JEMGYÝET

Türkmenistanda saýlawlar: saýlawçylaryň 4 göterimi öňünden ses berdi

Ertir ýurdumyzda iri jemgyýetçilik-syýasy waka – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlara taýýarlyk işleri doly tamamlandy.

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparynyň başlygynyň orunbasary Amangeldi Gandymowyň daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Oňa “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Duşuşykda berlen maglumata görä, saýlawlar boýunça öňünden ses bermek işi 2023-nji ýylyň 16-njy martynda ýola goýuldy.

2023-nji ýylyň 24-nji marty ýagdaýyna görä, Türkmenistan boýunça hasaba alnan umumy saýlawçylaryň 4 göterimi öňünden ses bermäge gatnaşdy.

Saýlawlar gününe çenli öňünden ses bermek 25-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa we Saida Mirziýoýewa Samarkant şäherindäki inklýuziw bilim merkezine baryp gördüler

Leave a Comment