HEKAÝALAR

Nowruzda ezilen gültahýa

                                                        (Hekaýa)

 …Heniz göjelelerem güllemänkä, Ogulla nowruza niýetläp gültahýa biçinýä. Men onuň näme üçin beýle etýändigini bilýän. Gülsün eje “Durmuşa çykmadyk gyz nowruz ýagşyna tahýasyny ezse, indiki nowruza çenli maňlaýy açylýa” diýýär. Ýöne men Ogullanyň başynyň boguljagyna begensemem, onuň obamyzdan çykyp gitmegini islämok…

Ogullanyň tikýan tahýasyna salýan nagyşlary üýtgeşik-ötegçi guşlar. Men onuň näme üçin şeýle nagşy salýandygyny bilýän. Gülsün eje “Ulugyzlaram durnalar ýaly höwürtgelerini terk edýäler” diýýär. Şonuň üçin olaryň ikisem nowruzyň gelerine howlugýamyşyn. Durnalar-a Watanyna dolanmak üçin, gyzlaram düşen ýerini bagtly etmek üçin.

Ogulla keşdelerini diňe gijelerine, Aýyň şöhlesine ýa-da sözen agajynyň yşgyna çekýä. Ilkinji ötegçi guşlaryň sany näçe bolsa, nagyşlaryň sanam şonça bolýa. Durnalar geçmeli wagtyndan birneme gijikse-de, ol gyz sesi bilen ýuwaşja gepläp şeý diýýä.

– Öwekge, çaganyň gözi ýiti bolýandyr, hany mazalyja seretsene…

Onsoň men öňem asmana seredip ýadan gözlerimi ýene depäme dikip bendiwan durnalaryň çagyryşy seslerine garaşýaryn. Oňa garaşýan ýeke men däl, oba bolup garaşýas. Sebäp, bir döwürler ilkinji gumly gelin aş saýlanda bendiwan durnalaryň kümüşsöw sesinden saýlapsoň, durnalaryň gamgyn sesleri gumly gelinleriň hüwdüsine juda çalymdaş. Şondan bärem şo hüwdi özüniň imrikdiriji sesi bilen häli-häzire çenli obamyzy hüwdüläp gelýä. Şonuň üçin iňňäbäbeklikden bäri gulaklarynda galan bi mähriban ses hemmeler üçin eziz. Soňky döwürler bolsa ol, sähralary huwwalap ýören köne aýdyma öwrülen ýaly bolupdy. Köne aýdymlar bolsa, hemişe ýürege golaý ýerde ýaşaýar…

Durnalar wagtynda gara bermese, ötegçi guşlaryň sesine meňzeş Ogullanyň gyryljak, ýöne düşnükli sesi eşidilýär.

Bizem dogulypdyk şo garyp oýda

Selinli-sazakly ili ýerbendiň

Çöketleri bölek-bölek bölüner

Özbaşyna gezer maly ýerbendiň.

Obaň hakynda aýdylýandanmy, nämemi Ogulla hiňlenmesini şeýle bir sadalyk bilen owazlandyrýardy welin, ömrüň baýy şony diňläp ýaşasyň gelýädi. Onsoň men şol eziz sesi ýene eşitmek üçin, durnalaryň entejik eglenmeklerini isleýärdim. Ýöne, Ogulla-da dözemokdym…

Ahyry garaşylýan ses eşidildi. Soňam merjen däneleri ýaly düzülip gelýän durnalar göründi. Olar edil gök asmanyň ýüzüne hünji sepilen ýaly bolup gelýärdiler. Hon-ha, durnalar başy – serdar guş. Sag tarapyndakam ene durna, sol gapdalynda-da ata durna. Olar on bir sany çagatak durnanyň iki gapdalyndan gabsap alyp barýarlar. Çagatak durnalar Watanyndan – höwürtgesinden aýra düşmejek bolup aşyryn atyp öwrüm edýär. Ene durnadyr ata durnanda olary gabsap ýene ýola salýar, hiç haçan tarypyna ýetip bolmajak Watan diýlip atlandyrylýan bu mähremligiň ynsanyň gözüne hemişe yssy bolşy ýaly guşlarada eziz borly.

Ogulla olara begençli gözleri – gyz gözleri bilen guwanýar. Bi pursady synlamak maňa diýseň hoş ýakýardy. Şonuň üçin durnalaryň hemişe geçip durmagyny, nowruzyňam obamyza ymykly gelmegini çaga ýüregim bilen dileýärdim.

Onsoň durnalaryň asmandaky nepis keşbi, gyz tahýasyna – gültahýa geçýädi. Soň gültahýanyň düşeg-ä ümmülmez gök asmana öwrülýä, keşdelerem bendiwan durnalara. Soňam Ogullanyň inçe barmaklary nowruzyň lälezar keşbini gültahýanyň süňňüne siňdirerdi. Şeýdip ägirt uly – ümmülmez  asman kinniwanja gültahýa ýerleşip, gyz jemalyny bezeýädi.

Şeýdibem nowruzda tikilen gültahýa, täze Gün bilen bile dünýä inerdi. Soň Ogulla ýaly ulugyzlar gumly gyzlaryň ömri bilen alyp gidýän, pynhandan-pynhan saklaýan gyz arzuwlaryny – nowruz ýagşyna ezilen gültahýany ak ýaglyga düwüp, obamyzyň ilersindäki ak sözeniň biline daňýardylar. Bu uly ynançdy. Eger daňylan ak ýaglyk-guşak çözülse, indiki nowruza çenli ýene bir guşak – toý guşagy çözülmelidi…

Soň oba bolup Günüň – Nowruz Gününiň doguşyna serederdik. Eger kimde-kim onuň dogup gelýänini ilki görse, ol ýalkasyna garaşybermelidi. Şonuň üçin biz Ogulla bilen heniz säher gijäniň elinden sypmanka, obamyzyň ilersindäki Ene beýge tarap howlukdyk.

Barsak, ol ýeri eýýäm adamdan dolypdyr. Baltaga çenli bar. Janawar edil adam ýaly, obamyz bir tutumly işiň başyny tutsa galanok. Hat-da, Üpük mergen howlygşyp yrym edip, Kümüşguýrugyň owadan taýy dünýä bermegi üçin özüniň bu gün-erte gulanlamaly bogaz baýtalynam alyp barypdyr.

Göwher gelnejem bizi görüp, kemsindi.

– Öwekge, sen täze Günden – Nowruz Gününden biziň öýümizde-de sallançagyň üwrelmegini diläweri… Alla ýetim oglanyň dilegini gowy kabul edýär diýýärler…

Men Göwher gelnejemiň öňüräkden bäri çagasyz kösenip ýörenini bilemsoň, bilýänje dogalarymy okap, ýüregim bilen onuň gujagyna tizräk akja bäbegiň dolmagyny isleýärin, hemem birinji bolup täze Günüň – nowruz Gününiň dogşyny görmäge howlugýaryn.

Onýan-ça begençli ses eşidildi:

– Han-ha…

Ses ýaşmak astyndan çykanam bolsa, ony hemmeler eşitdi. Men ýalt edip, ses çykan tarapa seretdim. Nowruz Gününi ilkinji gören gelin, edil bäbek söýgüleýän ýaly, gaşlaryny begençli gerýärdi.

Şol gün biz uzakly günläp, täze dogan Günden ýagşy dileg etdik. Ogulla  özi ýaly uly gyzlar bilen Nowruzyň pessaýlap ýagýan ýaly ýagşyna tahýalaryny ezibem ýetişdi. Soňam olar üýşüşip maňa oglanlygymdan tanyş bolan nowruz hakyndaky gaty gadymy aýdymy aýtdylar. Aýdym şirindi. Şonuň ýalam gussalydy. Gyzlar ony hasam umyt dörediji gamgyn owaz bilen heserli aýdýardylar.

Nowruz ýagşy gültahýany ezende,

Çigişen ýaglygy ygbal çözermiş…

Aýdymy men entek ýekeje ýolamam hiňlenmändim. Ýöne onda-da ol meniň üçin ezizdi.

Şol gün Günüň ýaşyşam üýtgeşik boldy. Göwnüme bolmasa ol gum depeleriň arasynda ýitip barýarka-da, bize tarap ýylgyryp bakan ýalydy…

* * *

Ertesi biz il gözi ýygnanan soň, gyz ýüreginiň syrdaşy bolan ak sözene tarap ugradyk. Uzak günki gyrym-syrymlykdan soň, sähralar ýadap irkilen ýalydy. Gijäniň duýgur ümsümligi sessiz aýdym bolup ýüregiňe dökülýärdi. Golaýjykdan äpet bir guş ganatlaryny ýelpeýlendirip geçip gitdi. Megerem ol gije awuna çykan Gündizkördür. Oba tarapdan güjükliginden ýaňy saýlanan itiň emelsiz jabjynmasy eşidildi. Haýsydyr bir garry köpek – ol Baltakdyr – gaharly jogap berensoň ses bahym kesildi.

Biz entegem ertekileriň döreýän ýerine barýan ýaly ýuwaşja ýöräp barýarys. Gije öz heňin çalýar. Garaňkylygam bolsa, daraýy depeler alysdan garalyp görünýär. Olaryň öz syrlaryny aýawly saklap, entegem şo dymyp oturşy. Şemal arka aýlanansoň, golaýjykdan şelpeleriň tanyş sesi eşidildi. Bi ak sözeniň owazydy. Onuň entegem öz mähriban dilinde gepleýänine men begendim.

Ogulla goltugyndan ak kenaraly ýaglygy çykaryp, oňa uzak wagtlap seretdi. Ýaglykdan hiç haçan tarypyna ýetip bolmajak üýtgeşik hoşroý ys – gyz ysy burnuma uran ýaly boldy. Ulugyzlar şu ýaglyk-umyt ýaglygy bilen hoşlaşmankalar, ony üç günläp alkymynyň aşagynda goýup ýatýalar diýýärler.

Ogulla başyndaky gültahýany ýaglygyň içine salyp, içinden bir zatlar okady – belki ile-güne dileg edendir, soňam ýaglygy ak sözeniň biline daňdy. Özem ýöne-möne edip däl-de, ilki gonny bagyny saldy. Soňam ig bagy bilen sarap, iň soňunda-da gyrnak daňlyşyny edip daňdy. Yzymyza dolananymyzda-da, ol nämedir bir gymmatly zadyny galdyryp gaýdan ýaly ýolboýy yzyna garanjaklady.

Biz şeýdip, ertirki günüň şu günki günden has gowy boljagyna ynanyp ýaşap başladyk. Dünýe hezildi. Onuň içinde Ogullanyň, meniňem, obamyzyňam, nowruzyňam, gültahýanyňam ak ýaglygyňam barlygy ony öňküdenem hezilleşdirýärdi. Ýöne Allanyň güni, darydan köp diýilýänem bolsa, sanalgy günüň yzyndan ýetiläýýär.

Şeýle günleriň birinde Ogulla şeý diýdi. Özem ýylgyrýar. Hamana ol öz duýgusyny ýylgyrma bilen ýaşyrjak balýan ýaly.

– Öwekge, nowruzam ýetip gelýä…

Şol gündenem bujurygy çykan günleriň gapysy açylan ýaly boldy. Ertirden soň bürgün, bürgünden soň, soňky gün gelip, günler ylgawyny ýazdyrman geçip başlady. Hatda oraza günlerem hemişeki ýaly haýal geçmän olam duşumyzdan gyssanyp geçip gitdi.

Men Ogullany begendirmek üçin her gün diýen ýaly ak sözeni barlaýadym. Ýaglyk ýele-guza kirjigenem bolsa, çözülmändir. Gurrasy duşup, bolmalysy ýaly bolanda, ol ýagyş-ýagmyra ýa-da mal-gara süýkenip, garaz bir tärini tapyp çözülmelidi. Bu yryma-ynanja dogry gelýädi. Hemişelerem maňlaýy açylman ýören ulygyzlar şeýdip, alny bagtly bolupdyrlar.

Ogulla sesini çykaranokdy. Ýöne çygjaran gözler bar zady aýdýardy. Onsoň men etmesiz iş eden ýaly, özümi müýnli duýýardym. Gözler bolsa kä gyz nazary ýaly ýumşak käte-de hyjywdan doly zenan ýüregi ýaly tupanlydy. Onsoň men şo nazaryň öňünde, durmuşyň äpet tabagyndan zäher dadan ýaly telbä öwrülýärdim.

Şeýle günleriň birinde Ogullany azajygam bolsa begendirmek üçin, bet hyýala mündim. Bi meniň manysyz ömrümde bilip eden ilkinji günämdi. Ak sözeniň bilinden ýaglygy, Ogullanyň arly ýyl garaşan umyt ýaglygyny öz elim bilen çözüp gaýtdym. Ertasi Ogulla ikimiziň aramyzda şeýleräk gürrüň boldy.

– Ýaglygy barlap göräýeli?!

– Sen henize çenli barlamadyňmy?

Men başymy ýaýkadym.

– Juk…

Ogulla gaşlaryn çytdy.

– Näme üçin?

– Ýeke özüm barlamany birhili gördüm…

– Bor… Ertir gideris.

Ertesi aýak ýygnanandan soň biz ýene ýola düşdik. Ak çägäniň üsti mahmal düşelen ýalydy. Ýüzün düşüp ýatasyňy getirýärdi. Ot-çöpler örňänsoň, sähralardan narpyz gatyşykly ajy ýowşanyň ysy burnuma urýardy. Meň gözümi daňsalaram şo ysy, müň bir ysdan saýgaryp biljekdim. Sebäp sähralaryň hiç bir ysa meňzemeýän öz ysy bardy.

Günden şöhle alansoň hemme zat näziklik bilen öwşün atýan ýalydy. Hatda Ogullanyň ýüzem.

– Heý… wiý… ýaglyk çözülipdir. Öwekge, seretsene… Biz ony öňräjik barlamaly ekenik… Menem utanamsoň, dillenmedim-dä… Sen bir erkek oglan barlaýmal-a…

Ogullanyň ýeke ýüzi däl, gözlerem gülýärdi. Oňa seretmek diýseň ýakymlydy. Ol tolgunyp entegem begençli sözlerini gysganman joşgunly gürleýädi.

– Öwekge, ynançlar dogry gelýä. Senem ulalaňda dünýä ynanyp ýaşagyn. Bolýamy… Adam näme-de bolsa bir zada çyny bilen ynanyp ýaşasa, ýaşamak ýeňilräk ýaly bolýa.

Ogulla ýuwaşja gepleýärdi. Şonuň üçin men gyz ýüreginiň sesini─hakyky ýüregiň sesini eşidýän ýaly bolýardym. Hemem öz eden günämiň gymmatyny ölçeýärdim. Bi çaýkanyp duran uly dünýede heý, ýalanyň gymmaty ýokmuka? Elbetde, ýokdur. Bar bolsa, hemmeler ýalan sözlärdi.

Men öz gorkuly pikirlerimden daşlaşmak üçin Ogullanyň ýüzüne seredýärdim. Seretdigimçe onuň owadan ýüzi, garaňkylykdan sowrulyp alnan ýaly barha ýagtylýardy.

Biz şol gün agşam uzakly gije diňe süýji zadyň gürrüňini edip oturdyk. Ogulla ertesem, birigünem bir hili alasarmyk, garagol ýylgyrmanyň içinde gezdi.

Men Ogullanyň ýylgyrmasyna goşulsamam mazam ýokdy. Indi haý diýmän, durnalar dolanmalydy. Soňam – nowruz… Eýýäm obamyz semene gaýnatmaň ugruna çykypdylar. Ulugyzlaram tahýa biçinýändir. Meň bolsa, içimi it ýyrtýar… Birden…

Men özümiň juwan hem eziz wagtym, şeýle galagoply günleriň şaýady bolanyma, kelebiň ujyny ýitirip, ümdüzüne gaçyp gidesim gelýädi. Ýene-de azajygam bolsa umytda bolup, selin tümmekleriniň aňyrsyna seredýärdim.

“Heý, bir garakelle görünmezmikä…”

Ertir nowruz diýlen güni, ilerki gädikden iki sany del aýal göründi. Olaryň elleri saçaklydy. Daýzalar gelişlerine Ogullalaryň deňinde saklandylar. Ogullanyň ejesi ojakda çyg çeken ýowşanlary tutaşdyrjak bolup hysyrdaýardy. Bahym howadan oduň ysy geldi. Yz ýanyndanam Ogullanyň gaty köp wagtdan bäri garaşýan sesi eşidildi.

─Biz-ä ýitigmizi gözläp gelendiris…

***

Ondan bäri köp-köp ýyllar geçdi. Ýerbendiň agras, ýöne kalbyňda ýüz müň duýgyny oýarýan arassa sährasy, gör näçe nowruzy kabul etdikä? Sanardan köpräk bolsa gerek. Şu gün men ýene, täze Güni, bir döwürler oglan gözlerimde galan nowruz Gününiň doguşyny synlamak üçin obama barýan.

Obamyza bärden seretseň, suratkeşiň nepislik bilen çeken, ýöne wagt geçip Güne meňzini solduran suratyna çalym edýär. Guýynyň depesindäki köne çarh özüniň argyn sesi bilen entegem il-günüň teşneligini gandyrmaga çagyrýar. Bir döwürler ýetişen gyzlaryň pynhandan-pynhan syryna şaýat bolan ak sözen entegem öz mähriban dilinde gepleýä.

Meniň garraýşym ýaly, Ogulla-da garrapdyr. Men ol şo-ol ötürlen günler hakda, ömrüň ala meýdany hakda bir zatlar aýdar öýtdim. Ýöne Ogulla hiç zat geplemedi. Asla geplemek hökmanam däldi. Şol geçilen ýyllar birek-biregi duýgy bilen düşünşer ýaly edipdi.

Ogulla köne çuwalyň içinden onuň özündenem köne düwünçegi çykardy. Soňam hamy ýukalan elleri bilen ony zordan çözdi. Men görýän zatlaryma ynanmadym. Düwünçegiň içinde meniň indi hiç haçan dolanyp gelmejek ýaşlygym – şo-ol bir wagtky kirjigen ak ýaglykdyr gültahýa ýatyrdy. Ak ýaglygyň şol öňküligidi. Meniň burnuma sähralaryň tanyş ysy gelen ýaly boldy.

Tahýanyň ýüzi solaňkyrlapdyr. Onda-da men keşdeleri tanadym. Hon-ha, ol-a serdar guş, o-lam ene, o-da ata durna, bularam çagatak durnalar… dogry on bir sany…

Adam ýüregine düşünilýän ýerde, begenmegiň deregine ejizleýän ekeni. Bu gezegem şeýle boldy. Oglanlyk döwrümiň aýak yzlary meniň agymy tutdurdy. Görsem, Ogulla-da hamsygýan ýaly.

Daşardan nowruz ýagşynyň şybyrdysy eşidilýärdi. Goňşy öýden çagajygyň aglaýan sesi geldi. Soň haýsydyr bir gumly gelin maňa tanyş bolan, ötegçi durnalaryň çakylyk sesine meňzeş gamgyn ses bilen bäbejigi hüwdüledi.

Nowruz ýagşy gültahýany ezende,

Çigişen ýaglygy ygbal çözermiş…

Men ýalt edip, Ogulla seretdim. Ogulla-da ak ýaglyga. Soň bäbejigiň  emmesini gyssanyp sokjamasy bilen töwerek ümsümleşdi…

Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri