HEKAÝALAR

Ak çägeleriň pyşyrdysy

                                                                      Hekaýa

Obamyzyň entegem özüniň agras ädimleri bilen şo-ol öňe gidip oturşy. Ol göräýmäge şeýle ýaly bolup görünse-de, ýigrimi bir öýüň ýigrimi birinde-de ýagdaý dürli-dürli. Dokuz gyzdan soň ýene gyz bäbejikleri bolansoň Ýelli ýetişikli aýaly Gyzsoňy ýeňňeden öýkeläp, entegem obamyza gelmän mal yzynda gezip ýör. Gartaň aga-da gökerkeklerini aýaly aluwçylara arzan satany üçin henizem nägile bolup ýör. Obamyza täze gelen rus dili mugallym “düýe” sözüni aýdyp bilmän “duwe” diýýäni üçin öz-özünden müýnýrgäp ýör.

Baryp-ha Tejen aýagyndan Ogullalar göçüp gelensoň obamyz üýtgän ýaly boldy. Niçikmi Ogullalar obamyza gelen gününden öň hiç haçan saçyny ösdürmedik jahyllar ýeňselerini gyrdatdylar. Negada sakgalyna päki degirýän ýigitler indi her gün diýen ýaly sakgalyny syryp ugradylar. Öýlerinede gönençlik bermeýän jahyltaň ýigitler Ogulla gyza gowy görünjek bolup onuň ejesine “näme ýumşuň bolsa aýdaýgyn” diýip ilgezeksirediler. Ogulla şeýle owadan gyz bolansoň hatda garry köpek Baltagam gyzyň ýanynda ýöränini kem görenok.  

Ogullanyň duldegşir goňşymyz bolandanmy nämemi, men ony töwerekden gabanýan. Şonuň üçin özlerini görkezjek bolýan uly oglanlary halamokdym. Asyl bir görsem Üpük mergenem gyzyň yşkynda eken. Ony men şu gün irden hiňňillige baranymda gördüm.

***

Obamyzda Gurbanlyk bolmazdan has öň hiňňillik dikilýär. Onsoň ähli kişi öz “günälerini” dökmek üçin hiňňillige barýarlar. Obamyz öňem owadan welin, gurbanlykda ol hasam owadan bolýar. Hemmeler täze eşikde. Hatda Gülsün ejä çenli hökman täze tüý geýmeli diýip, bolmanda köýneginiň bagjygyny täzeleýär welin, täze bir zat geýýär.

Heniz Gurban aýy başlamanka ulygyzlar biri-birine häme tikinjekdiklerini aýdýarlar. Soňky döwrä olar meňzeş geýinmänem çykardylar. Şeýle bolanda owadan gyzlar hasam owadanlaşan ýaly bolýar. Ýöne zanny owadan maşgala näme geýse-de ol şuwlasyny ýitirmeýär. Ogullada şol owadan diýilýän gyzlaryň hilinden. Biziň gumumyzda şeýle gyzlara “at ýeňse”, “ýuwka dodak” diýilýär. Topugam gum dykylan ýaly kepderitopuk. Beýle gyzlaryň jemalyny söze sygdyryp bolmaýar. Şonuň ýaly tarypyna-da ýetip bolmaýar. Şonuň üçin tebigatyň bu döreden ajaýyplygyna obamyz bolup guwanýas. Akgyňaç garry eneler ýaşlarynyň birçene barandygyna garamazdan gyzyň owadanlygynyň hormatyna çalaja säginip geçýärler. Çalbaş gojalar bolsa öz içlerinden “Beýle sahypjemal gyzam dörese döräýjek eken-ow” diýip, aýybam bolsa gabak astyndan oňa seredýärler. Ogulla bolsa özüniň niçiksi owadanlygynyň bardygyny bilýän gyzdy. Şonuň üçin ol hemmelere süýji söz aýtjak ýaly gaşlaryny gerip seredýär. Şol pursat obamyza gelip bir gören bolsadyňyz! Edil behişdi durmuşda ýaşaýan ýaly bolardyňyz. Sebäp obamyz gumam bolsa, ol öz göwsünde gözelligi döredýär.

***

Şu gün gurbanlyk bolansoň heniz säher gijäniň elinden sypmanka men Ogullanyň – Ýerbendiň Ogullasynyň gyz sesini eşitdim.

–  Öwekge, ýör entek adamlar ýygnanmanka hiňňillikde öz “günämizi” döküp geleli…

Heniz Enebeýigiň aňyrsyndan Günüň şapagy görünmänkä biz hiňňilligiň ýanyna geldik. Edil şol wagtam ýerden çykan ýaly  Üpük mergen öz Kümüşguýrugy bilen peýda boldy. Özem ol atyna münmän oň hormatyna ony iýdip geldi. Üpük mergen meň bilen elleşip görşenem bolsa, gözi Ogullada. Ogullada sesini çykarman gyz uýaljaňlygy bilen ýeňini dişleýär. Ara näçe wagt dymyşlygyň düşenini bilmedim, Üpük mergen ýylgyrjaklap şeýle diýdi.

– Ogulla, gel bile hiňňillik uçaly…

Ol şeý diýip ýüpüň gyrasyndan tutdy. Men Ogulla etmez öýütdüm. Sebäp ol juda tez bolansoň sähel-mähel söze bor diýjek maşgala däldi. Ýöne, ýalňyşan ekenim. Zalymyň gyzam husytja ýylgyryp göwünjeň hiňňilligiň ýüpüne elini uzatdy. Men uly dünýämi ýitirip barýan ýaly olaryň ikisiniň arasyna gondum. Üpük mergen sypaýyçylyk etdi.

– Öwekge, sen indiki sapar uçaý, birden biziň batly uçmagymyz mümkin, başyň aýlanyp ýykylaýma…

Men sözüň nirden aýlanýanyna oglanam bolsam bada-bat düşündim.

– Ýeke özüm uçmana gorkýan…

Üpük mergen gaýdarly däldi.

– Men ýuwaşlyk bilen seni özüm üwräýerin…

Men hamana ezenegimden tutup düşürilip barýan ýaly iki elim bilen hiňňilligiň ýüpünden ýapyşdym.

– Ýo-ok!!!

Lapykeç bolan Üpük mergen näçe diýseň gahary gelse-de bilmediksirän bolup hiňňilligi batlandyryp ugrady. Ýöne ol doly öz badyna ýetmänkä hiňňilligi gowşatdy-da, gülümsiräp başgaça atgöçüm etdi.

– Öwekge jigim, sen at münmäni gowy görýäň ahyrym, bar Kümüşguýrugy ho-ol Sarmyradyň takyrynda säpjedip gel, goý janaweriň deri gaýdyşsyn.

Men at münmäni, onda-da Kümüşguýrugy münmäni näçe gowy görsemem ýene kesirligime tutdum.

– Gülsün eje “Aty köp münseň aýagyň gowky bolýar” diýýär.

Bu gezek Ogulla saklanyp bilmän çalaja pyňkyrdy. Göçümi ýol almansoň Üpük mergen ýene şeýalýynsyrady.

– Ýaňy geçip gelýärdim welin obamyza halwa satýan jerçi gelipdir. Bar gidin-de özüňe halwa alnaý.

Ol şeý diýip eplem-üplem bolan gyzyl onlugy maňa uzatdy. Men kiçijigem bolsam mütüjedim. Şonuň üçin oň bu teklibinem nagt etdim.

– Öňem dişim agyryp dur. Halwa iýsem ol beter agyrar…

Ogulla bu gezek saklanyp bilmän aç-açan pyňkyrdy.

Biz öýmüze tarap ýola düşmek bilen bolduk. Bäş-on ädim ädip men yzyma öwrüldim-de Üpük mergene dilimi görkezdim. Muňa hasam jany ýanan ýigit maňa gödeňsi ýumrugyny görkezdi.

Şol gün giçlik men guýynyň bşynda durkam Üpük mergen duýdansyz gelip gulagymdan tutdy.

– Näme, ýeke özüň hiňňillik uçsaň gorkýaňmy?

– Öwwäk gulagym.

– Näme ata köp münseň aýagyň gowky bolýarmy?

– Gulagymy goýberseň aýdaýyn…

– Näme halwa iýseň dişiň agyrýamy?

– Gulagymy sündürdiň-le…

Nämüçindir Üpük mergen gulagymy awutsa-da ol gaharlanman gaýtam tersiune gülýärdi.

***

Şol gün gurbanlyk güni gijesi bilen gowur ýatmady. Kim “Basyrbanny” oýnaýardy, kimem “Görüpgaçdy”. Bu zatlaryň hemmesi meniň oglan göwnümi göterýärdi. Ýöne has göwnümi göteren zat daňa golaý eşiden gyz pyşyrdysy boldy.

Men ýatmandym. Ogullalaň agylynyň ýanynda ilki bir gara görnen ýaly boldy. Yz ýanyndanam saklanybrak gepleýän erkek adamyň sesi eşidildi.

– Ene-ataň seni maňa berseler, sen razy bolarmyň?

Dymyşlyk. Ogulla jogap bermän kän durdy. Soňam, hawa soňam şeýle söz eşidildi.

– Durnalar gaýdyp gelensoň, onnoň…

Bi ses Ogullanyň gyz däl-de, ak çägeleriň ýumşaksy pyşyrdysy ýaly bolup eşidildi…

Şol gün agşam men begenjimden ýatyp bilmedim. Megerem, ak çägelerem ýatyp bilen däl bolsalar gerek. Sebäp olaryň arasynda ýene bir üýtgeşik syr peýda boldy.

***

Bahym gurbanlyk gelýär. Meň obamyň gurbanlygyny görmänime gör nçe ýyllar geçdikä, bilmedim, eslije ýyl bolan bolsa gerek. Başyma ýetmişinji ýylyň gary sepeledi. Obamyzyň ýoly gumaksam bolsa, ol meni indi hiç-haçan dolanyp gelmejek oglanlygyma alyp barýar.

Hiňňilligiň başy adamdan doly. Golaýjakdan kimdir biri gamsyz aýdyma hiňlenýär.

Gurban baýram aýlary,

Toparlanşar näzleri,

Uz ýaşynyp uzlary,

Päkize perizatdan…

 Aýdymyň heňi ýerine düşmändi. Ýöne sözler düşnükli bolansoň ol gowy ýalak bolup eşidilýärdi. Meniň hiňňillige tarap göni ýöräp gelýänimi görüp, ulygyzlar birýana serpildi. Şo-ol gadymkyja tanyş hiňňillik. Henizem ol baöyny asmana tarap uzadyp, özpugta saklap otyr. Gör bi hiňňilligiň başynda näçe juwan ýüregi biri-birine gowuşdyka?!

Men özüm bilen gepleşýän ýaly şeýle sözleri daşyma çykardym.

– Bir döwürler heniz oglantak wagtym şu hiňňilligiň başynda men günä iş edipdim…

Duranlar maňa hasam ünsli seretdiler. Kimdir biri şeýle sözleri aýtdy.

– Ýaşuly, hiňňilligiň başynda günä iş edilenok-da, gaýtam günäň ýuwulýa…

Ogulla meni görüp begendi. Meniň garrýşym ýaly olam garrapdyr. Ýöne zalymyň gyzynyň şol owadanlygy. Bi meniň wagt öz täsirini ýetirip bilmedigini gören ýeke-täk zenanym boldy.

– Öwekge, meni begendirýän zat seniň obamyz hakynda kän ýazýanlygyň. Gynandyrýan zat bolsa seniň ile meňzeş ýazyp bilmeýänligiň. Oňa derek sen Ýerbendiň gamgyn ýellerinem, Baltak janawerem, Enebeýigem, durna guşlaram, sähralaram ynsana çemeleşilişi ýaly çemeleşýänligiň…

Men sesimi çykarmadym. Gürlemäne gürrüň kändi. Ýöne nämüçindir oglantak dünýämi ýatlamak üçin pikirim bilen ikiçäk galasym geldi…

Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri