Serdar Azmun Russiýanyň “Zenit” toparyna dolanyp gelip biler. Rus topary özüniň hüjümçilerinden braziliýaly Malkomy Saud Arabystanynyň toparyna satdy. Şeýle hem toparyň düzümindäki Klaudiniýo bilen hem gyzyklanýan toparlar bar.
Rus topary düzümini täzeden güýçlendirmek üçin ozal Germaniýanyň “Baýer” toparyna iberen eýranly futbolçysy Azmun bilen gyzyklanýar. “Zenit” topary 28 ýaşyndaky futbolçy üçin teklip bilen çykyş etdi.
Bu hüjümçi bilen başga toparlar hem gyzyklanýar. Azmun “Zenit” toparynyň düzüminde 2019-2022-nji ýyllarda oýnady.
Ol şol döwürde 104 duşuşykda oýnap, 62 gol geçirdi. 2019/20-nji ýylda iň köp gol geçiren futbolçy bolup, 2020/21-nji ýylda Russiýanyň Futbol geňeşi tarapyndan möwsümiň iň gowy futbolçysy saýlanypdy.
