DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşular

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna, torlaryna we ýöriteleşdirilen institutlaryna ýurdumyzyň goşulmagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. BMG-niň bu iri guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylýan şygaryndan hem-de “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan” ugur alnyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goşulmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar institutyna goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Bu institutyň maddy we maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, etnografiýa, ýazuw we dilden ýazylan edebiýat, jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlarda iş alyp barýandygy bellenildi. ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça instituty (IITE) bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bu institutyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp düzmek teklip edildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri