Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

            Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

      Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

 

Ynha, bize buşlugyny getirdi,

Arkadagly ýaşlaryň bu şäheri.

Şol buşlugy bizi bagta ýetirdi,

Arkadagly ýaşlaň Arkadag şäheri.

 

 

Arkadagyň döreden eseri sen,

Öwrülipsiň döwletli döwrana sen.

Gurban bolsun saňa bu janu hem ten,

Arkadagly ýaşlaryň  bu şäheri .

 

 

Bedew bady bilen geldiň ilime,

Mydam seniň waspyň geler dilime.

Ýollar açyp ylyma hem bilime,

Arkadagly ýaşlaryň bu şäheri.

 

Seniň adyň özi bir çuňňur many

Sungatyň hem ösüşleriň mekany.

Sen halkyň bagtysyň,hakyň ýalkany,

Arkadagly ýaşlaryň bu şäheri.

 

 

 

Jemläpsiň türkmeniň geçmiş taryhyn,

Bütin dünýä edýär seniň tarypyň.

Görüň bu şäheriň gözel tarapyn,

Arkadagly ýaşlaryň bu şäheri.

 

Geliň, bu şähere mynasyp ýaşlar,

Oňa buýsanyp hem söýüp ýaşalyň.

Soň ösüşler sary ýol alyp başlar,

Çünki ol Arkadag şäheri ýaşlaň!

      Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 

“Roman german we gündogar diller” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

Koçkarowa Maksuda .

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Tailandy 3:1 hasabynda ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan: ABŞ-a giriş boýunça çäklendirmeler aşa düşünişmezlik döredýär

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň pawilýonynyň meşhurlygy artýar

Ata Watan Eserleri

Ertir Aşgabatda möhüm duşuşyk: Türkmenistan bilen Tailand duşuşar

Ata Watan Eserleri