Şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 21 döwletiň Russiýa Federasiýasyna täze bellän ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi. Daşary ýurtly ilçileriň hatarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyna täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew hem bar.
TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin uly Kreml köşgüniň Aleksandrowsk zalynda 21 döwletiň ilçilerini kabul etdi we olaryň öňünde çykyş etdi. Putin öz çykyşynda Russiýanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen konstruktiw hyzmatdaşlyga açykdygyny belläp, täze bellenen ilçileri göz öňünde tutup, ýurtlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada hem durup geçdi.

Hususan-da, Türkmenisan babatda Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny belledi.
– Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna uly hormat bilen garaýar we halkara meýdançalarda, ilkinji noabtda GDA, “Hazar bäşlisi”, “Merkezi Aziýa+Russiýa” formatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyrys – diýip, Wladimir Putin belläp geçdi.

Putin dostlukly Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigine ünsi çekip, “Syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň üsti parlamentler, sebitler we jemgyýetçilik ugurlary boýunça sazlaşykly ýetirilýär” diýip belledi.
Ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklara ünsi çeken Putin türkmen-rus uniwersitetiniň dörediljekdigini, şeýle hem Döwlet rus drama teatrynyň Aşgabatda täze binasynyň hem-de A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki mekdebiň goşmaça binalarynyň gurulmagy babatda durup geçdi.
