Watan
Säher çagy, gujagyňda oýansam,
Rahat ertirlere ýalkymsyň Watan.
Ýola düşsem uzak ile sapara,
Arkama goragly galkansyň Watan.
Şady horram, gaýnap joşup toýuňda,
Lezzet alyp dag dereli boýuňda,
Agzybir ojagym, rahat öýümde,
Gyşym ýyly, ýazym salkynsyň Watan.
Waspyňy ýetirer, keşbiňi gören,
Razy, rahat munda döwrany süren,
Beren duzyň, ödemäne müň kerem,
Jigerin sogurjak, halklysyň Watan.
Synla, lezzet al, gujagyna gelde,
Öwezgeldi joşar, söz ejiz dilde,
Parahat dünýäde agzybir ilde,
Rahat ertirlere, ýalkymsyň Watan.
Öwezgeldi Taganow
Şahyr Gülşirin Hanowanyň gysga syny :
“Synla lezzet al gujagyna gelde…” diňe şu setirine şeýle düzediş bererdim “Synla sen, lezzet al gujagna gelde” galan ýeri juda sagdyn hem duýgydan doly ajaýyp şygyr! Ylhamyňyz joşup dursun!
Gülşirin HANOWA
Hormatly okyjy!
Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir. Goşgy we fotosuradyňyzy garyşyklyk bolmazlygy üçin ikisini hem bir e-mailde ibermegiňizi haýyş edýäris. Adyňyz, familýaňyz e-mail bilen hökman görkezilmelidir. Eger isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy. Biz neşir edilen goşgularda Gülşirin Hanowanyň goşgular boýunça gysga synyny hem Size ýetireris. Hormatly okyjylarymyz Siz hem goşgular boýunça öz tankydy bellikleriňizi we synlaryňyzy goşgynyň aşagyndaky ýörite bölüme ýazyp bilersiňiz.