekmyradow gelip gitdi. «Ertir iş ýerime — Ylymlar akademiýasyna barsyn» diýdi — diýip aýtdy. Uly iňkise gitdim. Heniz bir gezegem duşuşyp görmedik, ýöne gazet-žurnallarda çykýan makalalarynyň ýekejesinem sypdyrman okaýan alymymyň näme üçin meni idäp gelendigine hiç düşünip bilmedim. Ertesi aýdylan wagty iş ýerine bardym. Howlukmaçlyk bilen basgançakdan ýokary galyp barýan orta boýly adama gabat geldim-de:
— Ahmet Bekmyradowy nireden tapsa bolarka? — diýip soradym. Ol:
— Sen Rejep Pirjanowmy? — diýip sowal berdi.
— Hawa.
— Onda yzyma düş — diýdi-de, yzyna öwrüldi. Gaty-gaty ýöräp barýar, menem ýany bilen ylgaşlap ýöräp barýan. Ol taksi saklady. Münüşine-de sürüjä ýol nyrhyny töledi-de: — Meni «metbugat öýüne» okla, gardaş — diýdi. Çekinjeňlik bilen ýol kireýi özüm tölärdim-dä — diýdim. Ol:
— Ýaşuly barka, ýaşkiçi oturar, inijik — diýdi.
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, barmaly ýerimiziň bäş ýüz metr çemesi bäri ýanyndaky çatrygyň ýolyşygy işlänok eken. Çatrykda ulaglar hyryn-dykyn bolupdyr. Ahmet aganyň garaşmaga çydamy ýok eken. Ol maňa «ýör» diýdi-de taksiden böküp düşdi. Pyýadalap ýöräp ugradyk. Barşymyza «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň iş otagyna eltdi.
— Şu oglanyň makalasyny redkollegiýa agzasy hökmünde okadym. Göwnüm ýetensoň, awtoryň özünem siziň bilen tanyşdyraýyn diýip getirdim. Gaýrat ediň-de, makalasyny köp eglemän çap edeweriň, akga! Öňde-soňda ýaltalyk etmese, şu oglandan bir zat çykjak — diýip uly ynam bildirdi. Ahmet aga maňa kandidatlyk işimi goramakda tema saýlap berip, ylmy ýolbaşçym boldy. Onuň ynamyny ödäp, kandidatlyk işimi goradym, ýöne arman bu üstünligimi halypama görmek miýesser etmedi-dä — diýip gynanýardy. Rejep Pirjanam gowy ýazyjylaň biri-di, ýöne o neressede ir gitdi — diýip gürrüň berdi. Şonda Döwran aganyň Ahmet Bekmyradow bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny bildim. Şonuň üçin ýakynda oňa jaň edip, alymyň çagalary Güljanyň hemem Seýdiniň telefon belgisini alyp olar bilen jaňlaşdym. Güljan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit-gaz fakultetiniň «Diller» kafedrasynyň «Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti dersinden mugallym, Seýdi «Türkmennebitönümleriniň» ýaşaýyş jemagat hojalyk kärhanasynyň müdiri eken. Ilki bilen bir zady aýratyn belläsim gelýär. Saglyk-amanlyk soraşyp, kakaňyz hakynda bir zatlar ýazjak bolýan welin, nähili ýatlamalaryňyz bar? — diýenimden: — Kakam jany ýatlap jaň edeniňiz üçin, Alla ýalkasyn! — diýip alkyşladylar welin, ikisiniňem her bir sözi mähir-söýgüden ýasalan ýaly, diýseň terbiýeli eken. Güljan:
— Kakam dünýeden gaýdanda 14 ýaşymdadym. Şo mahal dynç alşa çykyp oba gidipdim. Gije uklap ýatyryn welin, daňa golaý düýşümde kakam ýogaldy. Hopugyp oýandym. Öz-özüm karar tapyp bilemok. Sagat on-on bir töweregi boldy welin: «Kakaň ýaranok» diýip öýümize alyp gaýtdylar. Gelsek eýýäm kakam ýogalypdyr. Düýş görüp oýanan wagtym jan beren eken.
Ejem-kakam bir-birleri bilen şeýle gowy görüşýärdiler. Gowy görüşleri ýalam yzly-yzyna tirkeşip gitdiler. Ejem pahyr ýogalansoň, kakam ejemiň ornuny tutjak bolup jan çekdi. Özem nahar bişirmäge ökdedi. Jigim ikimiziň göwnümizi görjek bolup, küýsän naharlarymyzy bişirerdi. Oba baranymyzda kakamyň bizden ogrynça mellegiň töründe ejemi ýatlap aglap oturan keşbi göz öňümden gidenok.
Kakamyň iş stoly bardy, stolunyň öňünde babam Öde Abdyllaýewiň: «Wagt, güýç, saglyk hemme zada ýeter öýtme» diýen sözlerini tuş bilen ýazyp goýupdy. Ol köplenç gapdalynda oturdyp kapiýalaşýan sözleri çal-çalt aýtmagy öwrederdi. Kakam bir söz aýdardy welin, menem dessine şol söz bilen kapiýalaşýan söz tapyşýardym. Magtymguly atamyzyň: «Jahanda ýaman işdir, gury gelip boş gitmek» diýen sözlerini kakam kän aýdardy hemem bize köp okamagy, wagtyňy bisarpa geçirmezligi ündärdi. Aýlyk alan güni hökman maňa-da, jigime-de bir zatjyklar getirip bererdi. Öýümize döredijilik işgärleri kän gelerdiler. Öňlerine çaý-çörek goýardym. Şonda olar öz aralarynda döredijilik hakynda jedelleşerdiler. Menem çagalyk edip «kakam olardan galaýmasyn» diýip, kakamyň pikiriniň dogrudygyny subut etjek bolardym. Başga-ha, kakam bilen bagly pursatlar ýadyma düşenok. Kakam ýogalanda jigim hasam kiçidi. Onsoň onuň-a kakam bilen bagly hiç zadam ýadyna düşenok. 1993-nji ýylda kakamyň ady ebedileşdirilip okan mekdebine — Saýat etrabyndaky 10-njy orta mekdebe ady dakyldy. Mekdebiň howlusynda heýkeli goýuldy hemem şol mekdepde kakamyň ýörite muzeýi döredildi. Muzeýe kakamyň şahsy kitaphanasyndaky kitaplarynyň köpüsini, golýazmalaryny, ömrüne we döredijiligine degişli maglumatlary, fotosuratlary, hat ýazýan enjamyny we beýleki ulanan zatlaryny tabşyrdyk.
Žurnalist Döwran Agalyýew ejem Ogulmeýrem bilen çykan. Kakam hakynda Döwran akga kän zatlar aýdyp biler. Kakamyň suratlary gerek bolsa-da, Döwran akgadan alaýyň — diýip salgy berdi. Onsoň Döwran aga gaýtadan jaň edip Ahmet Bekmyradow hakynda bilýanlerini gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol:
— Ahmet aga barada bilýänlerimi bir kitaba jemledim. Şol kitabymy beräýerin — diýdi. Ertesi iş ýerine barsam Döwran aga bir iş bilen giden eken. Otagdaş şägirdi onuň iş stolunyň üstünde duran «Daň ýyldyzy» atly kitaby elime berdi. Bada-bat kitabyň sahypalaryny açyşdyrdym. Görsem «Zehinli žurnalist Akgül Saparowa iň gowy arzuwlar bilen, awtordan» diýip, gol çekip, 12.12.2023-nji ýyl diýen sene ýazgy bilen kitabyny sowgat beren eken. Öýe gelip kitaby bir oturşyma okap çykdym hemem begendim. Sebäbi okanyňa degýän kitap eken. Ýadatmady, sada dilde bölejik-bölejik beýan edilen pursatlar Ahmet Bekmyradowyň ähli taraplaýyn nähili adam bolandygyny açyp görkezýär. Suratlar bolsa, onuň üstüni ýetirýär. Halypalaryň her biri hakynda-da ýakyndan tanaýan adamlar şonuň ýaly kitap ýazsalar hemmeler üçin taýýarjak arhiw maglumat boljak. Ahmet Bekmyradowyň döredijiligi hakynda tanymal adamlaryň aýdan sözleriniň kitapda ýerleşdirilmegi alymyň köptaraply zehini hakynda maglumat almaga uly esas boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew: «Ahmediň gözýetimi giňdi. Ol edebiýatyň ylmy-teoretiki meselelerine bagyşlanan kitaplary, makalalary köp okardy. Olardan öz ylmy işlerinde ýerlikli peýdalanardy. Gazak, özbek, täjik, tatar, azebaýjan, türk alymlarynyň klassyky edebiýat boýunça ýazan ylmy işlerini ele salmaga we olary özleşdirmäge çalşardy. Onuň ylmy işleri çylşyrymly hem möhüm meseleleri batyrgaý orta çykarýandygy hem onuň çözgüdine çuňňur aralaşýandygy bilen tapawutlanýar.»
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew: «Türkmenistanyň edebiýaty öwreniş ylmynda Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Öde Abdyllaýew ýaly ägirtlerden soň Ahmet Bekmyradow kimin ensiklopedik alymy tapaýmak juda kyndyr.»
Kitapda şunuň ýaly ussatlaryň Ahmet Bekmyradowa beren bahalary kän. Olaryň köpüsi Ahmet aganyň gaty kän okaýandygyny nygtaýarlar. Bu hakykatdanda şeýle bolmaly. Sebäbi döredijiligini azda-kände öwrenmek üçin ýakynda onuň üç-dört sany makalasyny okadym. Her makalasynda täze bir pikiri açmak üçin, öz pikirini dürli döwürlere degişli bir topar edebi, taryhy çeşmelerden mysallar getirip delillendirýär welin, onuň juda kän okaýandygynyň aýdyň subutnamasy. Ol eserleri haçan okap ýetişdikä diýdirýär. «Düzdügim destanym galdy…». Ynha, şu makalasynyň özünde destan sözüni birnäçe many aňladýandygyny nusgawy edebiýatdan goşgy setirleri bilen düşündirýär. Ol goşgy setirlere düşünmek üçin ýörite sözlüklerdenem başyň çykmaly ýa-da onuň «Nowaýynyň «guş diline» Magtymgulynyň düşünişi» atly makalasyny okap göreniňde-de aýdýan pikirini dürli çeşmelerden mysallar getirýär welin, onuň kän ylymlardan baş çykarýandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Şu makalany taýýarlaýarkam mirasgär kärdeşimiz Atamyrat Şagulyýewden Ahmet Bekmyradow hakynda bilýänlerini soradym. Ol: «Birmahal «Ýedigen» edebi sazly gepleşigimizde Ahmet Bekmyradow iki gezek çykyş edipdi. Ol egni gyrmyzy donly, telpekli ak öýüň içinde oturyp Gorkut ata barada gürrüň beripdi. Alymyň bir aýdan jümlesi häzirem ýadymda. Ol: «Gorkut ata özünden öňki ýüz ýyly hemem gelejegiň ýüz ýylyny bilen weli adam. Bu barada gelejekde ylmy işimde beýan etjek» diýipdi. Ahmet aga päli pes gowy adamdy. Änewde ýaşaýan eken. Neresse ýogalanda soňky ýoluna ugratmak üçin öýüne barypdyk. Bag-bakjaly howlusynda iş stoly bar eken. Göz öňümde dur. Onuň 1992-nji ýylda çap bolan «Edebi miras — ebedi miras» atly makalalar ýygyndysy jemlenen kitaby iş stolumda dur. Ahmet aganyň ähli eden işleri bu ugurdan iş alyp barjak adam üçin ýol ýörelge. Onuň döredijiligi hakynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Atdaýewa ylmy iş ýazdy. Ol size has kän zatlary aýdyp berer» diýip, salgy berdi. Onsoň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna bardyk. Alym Maral (Ersaryýewa) Atdaýewa «Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary» atly monorafiýanyň üstünde işläp otyr eken. Ol «Ahmet Bekmyradowyň ylmy mirasy» atly 2012-nji ýylda «Ylym» neşirýatynda çap bolan monografiýasyny sowgat berdi. Ol bu ugurdan kandidatlyk işini 2015-nji ýylda üstünlikli gorapdyr. Ondan ilki bilen Ahmet Bekmyradowyň döredijiligi bilen gyzyklanmasynyň sebäbini soradyk. Ol:
— Onuň makalalarynda ylmy barlaglary täzeçil alyp barmagy, taryhy maglumatlara uly ähmiýet bermegi, işlerini sada hem düşnükli beýan etmegi diňe bir edebi jemgyýetçilikde däl-de, her bir okyjyda uly gyzyklanma döretdi. Edebiýatçy alymyň türkmen edebiýatyny öwreniş ylmyndaky bitiren hyzmatlaryny başardygymdan seljerdim. Munda alymyň Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň şahyrana şahsyýeti, Oguz hanyň, Göroglynyň taryhy, Seýdiniň döredijiligi, häzirki zaman türkmen edebiýatynda şygyr düzülişiniň tärleri, milli medeni mirasymyzdaky küşt sungatynyň taryhy we onuň çeper edebiýatda şöhlelenişi ýaly meseleler baradaky ylmy barlaglarynyň derwaýyslygyny teswirledim.
Ahmet Bekmyradowyň türkmen halkynyň we edebiýatynyň taryhy, onuň beýik şahsyýetleri we olaryň halkyň taryhy hem-de medeni durmuşyndaky hyzmatlary ýaly meseleleri milli aňyň ösüşinde bellibir derejede edebi hadysa boldy. Türkmeniň geçmişiniň beýik ösüşinden (siwilizasiýasyndan) habar berýän, küşt boýunça dünýäniň ilkinji çempiony, orta asyryň meşhur küştçüsi as-Suly, Sarahsy ýaly şahsyýetleri bilen tanyşdyrmagy, oguzlaryň döwleti, olaryň administratiw gurluşy, baradaky hakykatyň edebiýatyň üsti bilen biziň günlerimize çenli dowam etdirilmeginiň aýdyňlaşdyrylmagy, beýik Pyragynyň türkmeniň ruhy ösüşinde bitiren hyzmatlaryny täze nukdaýnazardan ýüze çykarmagy, Nurmuhammet Andalybyň köptaraply şahyrana başarnyklaryny açyp görkezmegi, Göroglynyň şahsyýetiniň Oguz handan gözbaş alýandygyny yzarlamak bilen bilelikde türkmen taryhynyň köklerini asyrlaryň jümmüşine aralaşdyrmagy, halkyň asudalygy ugrunda göreşiji Seýitnazar Seýdiniň ömür ýoly, döwri häzirki zaman şygryýetiniň ösüş gadamlary baradaky gozgan problemalary hem-de öňe süren pikirleri oňa uly abraý hem meşhurlyk getirdi.
Egindeşleriniň bellemegine görä, ol bu ylmy barlaglarynyň daşyndan «Türkmennama giriş» atly türkmeniň taryhynyň ajaýyp sahypalaryndan habar berýän kitabyny ýazmagy, türkmeniň basyrylyp ýatan taryhyny dikeltmegi maksat edinipdir. Bu barada ençeme gymmatly materiallaryň uly toplumyny ýygnapdyr. Bu işinden ol diňe «Amerikany ilki bolup kim açypdyr?» atly makalasyny neşir etdirip ýetişipdir. Edebiýatçynyň bu makalasyny onuň taryh bilen bagly käbir makalalary bilen bilelikde akademik Myratgeldi Söýegow çapa taýýarlapdyr we kitap edip çykarypdyr.
Ahmet Bekmyradow edebiýaty öwreniş ylmyna özboluşly, aýratyn ýoly bilen gelipdir. Ýazyjy Osman Ödäýewiň edebiýatçy barada: «…Bu edebiýatçylar öz stilini, edebi şahsyýetini tapan edebiýatçylar» diýşi ýaly, ylma bolan belent hyjuwy, joşgunly ýüregi, ägirt uly höwesi bilen edebiýatyň örän köp ugurlaryna çuňňur aralaşmagy başaran alym. Ol öwrenýän taryhy döwrüne, öwrenýän şahsyýetine girip, onuň ýaşan döwrüniň gözi bilen seretmegi başarypdyr. Žurnalistikadan uly tejribesi bolan alym publisistik stil bilen ylmy stili bildirigisiz sazlaşdyryp, her bir okyja düşnükli bolan özboluşly bir stil döretmegi başarypdyr.
Ol diňe bir ylym adamsyna däl, her bir okyja düşnükli bolan aralyk ylmy stili ýüze çykarypdyr. Ol makalalaryny, ylmy işlerini turuwbaşdan gyzykly meselelerden başlap, hemmelere düşnükli bolan ortalyk sada dilde dowam etdirýär. Köplenç, işiniň başynda hemmäniň ünsüni çekäýjek soraglary, meseleleri orta atýar. Soňra meseläniň aktuallygyny belläp, onuň çözgütlerine girişýär. Üns berip seretseň, bu çeper eseriň sýužetini ýatladýar.
Ol türkmeniň gadymy ruhy ösüşlerinden başlap, häzirki döwre çenli aralykdaky iň wajyp meseleleri gozgapdyr. Onuň barlaglarynyň esasynda edebi meseleler, bilen birlikde halkyň şöhratly taryhy, gadymy döwlet gurluşlary, etniki-psihologik aýratynlyklary we olaryň şu günlerdäki dowamy, küşt sungatynyň taryhy, gelin-gyzlaryň el hünäri işleriniň taryhy, nusgawy şahyrlarymyzyň ideýa-çeperçilik aýratynlyklary, türkmen jemgyýetinde çeper aňyň etaplaýyn ösüşi, onuň ösmegine bat beren söz ussatlarymyz… ýaly meseleleriň ençemesine mümkingadar ylmy çözgüt berdi.
Onuň bu derňewleriniň esasy aýratynlyklarynyň biri-de hem onuň milli nukdaýnazardan çemeleşmegidir — diýip gürrüň berdi. Gürrüňdeşlikden soňra Ahmet Bekmyradowyň terjimehaly bilen gyzyklandyk. Ol 1951-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Buhara etrabynyň Atbazar obasynda doglan, ýöne soňra onuň maşgalasy Lebap welaýatynyň Saýat etrabyna göçüp gelýär. Etrabyň 10-njy mekdebini tamamlansoň, ol mekdep kitaphanasynyň müdiri, 1971-nji ýyldan başlap bolsa etrap gazetinde işleýär.
Geljekki alym 1976-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, 1977-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde işläp başlaýar. Şol döwürde-de ol türkmen poeziýasynyň şygyr formalary, olaryň ösüş ýollary bilen içgin gyzyklanýar hemem türkmen durmuşynyň dürli taraplary barada çuň mazmunly makalalary bilen metbugatda yzygiderli çykyş edýär. Onuň makalalarynyň birnäçesi Moskwanyň «Çagalar edebiýaty», Gazagystanyň «Jyldyz», «Abaýyň ýoly», Ukrainanyň «Ukraina» atly gazet-žurnallarynda çap edilýär.
Ylma bolan höwesi alymy 1983-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna getirýär.
Makalamyň başynda-da aýdypdym. Kän ýaşandyr öýdüp ýören alymym asyl 40 ýaşada ýetmändir. Barybir, men onuň ýaşyny bitiren uly işleri bilen göz öňüne getirip ýalňyşmandyryn. Ol öz ömrüne bakylyk bagyşlan alym.
Akgül Saparowa.