ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Toty Rozyýewa: alym geolog

Islendik ugurdaky meşhur adamlaryň zähmet hem durmuş ýoluny öwrenjek bolsaň, hökman arhiw maglumatlara ýüzlenmeli bolýar. Arada Türkmen sowet ensiklopediýasynyň sekizinji tomuny gözden geçirip otyrkam, kitabyň 13-18-nji sahypalarynda alym zenan Toty Rozyýewanyň geologiýa hünärine degişli ýazan ylmy makalasy gabat geldi. Täsirli makala awtoryň durmuş hem zähmet ýoly hakynda gyzyklandyrdy. Onsoň ol barada maglumat gözledik. Şol ugurdan işlän halypalar Toty Rozyýewa hakynda şägirdi Ogulnäzik Çaryýewanyň kän zatlar aýdyp biljekdigini salgy berdiler. Zähmet dynç alşa çykan Ogulnäzik mugallym: — On iki dogandyk. Häzir dört dogan bolup galdyk. Ejemiz-kakamyz ýogalansoň, ählimize Toty daýzam hossarlyk etdi. Ol biziň ikinji ejemiz. Men ejem Toty Rozyýewa bilen kärdeş. Öňki Türkmen döwlet Politehniki institutyň Nebit-gaz fakultetini tamamlap, şol ýokary okuw mekdebiniň «Geologiýa» kafedrasynda 2002-nji ýyla çenli mugallym bolup işledim. Uly uýam Mähri bolsa gidrogeologdy. Ol häzir aýatda ýok. Ejem Toty Rozyýewa 1928-nji ýylyň 26-njy martynda Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda doglan. 2012-nji ýylyň 19-njy noýabrynda-da ýogaldy. Jaýy jennet bolsun! Ejem bilen Balkan welaýatynyň dag eteklerine ekspedisiýa birnäçe gezek bile gidipdik. Şu pursat 8-nji synpyň okuwçysy wagtym tomusky dynç alyşda ekspedisiýa gidenim ýadyma düşdi. Şol gezek oglan jigimem biziň bilen bile gidipdi. Biz aýlyk tölenýän işgär däldik, ýöne ejem köplenç: «Näzik jan, sen nahar bişirmäge ökde. Geologlara nahar bişirip berersiň hem biziň gyzykly işimizi synlarsyň» diýip äkiderdi. Meýdan şertlerinde geologlar üçin ulanylýan göçme çadyrlarda ýaşaýardyk. Ekspedisiýa gidenimizde öýümizdäki ullakan alabaý itimizem ýanymyz bilen bile äkiderdik. Ejem dagy daga dyrmaşyp gözlege gidenlerinde maňa alabaý itimiz ýoldaş bolardy. Indi pikir edip görýän welin, ejem maňa hem-ä zenan maşgala üçin hojalyk işlerini öwredipdir hemem ýaşlykdan hünär saýlamaga ugrukdyrypdyr.

Geologlar ýadap dagyň orta ýolundan ýokaryk çykmajak bolsalar ejem: «ýörüň-ýörüň» diýip, dagyň ýokary başyna çykarýan eken. «Bir gezek ekspedisiýa gidenimizde Türkmenistanyň Günorta-günbataryna tarap ýolumyz birnäçe günläp dowam etdi. Gyzgyn şemalyň ugruna ýokary göterilýän irimçik çäge köwsarlap ýüz-gözüňe urýardy. Howa şeýle bir yssydy, edil gyzan tamdyr ýaly tebt alýardy. Emma tebigatyň bu hili ýagdaýyna geologlar öwrenişendi. Biraz wagt geçensoň, öňde somalyp duran kiçeňräk gaýa göründi. Dykyz bedenli, berdaşly gelin günüň howruna kepän dodaklaryny ýalady-da:

— Şu ýerde az-kem düşläýsek hem bolman durmaz — diýip ýoldaşlaryna ýüzlendi. Adamlar ýagyrnylaryndaky goş haltalaryny çözüp, emaý bilen ýerde goýdular-da, dynç almaga oturdylar. Şonda ara gürrüňdeşlikde her kim öz gyzyklanýan sowaly hakynda söhbet edýärdi. Oturanlaryň biri:  — Al, bu gelniň gujurlydygyny, ýadamany-ýaltanmany-da bilenok. Beýle gaýraty sen nireden alýaň diýsene! Özem ýaş gelin» diýip, haýran galyjylyk bilen ejemiň işjanlylygyndan söz açypdyr. Ejemiň şo mahallar ýaş geolog wagty eken — diýip Ogulnäzik mugallym ejesiniň ýaşlyk ýyllaryny ýatlady. Soňra-da: — Birneme ýaşy ulalyşansoň-a ejeme ekspedisiýa ýeňil düşmedi. Gaýa dyrmaşyp çykmak onuň üçin kyn däldi, ýöne soňra garaňky düşende ýere düşüp bilmän aglaýan wagtlary bolýardy. Onsoň elinden ýapyşyp özüm düşürişen wagtlarym bolupdy.

Kärimiz bir bolansoň ejem bilen haýsy parodalar meňzeşdigi hakynda tejribe alşardyk. Ol her ýylyň ahyrynda ýylyň dowamyndaky alnyp barlan işler boýunça hasabat ýazardy. Şonuň özi uly bir kitap ýalydy. Ejem çeper eserleri hemem astronomiýa degişli kitaplary kän okardy. Çaga wagtymyz gijelerine daşarda ýatanymyzda bize asman jisimleriniň hadysalary hakynda gürrüň bererdi. Asmandaky ýyldyzlary görkezip: «Şo ýyldyzlaryň aňyrsynda Beýik Alla bar. Nähili iş etseňiz görýändir. Şoň üçin Hudaýyň halamaýan işlerini etmäň. Eliňizem, ýüregiňizem arassa bolsun» diýerdi.

Ejem hemaýata mätäç bolup haýyş bilen gelene elinden gelse kömek ederdi. Soň-soňlar garrap güýçden gaçanda-da, şol häsiýeti üýtgemedi. Bize: «Pylan ýerde özüm ýaly garry otyr welin, şoňa göz-gulak bolaweriň!» diýip  jaň ederdi. Eje jan, biz ol garryny tanamyzog-a diýsek: «Ady Zinadyr ýa-da pylanydyr» diýip, ýekeräk ýaşaýan deň-duş tanyşlarynyň öý salgysyny bererdi. Şeýdip tabşyransoň, ondan hepde-de diýen ýaly hökman baryp habar tutup gaýtmasak nägile bolardy. «Adam ejizläp, güýçden gaçanda birek-birege göz-gulak bolmalydyr» diýerdi. Onsoň onuň aýdanyny edip, tabşyryk beren garrylaryna ownuk-uşak gerek zatlaryny eltip, hal-ýagdaýyndan habar alyp durardyk» diýip, Ogulnäzik mugallym ejesi baradaky arhiw maglumatlary öňümizde goýdy.

Toty Rozyýewa 50 ýyla ýakyn zähmet ýoluny geolog hünärine bagyşlapdyr. Saralyp giden arhiw ýazgylaryň arasyndaky «Sredneý Azii», «Trud», «Razwedçik nedr», «Rabotnisa», «Ýaş kommunist», «Izwestiýa», «Turkmenskaýa iskra», «Sowetskaýa ženşina», «Sowet Türkmenistanynyň aýallary», «Sowet Türkmenistany» we başga-da dürli ýyllarda neşir edilen gazet-žurnallarda Toty Rozyýewa barada ýazylan makalalar, onuň özüniň ýazan makalalary, baş sahypalarda çap edilen suratlary has-da gyzyklandyrdy. Onsoň onuň terjimehaly bilen tanyşdyk.

Toty Rozyýewa heniz Sakar raýonynyň 1-nji ýediýyllyk mekdebinde okaýarka hem özüni gurşap alan tebigatyň täsinliklerini söýýän eken. Ony hasam geografiýa  sapagy özüne çekipdir. Mekdep okuwçylary 5-nji synpda fiziki geografiýanyň esasy elementleri barada ýeterlikli düşünje alýarlar. Geografiýa mugallymynyň sapakdan daşary geçirýän işleri Toty Rozyýewanyň bu ugra bolan höwesini artdyrypdyr. Şonuň üçin ony şol döwürde işgär ýetmezçiligi sebäpli 1942-nji ýyldan 1946-njy ýyla çenli öz okap gutaran mekdebinde geografiýa mugallymy edip işe alyp galýarlar. Geljekki alym Toty Rozyýewa 1946-njy ýylda ilki Çärjewdäki aýal-gyzlar peduçilişesiniň gaýybana bölümini  tapawutlanan bahalar bilen gutarýar. Soňra Aşgabatdaky öňki Maksim Gorkiý adyndaky pedinstitutynyň geografiýa fakultetine okuwa girýär. Institutda okuwlaryň hemmesiniň rus dilinde geçilýändigi üçin okuwyň ilki günleri Tota örän agyr düşýär. Totynyň rus dilini gowşak bilşine, emma oňa derek onuň okuwyna bolan höwesiniň juda ýokarydygyna göz ýetiren ýyllykdaşlary oňa ýakyndan kömek berip goldaýarlar.Toty başarjaňlygy, erjelligi, ýiti zehini hemem ýoldaşlarynyň beren kömegi bilen kynçylyklary gysga wagtyň içinde ýeňip geçýär. Şeýlelikde ol institutyň soňky ýyllarynda ylmy kružoklarda dokladlar bilen çykyş etmäge başlaýar. Köpçülik işlerine işjeň gatnaşyp, bilýänlerini aşaky kurslaryň talyplaryna öwretmäge girişýär. Bu bolsa ony has-da kämilleşdirýär. Totyny institutda çeken yhlasly zähmeti üstünlige atarýar. Ol 1950-nji ýylda pedinstitutyň geografiýa fakultetini tapawutlanan diplom bilen gutarýar we ýokary bilimli geografiýaçy bolýar, ýöne ol munuň bilen çäklenmän institutda alan ylmyny ýene-de dowam etdirmek maksady bilen, şol ýyl açylan Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranturasyna geologiýa hünäri boýunça okuwa girýär. Geografiýa fakultetini gutaryp, geologiýadan aspiranturada okamak oňa aňsat düşmeýär. Şeýle-de bolsa, öňde goýan maksadyna ýetmek üçin irginsiz çeken zähmeti ony arzuwyna ýetirýär. Toty Rozyýewa gadymy haýwanat we ösümlik galyndylaryny öwredýän ylym bolan geologiýanyň bir bölegi paleontologiýadan özüne dissertasion iş saýlap alýar. Ol dissertasiýasynyň temasyny Günbatar Türkmenistanyň akçagyl  gatlagynyň mikrofaunasyny öwrenmeklige bagyşlaýar. Şonuň üçin ol Günbatar Türkmenistanyň geologiýasyna degişli edebiýatlary içgin öwrenýär. Özüniň ylmy ýolbaşçysy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, professor Ali-Zadäniň ýolbaşçylygy bilen birnäçe ylmy-barlag ekspedisiýalarynda bolup, Balkan etegi raýonynyň akçagyl gatlagynyň mikrofaunasyna degişli gymmat bahaly, heniz ylymda belli bolmadyk, köp sanly materiallary toplaýar. Şol toplan materiallarynyň esasynda ylmy ähmiýeti uly bolan iş ýazyp, heniz geologiki taýdan az öwrenilip, praktikada ulanylman diýen ýaly ýatan ýerleriň ylmy maglumatyny berýär. Şeýlelikde ol üç ýyldan gowrak wagtyň içinde yhlasly çeken zähmetiniň netijesinde saýlan temasy boýunça dissertasion iş ýazyp, ony 1954-nji ýylyň dekabrynda Azerbaýjan Ylymlar akademiýasynyň akademik Gubkin adyndaky geologiýa institutynyň alymlar geňeşinde gorap, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Onuň bu işine özüniň resmi opponentleri — Azerbaýjanyň ylymda at gazanan işgäri, professor K.A. Ali –Zade we geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Halilow, şeýle hem Azerbaýjan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Aliýew dagy örän ýokary baha berýärler. Alymyň arhiw maglumatlarynyň arasynda onuň Türkmenistanyň at gazanan geology, zähmet weterany, şeýle hem birnäçe orden- medallaryň eýesi bolandygy baradaky resminamalarynyň bardygyna göz ýetirdik. Ogulnäzik mugallymdan Toty ejäniň häsiýeti barada soradyk. Ol:

— Ejem örän mähirlidi, jomartdy, ýöne işe, ylma gezek gelende talap edijidi. Işe hemmeden öň giderdi, giç gelerdi. Ejem zähmet ýolunda köp ýyl Türkmenistanyň Geologiýa institutynda işledi. Kän şägirtler ýetişdirdi. Ol Gruziýada, Özbegistanda, Gemaniýada, Moskwada, Leningradda geologlar bilen gözleg ekspedisiýalaryna gatnaşyp 2-3 aýlap iş saparlarda bolardy. Ol ýurtlaryň geologlary bolsa, biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelerdiler. Doganlyk halklaryň, daşary ýurtlaryň geologlary öýümizde kän gezek myhmançylykda boldular. Birek-birek bilen pikir alşyp tejribelerini paýlaşardylar. Ejem täze tapylan tapyndylaryň territoriýasynyň çyzgylaryny taýýarlardy.Tapyndylaryň haýsy döwre degişlidigini öwrenerdi. Ol kandidatlyk işini gorandan soň doktorlyk işini-de ýazdy, ýöne gorap ýetişmedi. Şeýle-de bolsa, daşary ýurt neşirlerinde ylmy makalalar bilen çykyş edende ejemiň adynyň öňüne näme üçindir professor sözüni goşup, «professor Toty Rozyýewa» diýip goýardylar. Muňa şahsy arhiwindäki gazet-žurnallardan göz ýetirip bilersiňiz — diýip gürrüň berdi.

Toty eje ýan ýoldaşy Oraz Urzakow bilen kärdeş eken. «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynyň 1960-njy ýylyň 5-nji sanynda birinji sahypada olaryň şol wagtlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda işleýän wagty bilelikde ylmy-derňew işlerini alyp barýan pursadynda düşürilen suraty bar eken. Onuň şol žurnalyň 1966-njy ýylyň 3-nji sanynda «Altyn toprak» atly makalasy bar. Onda alym öz hünäri bilen bagly giňişleýin çykyş edipdir. Şol makaladan gysgarak bölek: «… gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň hemmesi ýeriň içki gatlagynda duş gelýär. Olary gözlemek, tapmak, gazyp almak işi ýeriň içki gurluşy dogrusyndaky ylmy-geologiýany gowy bilmekligi talap edýär. Ýeriň içki gurluşy örän çylşyrymly. Häzirki wagtda bütin dünýäde ulanylýan peýdaly baýlyklaryň esasy bölegi ýeriň üstki zonasynyň 5-10 kilometrlik çyňlugyndan gazylyp alynýar. Geofizika ylmy öň diňe ýeriň has aşakda ýerleşýän zapaslaryny öwrenýän bolsa soňky döwürlerde ol ýokary gatlaklary öwrenmekde hem geologlara uly kömek edýär. Geofizikanyň gymmaty ylaýta-da Garagum çöli, Günbatar Türkmenistan düzlügi ýaly çökündiler bilen örtülen, şoňa gärä-de geologyň barlag işini kynlaşdyrýan  ýerlerini öwrenmekde iňňän ähmiýeti uludyr. Geologiýa ýeri öwrenmekde diňe ýokardaky metodlar bilen çäklenmän, ol astronomiýa, meterologiýa, geografiýa, biologiýa, himiýa ýaly ylymlardan hem ýeterlik peýdalanýar. Sebäbi ýeriň emele gelşi, ösüş taryhy, gün sistemasyndaky beýleki planetalaryň, asman jisimleriniň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Ýokarda agzalan geologik metodlardan ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde ýurdumyzda onlarça nebit we gaz çykýan ýerler açyldy. Şeýlelikde güneşli ülkämiziň gazma baýlyklara, ylaýta-da nebite we gaza, duza, senagat materiallarynyň her hili görnüşlerine örän baýdygy anyklanyldy. Diýarymyzyň Günbatar raýonlarynda geçirilen geologik barlaglar ol ýerde iýod, brom, ozokerit, Köýtendag sebitlerinde gurşun, sink, kükürt, günbatar Köpetdagda simabyň zapaslarynyň  bardygyny görkezdi. Sanalyp geçilen peýdaly baýlyklaryň has köp duşýany nebit we gaz bolup, bularyň zapasy boýunça ýurdumyz Orta Aziýada birinji orna eýedir. Öň nebit we gaz ýurdumyzyň diňe günbatar raýonlarynda tapylan bolsa, häzir nebitiň, gazyň iňňän köp zapaslary Merkezi Garagumda, Baýramaly sebitlerinde, Amyderýa ýakalarynda hem tapyldy. Günbatar Türkmenistanda, Gyzylgum ýaly täze nebitli, gazly ýerler açyldy. Çeleken sebitlerinde deňiz düýbünde geçirilen geofiziki işler Kaspi deňziniň günorta-gündogar tarapynda hem birnäçe nebitli strukturalaryň bardygynyň üstüni açdy. Bu uly zapaslara esaslanylyp, häzir respublikamyz nebit we gaz çykarmakda Söýuzymyzda üçünji orunda durýan bolsa, gelejekde has görnükli orny eýelär diýip tama edýäris. Türkmenistanyň Baýramalydaky, Derwezedäki, Özbegistanyň Üçgyrdaky gaz zapaslaryna esaslanylyp, Orta Aziýa — Merkez  atly uly gaz magistraly gurlup başlandy. Respublikamyzyň klimatynyň gurak we çöllük bolanlygy zerarly, onda süýji suw ýetmezçilik edýär. Ösüp barýan oba hojalygymyz, senagatymyz bolsa köp süýji suw zapaslaryny talap edýär. Şoňa görä-de Türkmenistanyň ýerasty suwlaryny öwrenmek işi hem, edil beýleki baýlyklary öwrenmek işi ýaly zerur bolup durýar. Soňky ýyllaryň gözlegleri netijesinde Köpetdag eteginde, Garagumda birnäçe süýji suwly ýerleriň bardygy mälim edildi. Olardan has umumy, amatlysy eýýäm ulanylyp başlanan Ýasga linzasydyr. Nebitiň, gazyň, iýodyň, bromyň gazylyp alynyan möçberiniň has giňeldilmegi respublikamyzda himiýa senagatynyň gülläp ösmegine getirdi.

Ülkämiziň gazylyp alynýan baýlyklaryny artdyrmakda, tapmakda, olary senagatda, oba  hojalygynda ulanmakda işlär ýaly geologiki, inžener-tehniki ugurlardan başarjaň ýerli kadrlaryň  ýetişdirilmegi zerur.  Dogry soňky ýyllarda bu ugurdan ep-esli öňe gidişlik boldy — diýip, awtor türkmen gyzlarynyň, ýigitleriniň ýüzlerçesiniň doganlyk ýurtlara okuwa iberilendigini belläp geçýär. Geologlaryň hataryna türkmen gelin-gyzlarynyň bir toparynyň gelip goşulandygy örän guwandyryjy fakt. Bibi Amanowa, Nebitdagda nebitçileriň arasynda işleýän bolsa, Jahan Gurbannazarowa, Sona Gylyjowa, Ira Çaryýewa, Jeren Berdiýewa, Gözel Öwezowa dagy Geologiýa institutynda işläp, dürli ekspedisiýalara gatnaşýarlar — diýip, olaryň atlaryny buýsanç bilen sanap geçýär. — Şeýle başarjaň türkmen gyzlarynyň sany barha artsyn!— diýip kärdeş zenanlarynyň köpelmegini arzuwlaýar. Şeýle hem ol makalasynda ýerli kadrlaryň şol sanda türkmen gyzlarynyň geologiýa ylmyna bolan höwesini artdyrmak üçin, alnyp barylmaly işler hakynda öz tekliplerini-de anyk düşündiripdir. Makalanyň anyk maglumatlar bilen sowatly ýazylyşy bu ugurdan onuň işine juda berlen zenandygyny hemem halkymyza ak ýürekden hyzmat edendigini aýdyň subut edýär. Onuň şeýle makalalary bolsa başga-da kän. Olaryň her birini okap şeýle edermen, gujur-gaýratly watandaşlarymyzyň bardygyna buýsanjyň artýar.

Arhiw suratlarynyň arasynda Toty ejäniň doglan gününde düşürilen suraty bar eken. Ogulnäzik mugallym suraty eline alyp: — Ejem doglan güni bolsa, «Adam üýşürip azara goýmaň, maşgalamyz bolup oturaýalyň» diýerdi. Şonuň üçin her gezek doglan gününi öz aramyzda bellärdik. Gowy sözler aýdyp gutlardyk. Ynha, şu suraty onuň 70 ýaş toýy güni düşülen surat — diýdi-de gülüp: — Şol gün ir bilen doganlarymyz bolup ejemi hiç birimiz gutlamadyk. Aýal doganym Ogulnyýazlaň öýünde ýüz ýigrimi adamlyk saçak ýazyp taýýarlyk gördük. Ejemiňem habary ýok. Birden: «Eje, ýör, Ogulnyýazlara gideli. Gapyda ulag taýýar» diýdim welin: «Näme, menlik işi çykdymy?» diýip nägilelik bilen ulaga mündi. Ogulnyýazlaryň öýüne bardyk welin, giýewimiz howlunyň öňüne uly tuty çekip goýupdyr. Ejem: «Bu näme beýdip, diwary ýapyp goýupsyňyz?» diýdi. Şol wagt howla girenden tutynyň ýüpüni çekip açdylar welin, güllerden beslenen oturgyjyň gapdalynda bir topar kursdaşlary elleri sowgatly ejeme garaşyp durlar. Ejem üçin duýdansyz sowgat boldy. Şonda ejem jan begenip hem aglady hem güldi. Ullakan batman kagyza kärdeşleriniň kimsi surat çekip goýdy, kimsi gutlag sözlerini ýazyp goýdular. Soň-soňlaram şol ýürek ýazgylary okap ejem: «Şu owadan sözleri ýazyp sowgat eden kärdeşlerimiň, kursdaşlarymyň köpüsi häzir ýogaldy-da» diýip gynanyp aglardy — diýdi-de, birdenem ýylgyryp ýene gürrüňini dowam etdi. Ol: «Hemmämizem garrasak şolardan gowy bolasymyz ýok-la welin, onda-da güläýýäs. Ejem segsen ýaşanda: «Näzik jan, iki sany joram galdy. Doglan günümi şolary çagyryp belläýiň» diýdi. Arkaýyn otursynlar diýip üç adamlyk aýry stol taýýarladyk. Üçüsem zordan ýöreýän adamlar. Goltugyna söýget berip saçak başynda oturtdyk. Pahyrlaň gulaklary gowy eşidenok. Seslerem zordan çykýar. «Toty jan, o ýerim agyrýar, bu ýerim agyrýar» diýip hersi ýagdaýyny aýdýar. Ejemem olara «eýt-beýt» diýip maslahat berýär. Onsoň olaryň gürrüňlerini bir-birleriniň gulaklaryna gygyryp aýdyp sesim gyrlaýypdyr. Bir hepdeläp bokurdagyma bejergi aldym. Şo boluşlaryna-da öz aralarynda: «Ýaşlygymyz nähili gyzykly, owadan geçdi» diýýärler. Gürrüňlerinden bolsa, aç-suwsuz, hor-homsy ýaşandyklary görnüp dur, ýöne aňynda ýaşlyk hyjuwy otyr. Haýran galdyk. «Ýaşlygymyz uruş döwrüne gabat geldi. Açlyk ýyllary bolansoň, ejem görgüli «Gyzym sen iý, men eýýäm iýdim» diýip çörek bererdi. Wah, ejem jan özi iýmän bize iýdiren eken» diýerdi — diýip sözüne dyngy berdi. Şol pursat şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň ýaşlyk ýyllarynyň ähli kynçylyklaryny ýekän-ýekän ýatlap, goşgusynyň soňunda bolsa: «Oňa derek, ah nähili ýaşdym men» diýen setiri gulagymda ýaňlandy. Ýaşlygyň özi bir, gaýtalanmajak gözellik-dä…

Toty ejäniň metbugat sahypalaryndaky suratlaryny gaýta-gaýta synladyk. Onuň «Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1960-njy ýylyň  28-nji awgust sanynda şägirdi bilen iş pursadyndaky suratynyň aşagynda şeýle ýazgy bar.

«Bularyň ikisiniňde ykbaly dürli-dürli. Ýöne olar biri-birine gör nähili meňzeş! Bir wagtlar Toty Rozyýewa hem edil şu gyz ýaly utanjaňlyk, ýygralyk bilen alymyň iş otagynyň bosagasyndan ätläpdi. Öz ýolbaşçysynyň berýän maslahatyny ol hem edil şu gyz ýaly dykgat bilen diňläpdi…Bularyň hemmesi-de ýaňyja bolan ýaly. Lebaply Toty Rozyýewa türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda ilkinji bolup, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty diýen ada mynasyp bolýança, tutanýerli okuwda, gözleglerde köp wagt geçdi. Amyderýa bilen Murgap suwunyň birleşişi ýaly, bu gyzlaryň ykballary hem institutda tapyşdy. Oguljahan Gurbannazarowa Aşgabatdaky uniwersiteti ýap-ýaňyja gutardy. Onuň öňünde aýdyň ýol açyldy. Ol aňsatlyga kowalaşman, kyn bolsa-da, asylly alymlyk ýoluny saýlap aldy. Häzir ol uly laborantka. Özüniň uly halypasy ýaly, ol hem az wagtdan soň ýaş jorasyny garşylar. Bularyň hemmesi-de hiç kimi geň galdyrmaz. Sebäbi durmuşymyzyň özi şeýle».

Ynha, alym Toty Rozyýewa hakynda şunuň ýaly dürli suratlary bilen bezelen ýazgylar bolsa, juda kän eken. Bize diňe olary ýagşylykda ýatlaýmak galýar. Halkymyzyň öňünde şeýle uly hyzmat bitiren watansöýer ildeşlerimiziň durmuş hem zähmet ýollaryny giňişleýin öwrenip, olary ýatlamak bolsa parzymyz.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar