JEMGYÝET

“Türkiye Bursları”: ýüz tutmalar 10-njy ýanwarda başlaýar

Türkiýede bilim almak isleýän daşary ýurt talyplary üçin örän uly mümkinçilikler berýän Türkiýäniň hökümet maksatnamasy bolan “Türkiye Bursları” talyp haky maksatnamasy üçin ýüz tutmalar 10-njy ýanwarda başlaýar. Bu barada bu talyp haky maksatnamasyny gurnaýan edaranyň jemgyýetçilik torunda habar berýär.

Türkiýe Respublikasy dünýäniň dürli künjeklerinden gelen daşary ýurtly talyplar üçin “Türkiýe talyp haky” mümkinçiligi bilen uniwersitetleriň gapylaryny açýar.

“Türkiye Bursları” talyp haky maksatnamasy üçin ýüz tutmalar 10-njy ýanwarda başlap, 20-nji fewrala çenli dowam edýär.

Ozal bilşiňiz ýaly, “Türkiye Bursları” talyp haky maksatnamasy boýunça Türkiýeden gelen degişli ygtyýarly wekiller bilen geçiren söhbetdeşligimizde geljek ýyl Türkmenistandan talyp haky makstanamasy bilen alynjak talyplaryň sanyny artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenilip geçilipdi.

Eýsem bu maksatnamanyň näme aýratynlygy bar:

  1. SIzi uniwersitete we okajak bölümiňize ýerleşdirer.
  2. Okuw töleglerini tölär
  3. Siziň umumy ýaşaýyş jaý çykdajylaryňyzy tölär
  4.  Türkiýä gidip-gelmek üçin 1 gezeklik halkara uçar biletiňizi alyp berer
  5. Saglyk ätiýaçlyk üçin çykdajylaryňyzy tölär

Bu mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin Resminamalary tabşyrýan wagtyňyz terjime işleriňiz üçin “Makul Hyzmat” Terjime merkezine hem-de “Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”  ýüz tutup bilersiňiz!

Häzirki wagtda Türkiýede jemi 15 müňden köp daşary ýurtly talyp “Talyp haky” maksatnamasyndan peýdalanýar. Bellemeli zat, Türkiýäniň dürli ýokary okuw mekdeplerinden häzire çenli jemi 150 müňden köp daşary ýurt raýatlary okuwyny tamamlady.

Mahabat:

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi, 4-nji gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron pçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy