BIZNES

Halkara ulag forumy: 30-a golaý ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işini tamamlady. Örän netijeli geçen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag düzümi bilen halkara ulag we logistika ulgamynda iş alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň 30-a golaýyna gol çekildi.

Türkmenistanyň ulag düzüminiň degişli edaralary bilen bir hatarda ýerli ulag kompaniýalary daşary ýurtlaryň 23 kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler. Gol çekilen kompaniýalaryň hatarynda Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Latiwýanyň, Germaniýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bar.

Hususan-da, Türkmenistanyň awiasiýa ulgamynyň edaralary Germaniýanyň “Lufthansa Consulting GmbH” kompaniýasy we “Max Flight” kompaniýasy bilen Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň we Türkmenabadyň halkara howa menzilleriniň ýük ammarlarynyň hyzmaty we ýer hyzmaty boýunça degişli ylalaşyklara gol çekişdiler.

Demirýol ulgamy boýunça bolsa, innowasion çözgütler, telekommunikasiýa ulgamy, döwrebap tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, Gyzylarbatdaky wagonlary abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmak, ýük gatnamalaryny sanlylaşdyrmak boýunça ýol kartasy ýaly resminamalar baglaşyldy.

Şeýle hem halkara üstaşyr ýük gatnamalary ugrunda hem köp sanly ylalaşyklar göz öňünde tutuldy. Türkiýäniň “Albayrak Group” hem-de Hindistanyň “Anipra Impex Ltd” kompaniýalary bilen “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi