BILIM

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halkara reýtinge goşuldy

Düýn paýtagtymyzda geçirilen ýaşlar forumynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşan, ylymda, bilimde we zähmetde tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň ençemesini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şeýle hem ýaşlar forumynda «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň «UI GreenMetric World University Ranking» atly halkara reýtinge goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

Şolaryň hatarynda:

  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty bar.

Related posts

Talyp-2022:Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ata­my­rat Ny­ýa­zow adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len bank mek­de­bi­

Ata Watan Eserleri

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady