SÖHBETDEŞLIK

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Ýurdumyzda zenan mertebesi, zenan sarpasy belent münberde goýulýar. Ykbalyny sungat, medeniýet ýoluna baglan zenanlarymyz bu günki gün türkmen sahnalarynda öz ukyp başarnyklaryny halkymyz bilen paýlaşyp, olara ruhy lezzet, ruhy güýç berýär. Ýüregi joşup duran, özüniň zehin-başarnygyny sungat ýolunda görkezýän türkmen zenanlarymyz bagtyýar zamananyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýarlar. Ýaşlaryň ýaşlyk döwrüne ganat bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri talyp gyzlarymyzyň ýürek sesinde öz beýanyny tapýar. Aýdym-saz älemini çuňlaşdyryp öwredýän, birnäçe sungat ussatlarynyň mekany bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyp gyzy Gözel Hojaýewa bu gün biziň saýtymyzda myhmançylykda. Aýdym-saz dünýäsi bilen meşgullanýan her bir ynsanyň bu ugra gelşi, sungat ýolunda ýerine ýetirýän işleri biz üçin we okyjylarymyz üçin gyzykly. Şonuň üçin-de biz yzygiderli sungat ýolundaky halypalarymyz, ýaş zehinlerimiz bilen söhbetdeşliklerimizi halkymyza elektron görnüşinde ýetirip durýarys.

Gözel,  Sizi saýtymyzda hoş gördük. Ýurdumyzda zenan dünýäsine goýulýan hormat-sylag örän uly. Ilki bilen söhbetdeşligimizi ýurdumyzda zenan mertebesiniň sarpalanyşy hakyndaky gürrüňleriňizden başlaýaly.

 ― Sagboluň. Zenan bolup dünýä inmek, onuň mukaddeslik dünýäsini başdan geçirmek häzirki wagtda bagtyýarlyk döwrüne mynasyp zenan bolmak uly bagt. Ýurdumyzda biz zenanlara goýulýan hormat, olaryň zehinlerini açmaklyga berilýän mümkinçilikler uly derejede alnyp barylýar. Ýaş, ýaşuly bol tapawudy ýok ýylyň ýylyna  hormatly Prezidentimiziň adyndan berilýän sowgatlar, ukyp- başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikleriň geçirilmegi, köp çagaly enelerimize «Ene mähri» hormatly atlarynyň dakylmagy mähribanlarymyzyň ömürlerine ömür goşýar.

Sungat ýoly bilen haçandan bäri ugurdaş bolduň?

 ― Sungat ýoly meniň ömrümiň çagalyk ýyllaryndan bäri ýoldaş. 2007-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy bolup işe başladym. Ol ýerde ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna öz aýdymlarym bilen yzygiderli çykyş etdim. Soňra jadyly sahnanyň dowamyny Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň sahnasynda dowam etdim. 2012-nji ýylyň güýzi maňa dogduk mekanymyň bilim ojagynda aýdym-saz älemine içgin aralaşmagyma mümkinçilik döretdi. 2018-nji ýylda bolsa baýry okuw jaýlarynyň biri bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi.

Gözel, ykbalyňy aýdym-saz älemine baglamakda, sahnalarda öz başarnygyňy aljyraman halk köpçüligine ýetirmekde halypalaryň orny örän uly bolsa gerek.

 ― Elbetde. Islendik käriň kämilligi kämil şahsyýetiň kemala gelmegini talap edýär. Kämillik münberiniň ilkinji basgançagy zehin bolsa, ikinji basgançagy halypalaryň öwüt-ündewleri, olaryň ýyllar dowamyndaky toplan tejribeli ýolundan öwrenen sungat ýoluň bolup durýar.

Meniň ilkinji halypam Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Esger Möwlamow. Häzirki wagtda bolsa, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ussat, halypa mugallymlaryndan birnäçe sungat ýollarynyň inçe syrlaryny öwrenýärin.

Olardan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Begenç Moşşyýewi, Aýna Seýitgulyýewany aýtmak bolar. Bu mugallymlar diňe bir sungatyň inçe syrlaryny däl, sahna edebini, halk köpçüligi bilen sungat işgärleriniň arabaglanyşygynda üns bermeli häsiýetler barada hem içgin öwredýärler.

Sungat we medeniýet ussatlarynyň haýsylarynyň eserlerini has gowy görýärsiň?

 ― Her bir millet özüniň medeniýeti, sungaty bilen dünýä halklarynyň arasynda mynasyp orun alýar. Medeniýet, sungat ugurlaryna düşünmek üçin ol ýurduň dilini bilmek hökman däl, sungat ýoly ähli dillerde-de düşnükli, çünki oňa dil däl duýgy bilen ýerine ýetirilip, duýgy bilen ynsanyň ruhy dünýäsi kabul edýär. Biziň hem türkmen medeniýetiniň, sungatynyň arşa galmagynda uly işleri bitiren ägirtlerimizi ýatlap geçmezlik asla mümkin däl. Men türkmen sungatynyň, medeniýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ady ýazylan ussatlarymyz Maýa Kulyýewanyň, Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan wokal aýdymlaryny, Nury Halmämmedowyň döreden sazlaryny gowy görýärin.

Ynsan gözelligi nämede?

 ― Ynsanyň gözel görkezýän onuň häsiýeti diýip düşünýärin. Ynsanyň häsiýeti onuň aslyny, ömür boýy alan terbiýesiniň netijesidir. Adamyň içki we daşky gözellikleriniň sazlaşygy bolsa ynsany ynsan edýän, onuň mertebesini beýgeldýän häsiýetdir.

Durmuşda görelde alýan ynsanyň.

 ― Gyz maşgalanyň ilkinji görelde mekdebi onuň ejesi. Menem durmuşda ejeme meňzäsim gelýär we durmuşda görelde alýan ynsanym mähriban ejem.

Üstünlige ýetmegiň we ony dowamly saklamagyň syry nämede?

 ― Üstünligiň syry nesibe we irginsiz zähmet çekmekde. Dowamly zähmet çekmek we durmuş ýoluňa ýoldaş boljak käri, ýary saýlamagy başarmak bu iş we durmuş üstünligiň diýip düşünýärin.

Üstünligi saklamagyň syryny men ynsanyň pespällik häsiýetinde görýärin. Islendik kärde, islendik ugurdan zähmet çekseňde töweregiňdäki ynsanlar bilen arabaglanyşygy gurmagy we olar bilen ynsan şekilinde gatnaşyk saklamak üstünligiň dowamly bolmagyna getirýär.

Gaharyň gelende nähili köşeşýärsiň?

 ― Elbetde durmuş birsydyrgyn däl, käte garaşylmadyk wakalar ýa-da islemeýän hadysalar ýüze çykýar. Gaharym gelende meni köşeşdirýän zat aýdym. Aýdyma hiňlenýärin, pikirimi bölmäge çalyşýaryn. Umuman gaharymy aýdyma hiňlenmek arkaly ýeňýärin.

Iş we dynç alýan otagyň nähili bolmagyny isleýärsiň?

― Iş otagym ― bu ýerde ähli zat tertipli, işe degişli enjamlar bolmaly, bu otag işe bolan höwesimi artdyrmaly. Netijeli işleriň gözbaşy onuň  ýerine ýetirilýän ýerinede bagly bolup durýar.

Dynç alýan otagym ― bu ynsanyň ýadawlygynyň çykyp, rahatlyk tapýan ýeri.

Iki otagda ýagty we tebigy otag gülleri bilen bezelse halaýaryn.

Hobbiňiz.

 ― Hünärim aýdym aýtmak emma men saz çalmagy-da gowy görýärin. Fortepiýanada saz çalmak meniň hobbim.

Geljege gönükdirilen maksatlaryňyz.

― Geljek üçin maksat goýmak, şol maksadyňa tarap ädim ätmek ynsanyň ýaşaýyşa bolan höwesini artdyrýar.

Ynsan ogly bu dünýä gelip, at bilen abraý alan ýagşydyr ― diýýän halkymyzyň dürdäne setirleri her bir adama ruhy galkynyş, manyly ýaşamaga bolan höwesini artdyrýar.

Geljekde gowy, manyly halkymyzyň göwnünden turýan täze aýdymlary döretmek. Okuwymy tamamlap, ýaş nesiller aýdym-saz dersinden sapak bermek, türkmen sungatynyň ösüşli ýollaryna öz mynasyp goşandymy goşmak.

Gözel, beren gyzykly we täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Jan saglykda, ýurdumyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize mynasyp perzent bolup, mahmal owazyňyzyň türkmen toýlarynyň bezegi bolmagyny arzuwlaýarys.

― Sagboluň. Siziňem döredijilik toparyňyzyň işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Şahsy maglumatlary:

Doglan wagty: 19.11.1990ý

Doglan ýeri: Balkan welaýaty.

2012-nji ýylda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebine okuwa girýär.

2018-nji ýylda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girýär. Häzirki wagtda şol ýokary okuw jaýynyň bagtyýar talyby.

Ilkinji halypasy Esger Möwlamow.

Halaýan reňki ak.

Kär saýlawy mugallym bolmak.

 Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda