SPORT

Retkliff “Mançester Ýunaýted”-iň paýnamalaryny satyn aldy

Britan işewürli Jim Retkliff Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Mançester Ýunaýted” toparynyň paýnamalarynyň 25 göterimini satyn aldy. Bu ugurdaky geleşigiň bahasy 1,25 milliard funt-sterlinge deň boldy.

Bu babatda Angliýanyň “Premýer-liga” çempionaty bilen ylalaşyk gazanylar. Munuň üçin hem birnäçe hepde gerek bolar.

Retkliffe degişli bolan “Ineos” kompaniýasy “Mançester Ýunaýted” toparynyň futbol amallaryna jogap berer, Kompaniýa futbol topary üçin 300 million dollar maýa goýar. Onuň 200 milliony geleşik güýje girenden soňra tölener. Ýene-de 100 million dollar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli berler.

Jim Retkliss “Ineos” himiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysydyr. Onuň emälgi 29,6 milliard futn-sterlinge deňdir. Ol Beýik Britaniýanyň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orunda durýar.

“Mançester Ýunaýted” topary amerikaly Glaýzerler maşgalasynyň ýolbaşçylygyndadyr.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi