SPORT

Makgregor amerikaly Maýkl Çendler bilen tutluşyga çykar

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony, irlandiýaly Konor Makgregor amerikaly Maýkl Çendlere garşy tutuluşyga çykar. Bu barada Makgregor özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Makgregoryň habar bermegine görä, bu tutluşyk 29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriler.

35 ýaşyndaky Makgregor garyşyk söweş sportunda 22 ýeňiş gazanyp, 6 gezek ýeňildi. Ol 2015-nji ýylda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ilkinji derejesini aldy we irlandiýaly türgen bu çempionatyň taryhynda hem ýeňil hem-de ýarym ýeňil agramda çempionlyk derejesine eýe bolan ilkinji türgendir.

Ol soňky tutluşygyny 2021-nji ýylyň iýulynda amerikaly Dastin Porýe bilen geçirip, şol tutluşykda hem aýagyny döwdüripdi.

Related posts

Ertir dünýä çempionaty badalga alýar

10 ýyldan soňra toparyndan gidýär

Sport janköýerlerine ýene-de bir “El-Klasiko” garaşýar