JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagadaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy