Türkmenistanyň raýatlaryna Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Täze Tertip bilen, Şu Tertibe laýyklykda, Öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin karz 30 (otuz) ýyl möhlete berilýär. Karzlar boýunça göterim tölegini ýylda 1 (bir) göterim derejesinde hem-de esasy bergini üzmek boýunça karz şertnamasynyň baglaşylan senesinden 5 (bäş) ýyla çenli ýeňillikli döwür bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtyndaky Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda çykaran 189-iş belgili Buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň raýatlaryna Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlardan öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, satyn almaga karzlary bermegiň Tertibinde bellenilýär.
Tertipde bellenişine görä, Ýeňillikli döwrüň möhletini bäş ýyldan köp möhlete yza süýşürilmäge ýol berilmeýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna Bankyň şol bir Raýata şu Tertibiň üçünji böleginde göz öňünde tutulan şertlerde iki gezek karz bermäge hukugy ýokdur. Öýi satyn alýan Raýat Öýüň bahasynyň 10 (on) göteriminden az bolmadyk möçberini tölän ýagdaýynda, gozgalmaýan emläk üçin karzyň möçberi Öýüň bahasynyň 90 (togsan) göteriminden ýokary bolmadyk möçberde bellenýär.
Öýi gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, gozgalmaýan emläk üçin karzy almak üçin Raýat şu resminamalary tabşyrmalydyr:
1) Karz almak üçin arza;
2) Raýatyň pasportynyň nusgasy (zerur bolan sahypalary);
3) Öýüň bahasynyň 10 (on) göteriminden az bolmadyk ilkibaşdaky töleg möçberiniň geçirilendigini tassyklaýan resminamalar;
4) Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy ýa-da nikada durmaýanlygy barada Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edarasynyň güwänamasy;
5) Äriniň (aýalynyň) we kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň satyn alýan Öýüni girewe goýmaga ýazmaça razylygy;
6) Raýatyň we zerur halatda onuň bilen bir ýerde ýaşap, umumy hojalygy ýöredýän äriniň (aýalynyň) we kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň eýeleýän wezipeleri we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwänamalar hem-de beýleki bar bolan girdeji çeşmelerini tassyklaýan resminamalar (telekeçileriň we kärendeçileriň girdejilerini hasaba almak bilen);
7) Zamun bolup çykyş edýän taraplaryň ýazmaça beren razylygy we olaryň pasportlarynyň nusgalary (zerur bolan sahypalary), eýeleýän wezipelerini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen, iş ýerinden güwänamalar hem-de beýleki bar bolan girdeji çeşmelerini tassyklaýan resminamalar (telekeçileriň we kärendeçileriň girdejilerini hasaba almak bilen);
8) ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler salgyt töleýji hökmünde salgyt edaralarynda hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasynyň, hereket edýän hususy telekeçiler tarapyndan girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknamanyň, ygtyýarnamasynyň we soňky hasabat döwri üçin salgyt edaralary tarapyndan girdejisini tassyklaýan salgyt beýannamasy (arassa peýdasyny görkezmek bilen) göçürme nusgalaryny;
9) Raýat bilen Satyjynyň arasyndaky Öýi satyn almak-satmak barada baglaşylan şertnamanyň nusgasy (zerur bolan ýagdaýynda – Öýüň bahasyny tassyklaýan resminama);
10) satyn alynýan Öýüň hususy ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň şahadatnamasynyň, tükelleýiş işiniň nusgalary.
Berlen maglumatlaryň ygtybarlylygy barada şübhe dörän halatynda Bank karzy bermekden öň olary barlap biler, şondan soň karzy bermegiň mümkinçiligi hakynda çözgüt kabul edilýär.
Raýatyň arzasy resminamalaryň doly bukjasy bilen birlikde, Bank tarapyndan ýörite döredilen hasaba alyş kitabynda hasaba alynýar.
Karz şertnamasyny resmileşdirmek bilen baglanyşykly ähli çykdajylar, Raýatyň hasabyna amala aşyrylýar.
Bank tarapyndan göterimler karzyň berlen senesinden başlap her aýda hasaplanylýar hem-de Raýat karzdan peýdalananlygy üçin hasaplanylan göterimleri her aýda tölemäge borçly bolup durýar.
Karzy yzyna gaýtarmagyň tertibi karz şertnama goşmaça hökmünde resmileşdirilýär we onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Tertipde göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda, Raýatyň satyn alýan Öýi gozgalmaýan emläk üçin karzyň üpjünçiligi bolup durýar.
Bank girewe goýlan Öýe onuň satyn almak-satmak şertnamasyna laýyklykda umumy bahasyna esaslanyp baha kesip biler.
Raýat Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda satyn alýan Öýüni girew hökmünde resmileşdirmäge borçlanýar.
Girew şertnamasy resmileşdirilende girew emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynýar we girew saklaýjynyň razylygy bolmazdan, Öýi aýrybaşgalamak (satmak, sowgat hökmünde bermek we çalyşmak) gadagan edilýär hem-de bu barada girew şertnamasynda bellenilýär.
Öý babatyndaky hususy eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň asyl nusgasy Raýatda saklanylýar.
Raýat girew şertnamasyny resmileşdirmezden öň Bankyň talaplaryna laýyklykda, Öýi gozgalmaýan emläk üçin karzyň tutuş möhletine ätiýaçlandyrmaga, ätiýaçlandyryş töleglerini döwürleýin tölemäge we tölegleriň amala aşyrylanlygyny tassyklaýan töleg resminamalarynyň göçürmesini bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriň görnüşleri Bank tarapyndan kesgitlenilýär.
Öýden onuň görki üýtgedilmezden, diňe göni niýetlenilişi boýunça peýdalanylmalydyr.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR
Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.
“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com
WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52 ýa-da +90 530 251 36 73