DÜNÝÄ

Argentinanyň ilçisi: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Eduardo Antonio Zuaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyşyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtap, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler. Şeýle hem söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar halkara meýdançalarynda ýurtlaryň başlangyçlaryny mundan beýläk hem goldamagy ylalaşdylar.

Şeýle hem, medeniýet, sport we saglygy goraýyş pudaklarynda bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň halkara infrastruktura taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

Eýran bilen Belarusyň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy

«Kids Expo 2025» sergisi geçirilýär

Palestina ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi