JEMGYÝET

Döwlet Dumasynyň Başlygy şu gün Türkmenistana gelýär

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky rus parlament wekiliýeti şu gün Türkmenistana gelýär. Bu barada Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda berlen maglumata görä,  Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky rus parlament wekiliýeti 29-30-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanda resmi saparda bolar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, rus wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde gepleşikler geçirerler. Türkmenistanyň we Russiýanyň deputatlary ikitaralaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň arasynda gepleşikler geçirilipdi. 

Şol duşuşykda parlamentara dialogy işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşylyp, Hazarýaka döwletleriniň parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky başlangyçlar goldanylypdy. 

Şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşylyp, Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek babatda pikir alşylypdy.

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky rus parlament wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolupdy.

Related posts

Türkmen metbugatynda-04.03.2019

vepa

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bugdaý oragyna girişildi

Ata Watan Eserleri

Hepdelik täleýnama (1-7-mart)

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment