BIZNES

Birža täzelikleri: azerbaýjanly telekeçiler nah ýüplük aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi, bu önümi Azerbaýjanyň telekeçileri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Related posts

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB- durnukly” reýting derejesi berildi

Türkmen Lideri Azeri Dışişleri Bakanını kabul etti

vepa

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň möçberi 17% ýokarlandy

Leave a Comment