JEMGYÝET

Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer kömegi yzygiderli iberilýär

Türkmenistandan Türkiýe Respublikasynyň ýertitreme zerarly kyn günleri başdan geçirýän sebitlerine ynsanperwer kömegi yzygiderli iberilýär.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň “Twitter” jemgyýetçilik torundan habar berşine görä, Türkmenistandaky türkmen we türk raýatlary tarapyndan jemlenen gyşlyk egin-eşik hem-de hajathana toplumy Tükriýä iberildi.

Ilçi barada beren baýatynda bu ynsanperwer ýüküniň  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti hem-de Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramaçylygynda tebigy betbagtçylygyň bolan ýerine uly ýük awtoulagynda iberildi.

Şeýle hem ilçiniň berýän maglumatyna laýyklykda, goşmaça 1000 sany odeýal hem-de 10 sany generator hem “Türk howaýollary” awiakompaniýasynyň uçary bilen Türkiýä iberilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz hem Türkiýe Respublikasyna 2 uçardan ybarat ynsanperwer ýüküni iberdi. Türkiýäniň ilçihanasy tebigy betbagtçylykda ejir çekenleriň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, haýyr-sahawat işini ýola goýup, onuň netijesinde jemlenýän gyşlyk odeýallar Türkiýä iberilýär.

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi