Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

ARKADAG ŞÄHERI

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

ARKADAG ŞÄHERI

Gadym Oguzyň ýurt tutunan topragy,

Bu gün täze şäher bolup galkynýar.

Arkadag şäheri – sungat şäheri,

Arkadag şäheri – ýaşlaň şäheri,

Ýaşlar bagtyýar.

Ertirlere gadam urýar bu Watan,

Güýç-kuwwaty, ynam-ygrary bilen.

Döwrüň geljeginde çuň maksat guran,

Arkadag Serdarly ýaşlary bilen.

Nesillere bolan bu synmaz ynam,

Geljek üçin maksat gurýar,

Döwlet gurýar,

Gurýar şäher…

Eý, Hakdan ykbaly çüwen türkmen,

Guwan…

Ýüze sylyp, bu asuda säheri.

Seňiň beýik Ogluň adyn göterýär,

ARKADAG ŞÄHERI!

GALKYNYŞ ŞÄHERI – BAGT ŞÄHERI

Watan asla unutmaýar  halkyna

Bütin ömür bilim beren adamy

Bagtyýar il baky saklar aňynda

Berdimuhammet Annaýewiň adyny,

 

Halkara atçylyk akademýasy,

Ussat seýis, Aba Annaýew adynda.

Zehinli zähmeti, yhlasy bardyr,

Ahalteke bedewleriň badynda .

 

Lukmançylyk ylymlaryň doktory

Ol bir beýik, zenan şahsyýet bolan

Bu gün orta hünär okuw mekdebi

Saçly Dursunowaň adyny alan.

 

At üstünde edermendir ýigitler,

Gerçekleň ganatly Gyraty bardyr.

Şäheriň atçylyk döwlet sirkinde

Göroglyň egsilmez gaýraty bardyr.

 

Kitap – ummanydyr pähim-paýhasyň,

Kitaphana ummanlaryň dünýäsi.

Ady bilen Döwletmämmet Azadyň,

Guruldy şäheriň kitaphanasy.

 

Türkmen teatrynyň düýbüni tutan,

Beýikler sungata arka bolup dur,

Döwlet drama teatry, şäheriň,

Aman Gulmämmede sarpa bolup dur.

 

Halk bagşysy, ussat Sahy Jepbaryň.

Adyn goýup ýörite sungat mekdebe,

Peder ýoly bilen dowam bolup dur

Bu Watanda ägirtlere mertebe.

 

Tarypyny gara gazma ýetirer,

«Şükür bagşy» sazyň gudrat mekdebi

Bu gün buýsanç bilen adyn göterer

Şäheriň çagalar sungat mekdebi

 

Nesilleriň howandary, hossary,

Halkyň Peder ogly hem Arkadagy.

Bu gün adyn buýsanç bilen göterýär

Çagalar saladyş merkeziň ady.

 

Belent sungat binasynda türkmeniň

Beýik Ogly Arkadagyň ady bar.

Onuň bilen Watan-bagtyň mekany,

Türkmen halky bu gün baky bagtyýar.

 

Arkadagly, Arkadagly Serdarly,

Bu Watanda ägirtler bar gör, niçe,

Halkyň ykbalyny gerdene alan,

Peder ýoly dowamatdyr geljege.

 

Yklymda ilkinji akylly şäher,

Ykrarnamasydyr täze eýýamyň.

Behişde öwrülen mekany görmek,

Arzuwna öwrülmiş  bütin dünýäniň.

 

Külli türkmenimiň, milli Lideri,

Sagbolun, Gahryman Arkadagymyz.

Peder paýhasyndan bina eýlenen,

Galkynyş şäheri,

Bagt şäheri,

Geljegiň nusgalyk sungat şäheri,

Gutly bolsun, Arkadagly Serdarymyz.

 

Kerim ATÇAPANOW

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi