BIZNES

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesini ösdürmek meýilleşdirilýär

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň ulag ministri Ilhom Mahkamowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar ýük daşamak işinde ýüze çykýan käbir kynçylyklary aradan aýyrmak bilen ulag we üstaşyr gatnamalary giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ýük daşamak işlerini has çalt amala aşyrmak maksady bilen tarifleri we ýygymlary sazlaşdyrmak, serhet amallaryny ýönekeýleşdirmek meselelerine garaldy.

Mundan başga-da, özbek tarapy “E-permit” sanly ulgama geçmegi teklip etdi. Bu awtoulaglar arkaly halkara ýük gatnamalary amala aşyrylanda zerur bolan resminamalary elektron görnüşde alyş-çalşygyna mümkinçilik berer.

Gepleşikleriň dowamynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar täze ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň indiki tapgyrlaryny kesgitlediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi