HEKAÝALAR

Uly dünýäniň dili

                                                                                          Hekaýa

Kanden şäherjiginiň iň owadan ýeri Gözellik meýdançasy. Ýöne meniň göwnüme Kosomotanyň çalýan sazlary bolmasa ol beýle owadan bolmajak ýaly görünýärdi.

Dürli reňkde reňklenen owadan oturgyçlaryň barlygyna garamazdan Koso el degmekden ýaňa taýpy ýaly bolan köne skripkasynyň süýkewajyny mangodan boşan demir ýeşşigiň üstünde oturyp birsyhly süýkeýärdi.

Adamlaryň oň bilen işi bolmaýşy ýaly, Kosanyňam adamlar bilen işi ýokdy. Ol hamana dünýä diňe skripka çalmak üçin gelen ýalydy. Ýöne käte gaty garran eneler pyşyrdy bilen şeýle sözleri aýdýandygyny men eşidýärdim.

– Saz adamyň gussasyny egisse-de, ony terbiýeläp bilmeýär…

Ýöne şo sözi aýdan eneler saz çalnyp durka biperwaý geçip bilmeýärdiler hemem şeýle sözleri aýdýardylar: “Aý maý mad. Tu hat” – “Eý meniň Allam, nähili gaýgyly!”.

Hasam ol Watanyny – dogduk diýary Tokiýony ýatlap hiňlenen mahaly burnuna salyp gamgyn görnüşe girýärdi. Skripkasy-da ony gamgynlyk bilen gaýtalaýardy. Şonda sazyň güýji seniň kalbyňy gör nirelerde galan ýurduňy küýsedýärdi. Kose bolsa, töweregine barmyňam diýmän şol çalyp otyrdy. Käte-de ol, özüniň eý görýän şerbetini – mangonyň suwuny ogurtlap, agyr dymardy. Şonda töweregem ümsümleşen ýaly bolýardy. Olara nämediňr bir zat ýetmeýän ýaly biri-biriniň ýüzüne soragly garaýyş bilen garardy. Bi ýerde dünýäniň çar künjeginden adamlar bardy. Ýöne saz uly dünýäniň dili bolansoň ol hemmelere öz täsirini ýetirýärdi. Şol täsir meniňem kalbymy obama – sary sähralara tarap iterýärdi.

Bir gün bolsa ol maňa şeýle sözler bilen ýüzlendi.

– Sizem men ýaly dünýeden gözleýän zadyňyzy tapyp bilmän ýörenleriň biri öýüdýän…

Soň ol “Ýu kontri” diýip meniň nirelidigimi sorady.

Men onuň gaty uzakdadygyny aýdamda, ol gussaly halda agyr dymyp gürledi.

– Imperiýa Raşşa.

Men başymy atdym.

– Ýest!

Men o ýerlerini görmedim, ýöne doganym Akiko Moskwada bolmak miýesser edipdi.

Soň ol bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly gyzyňky ýaly inçe barmaklaryny skripkanyň ýüzünde oýnadyp başlady. Skripkadan maňa tanyş bolan saz ýaňlanyp ugrady. Ol gaty uzaklary tozadyp, meniň kararsyz kalbymy ummanyň aňyrsyna –  tanyş sähralaryma sary alyp barýardy. Bu saz arassa dünýämi – hiç haçan gaýdyp gelmejek oglanlygymy, Ýerbendiň gamgyn ýellerini, Baltak janaweriň haýbatly üýrmesini, asmandaky durna guşlaryň kümüşsöw düwmäni ýadyňa salýan çagyryjy sesini ýatladýardy. Men näçe pikir etsemem bu sazyň adyny bilip bilmedim. Oňa derek Ýerbendiň gumaksy ýollarynda birwagtkym ýaly aýakýalaňaç ýörän ýaly boldum…

– Sen ony nireden öwrendiň?

– Doganym Akikodan. Ol Moskwada bolanda şu sazy öwrenipdir…

Skripka oslagsyz ýaňlanşy ýaly, duýdansyzam kesildi. Men oňa ýene çalsana, çalaýsana diýip näçe özelensemem ol çalmady…

Ertesem men Kosodan şo sazy çalyp bermegini haýyş etdim. Ýöne ol ýene çalmady. Oňa derek ol dogany hakynda tolgundyryjy gürrüňe başlady.

– Ol menden skripkany has ezber çalardy. Ejem her gezek biziň çalýan sazymyzy diňläp, şeýle sözleri begençli aýdardy.

– Balalarym, siz öz sazyňyz bilen uly dünýäniň asudalygyny saklarsyňyz…

Men o söze beýle bir doly düşünmesemem sazyň köp zady gorap biljegi hakynda pikir edýärdim. Biz şeýdip, ertiriň şu günden has gowy boljagyna ynanyp ýaşap ýördük. Akikoda her gezek täze saz öwrenenden soň şeý diýerdi.

– Koso, sen indi kiçijik oglan dälsiň, on üç ýaşadyň. Sazy gowy görgün. Ol uly dünýäniň dilidir.

Men şonam edýärdim. Hemem Akiko ýaly doganymyň barlygyna  begenýärdim. Ýöne begenjim uzaga çekmedi…

Ol şeý diýip agyr dymdy. Birhaýukdan soňam maňa däl-de, özi özüne gürrüň berýän ýaly ýuwaşjadan gürläp başlady.

– Bir günem… Şol güne nälet bolsun! Häli-şindi Tokiýo Gününiň aşagynda yranyp duran gara ýer şo gün has beter yrandy… Biz bir gyrada tokaýda ýaşaýardyk. Ýaşaýan jaýymyzam agaçdandy.

Şol gün ilki tokaý tarapdan däliniň gülküsi ýaly sykylyk gelli. Soňam, hawwa soňam meň ömrümde eşitmedik sesim eşidildi.

Öýmüzde diňe doganym ikimizdik. Ejem goňşy şäherjige gidipdi. Şo-da oňa bu beladan halas bolmagyna kömek etdi.

Soň näme bolanyny bilemok. Özüme gelsem kükregimiň agyrysyna çydamok. Doganym Akikoda meniň ýalydy. Olam çydamsyzlyk bilen birsyhly şeý diýýärdi: “Iki golum sogrulyp gelýär, kömek etseňizläň!”.

Daşaryň belasam içeriň belasyça bar bolarly. Bize hiç-hili kömege gelýän adam ýokdy. Kükregimden basýan nägehan bolsa, barha demimi daraldýardy. Doganym Akikonyň “Gollarym sogrulyp barýar” diýýän sesi bolsa meni öňkümdenem beter edýärdi. Birdenem goňşymyz Tagawa atanyň sesi gulagyma gelli. Ol ilki Akikony halas etjeginem bilenokdy, meni halas etjeginem. Ol bir zat gürlese ýalňyş bolaýjak ýaly hiç zat geplemän adam şeýe ýagdaýda nähili bolýan bolsa, şo hilem bolýardy. Men ysgynsyz sesim bilen oňa “Doganymy – Akikony has et!” diýesim geldi. Ýöne kükregimden basýan agyr zat ony diýdirmedi. Oňa derek Akikonyň sesi eşidildi:

– Men eýýäm ondan ýedi ýyl artyk ýaşadym. Goý jigim Koso halas bolsun… Onsoňam ol kiçijik oglanjyk…

Men diňe ýok diýip bildim. Dilim gürlemese-de elim bilen doganym Akikony görkezdim.

Tagawa ata ikibaka byzbydyklap durşuna ol bir meniň ýanymda saklanýardy, birem doganymyň. Iň soňunda ol aýgyt edip Akikonyň üstündäki agyr zady aýyrmaga çytraşdy. Ol ýöne öte agyr bolarly. Ol hem-ä Buddany çagyrýardy, hemem “Gaýrat et, gyzym!” diýýärdi.

Akiko halas bolanam bolsa, onuň skripka tutýan iki elem elhenç ýagdaýda birsyhly aşak sallanyp durdy. Men kükregimiň gaty agyrýanyna garamazdan ony saýgardym. Ýöne nämüçindir Akikonyň gözlerinde ýaş görnenokdy.

Soň men halas boldum. Men doganym Akikonyň aglamadygyna begenenem bolsam, soň ömürboýy aglap gezmeli boldum. Sebäp doganymyň indi gollary skripkanyň sapyny tutmakdan mahrumdyr öýdüpdim. Ýöne lukmanlar onuň ýene saz çalyp biljegini aýtdylar.

Şol gün biz Koso bilen köne dostlar ýaly bolup aýrylyşdyk. Soň men o bilen her gün diýen ýaly duşuşýardym. Kosonyň häsiýetem edil meňki ýalydy. Ol “Garnym dok, eşigim bitinem bolsa, birhili gam basýar, gijelerine hiç ýatyp bilemok” diýýärdi. Menem edil şonuň ýalydym, gijelerine gowy uklap bilemokdym. Oň tersine kölegeräk ýerde gündizem bolsa ýatýardym. Koso bolsa häli-şindi bir sözi kän gaýtalaýardy. Ol sözi köp gaýtaladygyça meni köp oýlandyrýardy. Ynha bu gün ýene ol gara ýere seredip oturyşyna şo sözi aýtdy.

– Akikonyň ellerine derek pürs meň elimi zaýalan bolsa, ol dünýä köp peýda getirerdi…

Meniň bimany ömrümde şeýle ykbally adamlar köp gabat gelipdi. Olar uly dünýeden näme gözläp ýörendiklerini bilmeselerem, birzatlar gözläp ýördüler. Soňam olar kalbyňda azajyk ýaşap, ýene ýitip gidýärdiler. Ýöne men şeýle täsin ykbally adamlary gowy görýärdim. Olar näme diýseňem ýürekdeşdi. Ýöne oňa garamazdan özdiýenlidi.

Men käte ýüregimiň gaty gysan mahaly ýurdumy ýada salýan sazy çalyp bermegini ondan haýyş edýärdim. Ol bolsa meň näçe özelenenime garaman çalmaýardy. Muňa meň gaharym gelerdi. Ýöne onda-da ony öýkeletmejek bolup özüme basalyk ederdim.

Käte bolsa oň özi ýarygije meň kireýine ýaşaýan kiçijik otagly jaýymyň penjiresini tyrkyldadyp boýunsunyjylyk bilen ýalbarardy.

– Gündogarly, içim gysyp alyp barýa, ýör biraz gürleşeli-le…

Meňem diýseň içim gysýardy. Ýöne onda-da, oň öz edişine jogap edip, şeý diýerdim.

– Ýok, obamyz hakynda süýji düýş görüp ýatyryn…

Koso maňa ertiriň özünde bir däl, iki ýola ýurdumy ýatladýan sazy çalyp berjegine söz berýärdi. Ýöne men sazy näçe diňläsim gelse-de, edişine görä edişim diýenlerini edip bahana tapýardym.

– Ýok, Koso, meň häzir ýatasym gelýä…

Çalynmaga söz berlen sazyň sany bäşe, soň ona ýeterdi. Iň soňunda-da ol uzakly gün çaljagyny aýdardy.

Soň men bu şäherjikden gitmeli bollum. Gaýdyp Kosany görmedim. Ýöne o baradaky ýagşy ýatlama häzire çenli kalbymda ýaşap ýör.

Agşam Koso meniň düýşüme girdi. Ol maňa obamy ýatladýan tanyş sazymy çalyp berýärdi hemem maňa şo-ol öňki aýdan sözüni aýdýardy:

–  Senem men ýaly dünýeden gözleýan zadyňy tapyp bilmän ýörsüň öýüdýän…

Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri