DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ bilelikde dürli çäreler geçirer

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara türki medeniýetiniň guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Guramanyň Baş sekretaryna 2024-nji ýyly TÜRKSOÝ-yň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň ýyly, şeýle hem Änew şäherini Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi üçin minnetdarlyk bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki çäreleriň guramaga degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar 2023-nji ýylda Halkara türki medeniýetiniň guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilenine 30 ýyl dolýandygy we munuň türki dünýäsi üçin ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, gurama agza döwletlerde dürli çäreleri guramak, şeýle hem Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Medeniýet günlerini geçirmek bilen bagly meselelere üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy