BILIM

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryňdyr halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bilim işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamynyň geriminiň barha giňeýändigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şol sanda täze okuw ýylyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem täze hünärleriň birbada 4-si — maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berlip başlanar.

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi