SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

13-nji Wan Sergisi

Türkiýäniñ Wan welaýatynyñ tebigy gözelliklerini dünýä yüzüne giňden ýaýmak maksady bilen 2023-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 01-nji oktýabry aralygynda “Gündogar Anadolynyñ Wan şäherine syýahatçylyk we gezelenç” atly XIII halkara syýahatçylyk sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Ol Türkiýäniñ Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Wan häkimliginiň, Türkiýäniñ syýahat agentlikleriniň birleşmesi (TÜRSAB), Türk myhmanhanalary birleşigi (TÜROB), Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigi (TOBB), Türkiýäniň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça Dolandyryş müdirliginiñ (KOSGEB) goldaw bermeginde we Ýüpek Ýoly Expo Fair A.Ş kompaniýasynyň guramaçylygynda geçirilýär.

Çärä Eýran, Yrak, Azerbaýjan, Ermenistan we Nahiçewan ýaly sebit yurtlaryñ, şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunlukda sergä syýahatçylyk agentlikleri, myhmanhanalar, şypahanalar, awiakompaniýalar, kafe-restoranlar ýaly degişli pudaklardan 100 müñ gatnaşyjynyñ gatnaşmagyna garaşylýar.

Has giňişleýin maglumat üçin https://www.ipekyoluexpo.com/2023/03/27/13-van-dogu-anadolu-uluslararasi-turizm-ve-seyehat-fuari/ web sahypasyna girip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar