Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewanyň zähmet çekýän medeni ojagyna baryp, oňa özi hakynda makala ýazmak üçin gelendigimi aýtdym. Ol ilki bilen: — Iş ýerimizde menden başga-da halypalar bar. Bibigözel Mämmedowa, Ogultagan Orazgulyýewa, Akjemal Saparowa, Tuwakgül Gylyjowa… — diýip kärdeşlerini atlandyrdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna işim düşüp kän gelýän. Bu ýerde zähmet çekýän halypa kitaphanaçylaryň ählisindenem göwnüm hoşal, ýöne näme üçindir şonda-da aýratyn siziň hyzmatyňyzyň öňünde özümi borçly ýaly duýýan. Siz hakynda ýazsamam ähli işgärleriňize goýýan uly hormatym bolar — diýenimden Oguljemal gelineje ýylgyryp: — Bu biziň saýlan kärimizde okyjylaryň öňünde etmeli işimiz ahyry — diýdi. Soňra-da ol çalasynlyk bilen iş stolunyň üstüni süpürişdirip durşuna gapdalyndaky oturgyçda geçip oturmagymy mürähet etdi. Ol: — Arassalanan bolsa-da, her gün işe başlamazymdan öň, işden gaýtjak wagtym hökman iş stolumyň üstüni süpürişdirmek endigim bar — diýip, gabat garşyma geçip oturdy. Onuň bilen indi näçe ýyllar bäri iş salşyp gelýän. Haýsy ugurdan bolsa-da, giňişleýin bir zatlar ýazjak bolsaň maglumat gerek bolýar. Şonda makalanyň has täsirli bolmagy üçin täsin maglumatlaryň gözlegine çykýaň welin, hökman kitaphana maňlaýyňy diremeli bolýaň. Köplenç iş ýerine gelip oňa ýüz tutýan. Onda özünden öňinçä özgäniň zähmetine bolan uly hormat bar. Şonuň üçin kitaphana gelmäge hyýallansam ilki bilen oňa jaň edýän. Gelineje, gaýrat et, haçan işde bolsaňyz ýanyňyza barjak. Maňa pylan halypanyň döredijiligi hakynda maglumat gerek — diýip jaňlaşýan. Sebäbi onuň köplenç teleradioýaýlymlara ýazga ýa-da haýsydyr bir döwlet çäresinde çykyş etmäge gidýändiginden habarym bar. Onuň «Söz mülküniň bossany», «Älem syry kitap bilen açylýar», «Edebim — mertebäm» we başga-da ençeme telegepleşiklerdäki çykyşlaryny yzygider diňleýän. Çykyşlaryndan kitaby köp okaýandygyny duýmak kyn däl. Sebäbi her bir çykyşyň many-mazmunyna sazlaşykly, eser ýazan ýaly baý mazmunda bezäp çykyş etmek ýeňil iş däl. Onuň üçin hökman taýýarlyk görmeli. Şol sebäpli onuň işiniň kändigini bilýän. Ýöne ol aňsat-aňsat «Işim çykdy elim degenok» diýip köp garaşdyranok. Hatda iş güni däl bolsa-da, zerur diýseň işe çykmaga ýaltananok. Işine juda berlen zenan. Iki-üç gezek ýanyna baranymda ol iş stolunyň üstünde dürli ýyllarda, dürli neşirlerde çap bolan makalalary bir ýere jemläp ýekän-ýekän gerekli maglumatlaryň arasyny kagyz bilen belläp oturanyna gabat geldim. Ol şonda: «Täzegül jan (Nurmämmedowa) haýyş etdi. «Miras» teleýaýlymynda taýýarlanýan «Ruhy çyragym» gepleşigine Magtymguly Myşşyýew, Baýram Abdyllaýew hakynda maglumat gerek — diýdi» diýip başagaý bolup işläp dur eken. Emma şonda-da onuň ýüzünden: «Indem sen geldiňmi?» diýen ýaly ýadawlygyny duýmadym. Gaýta: «Oňaraýypsyň, gelen bolsaň. Şeýdip yhlas edip işleýän adamlary görsem hezil edip, işimden lezzet alyp işleýän» diýip, çalasynlyk bilen haýyşymy bitirmäge girişdi. Onuň dogumlylyk bilen çalasyn hereketi, işine höwesliligi, haýyş bilen barany güler ýüz bilen garşylap: «Berekella, geçen gezekki ýazan makalaňy okadym. Haladym, şeýdip giňişleýin ýazylsa täsirli bolýa. Kömek gerek bolsa çekinmän aýdaýyň. Öten-geçen halypalary ýatlap edýän sogaply işiňize bizem dahylly bolaly» diýip şeýlebir ruhlandyrýar welin, işiňe höweslenip, hasam jogapkärçiligiňi artdyrýar. «Gözüňe agram düşmez ýaly häzir çyrany ýakaýyn» diýip stoluň üstündäki çyrany özüňden öňürti ýakyp aladaňy edýär. Şeýle bolansoň onuň ýanyna iş bilen ýüz tutup barýan az däl. Ynha, şu gezegem barsam onuň iş stolunyň üstünde kärdeşim Ysmaýyl Taganyň ýürek ýazgysyny ýazyp kitaphana sowgat beren kitaplary dur eken. Oguljemal gelneje şol kitaplary okap ýetişmändigi üçin indi okamaga girişendigini aýtdy. «Didar» at bilen taýýarlanan (Özbek şygryýetinden terjimeler) bu kitaba häzirki zaman özbek şahyrlarynyň goşgularynyň 280-e golaýy girizilipdir. Kitabyň girişinde aýdylyşy ýaly olar çeperçilik taýdan kämilligi, pikir çuňlugy we duýgy babatdaky köpöwüşginliligi bilen şygryýet muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolar… Dürli temadaky goşgularyň 250-den gowragyny özünde jemleýän «Ýazylmadyk goşgular» atly kitap awtoryň öz goşgular ýygyndysy. «Gel, gardaş!» (Azerbaýjan şygryýetinden terjimeler). Golýazma hukukly bu kitaba azerbaýjan şahyrlarynyň 300-e golaý goşgusy girizildi. 30 şahyryň döredijiliginden nusgalary özünde jemleýär. «Gel, gardaşym!» şol bir wagtyň özünde, doganlyk azerbaýjan halkynyň söz sungatyna — şygryýete goýýan belent sarpasyny-da şöhlelendirýär — diýip kitabyň häzirlikçe girişini okadym. Nesip bolsa, dolulygyna indi okamakçy. Şeýdip kitaphanamyza öz kitaplaryny sowgat getirýärler welin, begenjimiň çägi ýok. Öňki Türkmen döwlet Ulag we aragatnaşyk institutynyň kitaphanasynda işleýärkäm kitaphananyň 25 müň kitap hazynasyny 140 müňe ýetirdik. Şol ýerde işleýän döwrüm häzirki Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyndan aramy üzmedim.
Mugallymlary, talyplary gerekli kitaplar bilen üpjün edip durýardym. Arada maý aýynda «Kitap ynsan kalbynyň şamçyragy» atly amaly maslahat hem-de kitap sergisi geçirildi. Kitaphanamyzda guralan şol gezekki söhbetdeşlik duşuşygyna halypa Almaz Ýazberdiýew hemem birnäçe edebiýatçylar, alymlar gatnaşdylar. Şonda olar bilen çykyş etmeli boldum. Emma näme üçindir halypalardan çekinip, çykyş etmäge birbada ýaýdandym. Onda-da syr bildirmän başardygymdan olar bilen pikir alyşdyk. Almaz aga şonda: «Şägirt halypadan ozdurdy» diýip şeýlebir ruhlandyrdy. Onuň şol aýdan ruhlandyryjy sözleri indi haýsy bir ýerde çykyş etmeli bolsam göwnüme ganat berýär. Şol gezekki duşuşyk halypa bilen şägirt, mugallym bilen talybyň gatnaşygy ýaly gün boldy. Almaz aga şo gezek gelende özüniň kitaplaryny kitaphanamyza sowgat getirdi. Men şonda ony iň soňky gezek garşylap, gaýdan wagtynda iň soňky gezek ugradyşym boldy. Jaýy jennet bolsun! Almaz aga talyp döwrüm tejribe ýolbaşçym bolupdy — diýip Oguljemal gelineje gürrüň berdi. Soňra ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowy ýatlady. — Kä wagt joşan wagtym başardygymdan goşgujyk ýazan bolmam bar. Kitaphanamyzda döredijilik bilen meşgullanýan işgärleriň arasynda şygryýet bäsleşigi geçirildi. Şonda Täçmämmet aga: «Oguljemal, sen näme bäsleşige goşgularyňy getireňok? » diýip jaň etdi. Wah, Täçmämmet aga, men şahyr däl-ä, ýöne bir, käte ýüregime gelen sözleri goşgy setirlerine salaýmam bar — diýdim. Ýatan ýeri ýagty bolsun! — Men seniň goşgy ýazýanyňy bilýän, getir hökman! — diýip ynam bildirdi. Onsoň bugdaý hakynda üç sany goşgy ýazyp eltdim. Bäsleşikde ikinji ýere düşüripdirler eken. Welaýata iş bilen gidenimde yzymdan jaň edip aýtdylar.
Kän halypalar bilen işleşmek miýesser etdi. Olaryň ruhlandyryjy sözleri ýatlama bolup hakydamda galdy — diýip sözüne dyngy berdi. Men oňa aýratyn çalasyndan dogumly işjanlylygynyň göwnüme ýaraýandygyny aýtdym. Ol: — Kiçiligimden zähmet terbiýesi bilen terbiýelendim. Çagalygym ýeňil geçmedi. Men 1952-nji ýylyň 5-nji aprelinde Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Çaltut geňeşliginde doglan. 1969-njy ýylda Saýat etrabynyň Sakar şäherçesindäki 1-nji orta mekdebi tamamladym. Eýýäm 2-nji synpyň okuwçysy döwrüm synpdaşlar bolup pagta meýdanynda körek ýygyp tä ýygym doly gutarýança meýdanda işleýärdik. Gijelerine pelteli gara çyranyň ýanynda körek arassalaýanym ýadymda. Onuň üstesine-de on bir ýaşymdakam kakam ýogalyp ýetim galdyk. Maşgalamyzyň eklenji ejemiň üstüne düşdi. Onsoň kiçilikden ejemize goldaw berjek bolup işe girişdik. Altynjy synpyň okuwçysykam öz geýjek köýnegimi özüm tikip ýakasyny keşdeläp bilýärdim. Maşgalamyz bolup gurçuk tutmak işi bilen meşgullanýardyk. Öz elim bilen taýýarlan pile ýüpegimiň boýalan hemem ak reňkdäki görnüşini häzirem çagalaryma miras hökmünde saklaýan — diýip, Oguljemal gelineje pileden ýüpek taýýarlanyşynyň düzgünlerini düşündirdi. Onuň kitaba bolan söýgüsiniň juda uludygy hakynda gürrüň gozgadym. Ol: — Ejem rus diline juda ökdedi. Kakam Sakar posýologynda tok üpjün edýän edarada işleýärdi. Her gün kakama günortanlyk nahar eltemde kakamyň iş otagynda «Sowetskiý Soýuz», «Smena», «Rabotnisa», «Krestýanka» atly merkezi žurnallar bardy. Şolary okajak bolup rus dilini öwrendim. Mekdepde okaýan döwrüm nemes dili sapagy geçilýärdi. Öňki latyn elipbiýimiz nemes diliniň harplary bilen meňzeşiräk bolansoň nemes dilini öwrenmek maňa rus dilinden aňsat düşdi. Häzirem nemes dilindäki eserleri okap bilýän. Şu pursat bir zat ýadyma düşýär. Ejem pahyr köplenç gijelerine «Görogly» eposymyzy okap bererdi. Eposyň kyssasyny kyssa ýaly, aýdymyny aýdym edip, şeýlebir çeper okap bererdi welin, käwagt kakam: «Kümüş, (ejemiň ady) hany bir Görogludan nama gaýyrsana!» diýerdi. Belki, ejem-kakamyň edebiýata, kitaba bolan söýgüsi maňada täsir edendir, bilmedim. Kakam dünýeden gaýdansoň, çagalaryny eklemek üçin ejem ilki naharhanada gap-gaç ýuwujy, soňra keselhanada sanitarka bolup işledi. Menem orta mekdebi tamamlap 1970-1973-nji ýyllarda etrabymyzyň kitaphanasynda okalga müdiri bolup işledim. Mekdepde okaýan döwrüm baýramçylyk dabaralary mynasybetli guralýan çärelerde alypbaryjy bolýardym. Kitaphanada işleýän wagtymam etrap medeniýet öýünde guralýan medeni köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýardym. On ýedi ýaşymdakam dramaturg Oraz Akmämmedowyň «Üzülen ömür» eseri esasynda sahnalaşdyrylan oýunda Bossan ejäniň keşbini oýnanym ýadymda. Käte aýdym aýdybam çykyş edýärdim. «Öwezim», «Gelinler», «Gurbanyň bolaýyn» atly aýdymlary aýdýardym. Umuman, köpçülik çärelerine gatnaşmaga ýaşlykdan höweslidim. 1976-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili fakultetini kitaphana işini öwreniş we bibliografiýa hünäri boýunça gaýybana tamamladym. Durmuşa çykyp maşgalaly bolamsoň, ýan ýoldaşym paýtagta işe goýuldy. 1975-1982-nji ýyllarda öňki Karl Marks adyndaky Döwlet kitaphanasynyň «Kitap toplamak» bölüminiň uly kitaphanaçysy, 1982-1993-nji ýyllarda Aşgabadyň Gidromelioratiw tehnikumynyň kitaphanasynyň müdiri, garaz, ömrümiň kyrk ýyldan gowragyny kitaphana işine bagyşlap gelýän.
Ynha, ýanymda hemişe bellik edýän ýandepderçäm bar. Şonda siziňem adyňyz ýazylgy. Ýazyjylar Çary Aşyrowyň, Hudaýberdi Durdyýewiň başga-da kän halypalaryň terjime eserleri hakynda maglumat gözläp gelendigiňiz, senesi bilen näçe maglumat tapyp berenimi bellik edipdirin. Her ugurdan gelýän okyjylar bar. Arada telekeçi okyjynyň biri haýyş bilen geldi. Onuň haýyşy boýunça aýakgap önümçiliginde ulanylýan (daban astylar) barada düşünje, iki sanysyny tapdym» diýip bellik edipdirin. «Zenan kalby» žurnalynyň işgärine «Tamdyr keramatdyr, keremdir» at bilen gürrüň beripdirin. Kä wagt telefon arkaly jaň edip kömek soraýanlar bar. 2021-nji ýylda Balkan welaýatyndan bir okyjy sözlerini dogry anyklamak üçin haýyş edende, Magtymgulynyň öň çap edilmedik «Hudaý degilmi» atly goşgusyny doly okap berdim. Ine, şonam bellik eden ekenim» diýdi. «Nesil» gazetinde işleýärkäm nobatçy bolanymda menem köplenç anyklamaly zatlar gabat gelende size jaň edýärdim. Şonda maňa-da sözme-söz okap berip kömek edýärdiňiz. Sag boluň, gelineje! Ömrüňiz uzak bolsun! «Sizem sag boluň, agzybirlikde işlense işiň netijesi gowy bolýar. Zähmet çekýän Döwlet kitaphanamyz ýurt derejesinde ylmy merkez hasaplanýar. Öz üstüňde gözlegde bolýaň.Taryhçy, oba hojalyga degişli her ugurdan okyjylar gelýär. Kitaphanaçy boljak bolsaň ilki bilen okyjylaryň haýsy topara degişlidigini bilmeli. Kitaphana ilkinji gezek gelýän okyjylar bar, diňe özüniň gyzyklanýan belli bir ugry boýunça maglumat gözläp gelýän okyjylar bar, has düýpli, ylmy maglumatlary gözläp gelýänler bar. Abonent doldurmagy öwredýäň. Her okyjynyň düşünjesine görä hereket etmeli. Onsoňam her döwrüň talabyny, taryhyny edebiýatyny, şahsyýetlerini gowy bilmeli, ýogsa okyjylaryň islegini kanagatlandyrmak aňsat däl» diýip gürrüň berdi welin, men oňa bir pursady ýadyma saldyňyz. Ýazyjy Rahym Esenow ýogalmazynyň 2-3 ýyl öň ýanlaryndady öýdýän, anyk ýadymda däl. Ol uruş weteranydy. Üç sany uruş weterany bilen 9-njy Maý ýeňiş güni mynasybetli guralan dabara gatnaşdyk. Zaldaky diňleýjilerimizem 4-nji synp okuwçylardan uly däldi. Şonda Rahym aga dabarany gurnaýjylara: «Siz, nähili adamlap? Men aňyrdan gelenimde diňleýjilerim uly ýaşly adamlardyr öýdüp, ululara laýyk çykyş etmek üçin taýýarlanyp geldim. Çagalaryň öňünde çykyş etmeli diýen bolsaňyz, men onda başgaça taýýarlanardym ahyry» diýip käýineni ýadymda. «Ýazyjynyň şol käýinji ählimiz üçinem sapak boldy» diýşip, şondaky dabara gatnaşan kärdeşler bilen häli-häzirem ýatlaýas. Soň-soňlar bir ýerde çykyş etmeli bolsak öňi bilen diňleýjilerimiz hakynda gyzyklanýas. Halypalar uly mekdep» diýenimden Oguljemal gelineje: «Buça bolanyna görä Rahym agaly ýatlamany-da aýdaýyn. Ol wagtlar Aşgabadyň Gidromelioratiw tehnikumynyň kitaphanasynda işleýärdim. Şonda döredijilik duşuşygy geçirilende bir gezek Rahym Esenowam gatnaşdy. Öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryndanam artistler geldiler. Şol gezek Rahym agany ýüzbe-ýüz görmek miýesser etdi. Rahym aganyň «Söwet edebiýaty» žurnalda çap bolan «Peýkam» atly makalasyny okapdym. 1941-1945-nji ýyllaryň uruş döwründe razwetçik bolan Aga Berdiýew hakynda ýazylandy. Şeýle haladym. Soň ol hakynda ýazyjy kitabam ýazdy. Rahym aganyň «Säherdäki salgymlar, «Jahanda uruş barýarka», «Sary dominonyň kölegeleri» atly kitaplaryny okapdym. Aga Berdiýewiň gahrymançylygy hakynda «Ol biziň obadaşymyzdy» at bilen soň başga bir ýazyjam kitap ýazypdy» diýip gürrüň berdi. Oguljemal gelinejeden haýsy ugra degişli kitaplary okamagy halaýaňyz? — diýip soradym. «Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn», Gylyç Kulyýewiň «Güljemal han», Atajan Taganyň «Saragt galasy», özbek ýazyjysy Pirimkul Kadyrowyň «Muhammet Babur hakynda», gruzin ýazyjysy Grigol Abaşidzäniň «Uzaga çeken tümlük» ýaly we başga-da taryhy romanlary okamagy has göwy görýän. Taryhy eserleri okanymda mazmunyna doly hem dogry düşünmek üçin hemişe sözlüklerden peýdalanýan. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň goşgularyny gije-gündiz okasamam ýadamok. Emma onuň goşgularyna düşünmek üçin hökman sözlüklere ýüzlenmeli bolýar. Şonuň üçin alym Aşyrpur Meredowyň «Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginiň üç tomundan hem peýdalanýaryn — diýip gürrüň berdi. Onuň şol pursatam iş stolunyň üstünde 1960-njy ýylda çap bolan «Türkmen klassyky edebiýatynyň tekstleri boýunça gysgaça sözlük» kitaby bardy. Kitaby elime alanymdan: «Okap öwrenýän zatlarymy sözlüksiz anyklaman halka ýetirmegi özüme kemlik hasap edýän» diýdi. Uly-uly romanlary okamak üçin haçan wagt tapýaňyz?— diýip, oňa ýene sowal berdim. «Gije sagat üçe-dörde çenli kitap okaýan» diýdi.
Iş ýerinden onuň häsiýetnamasyny okadym. «Oguljemal gelinejäniň zähmet ýollary bilen tanşanyňda-da, onuň işbaşarjaň, kitap we kitaphana bilen bagry badaşandygyna göz ýetirýäň. Ol köpýyllyk iş tejribesinde taplanyp, häzirki bagtyýar döwrümizde kitaphanada zähmet çekýän ýaş hünärmenlere öz käriniň inçe syrlaryny öwredýär. Bölümiň meýilnamasy esasynda okalga zalynda ýerleşýän kataloglary rejeleýär (redaktirleýär) we häzirki döwürde hereket edýän elektron kataloglaryň talabalaýyk ýöredilmegine halypalyk maslahatlaryny berýär. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoluny ýöredýär.Ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän syýasatyny teleradioýaýlymlarda yzygiderli giňişleýin çykyşlarynyň üsti bilen wagyz edýär. Häsiýeti boýunça sada, alçak, ak ýürekli, adamkärçilikli, iş babatda tutanýerli we jogapkärçilikli, durmuşa höwesli zenan bolmak bilen kitaphana işgärleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Maşgalasynda 4 çagasy bar» diýlip ýazylypdyr. Bizem makalamyzyň ahyrynda oňa jan saglykda maşgala abatlygy bilen, işde hem durmuşda gazanan at-abraýynyň uzak ýyllar hözirini görüp ýaşamagyny arzuw edýäris.
Akgül Saparowa