MEDENIÝET

Türkmenistanda rus kinolarynyň günleri geçirilýär

Şu gün Türkmenistanda “Russian Film Festival” çäräsiniň çäklerinde rus kinolarynyň görkezilişi guralýar. “Roskino” edarasynyň berýan maglumatyna görä, 26-31-nji dekabr aralygynda “Konek-Gorbunok”, “Palma”, “Bir” we “Ak gar” ýaly filmler bilen bir hatarda “Ýuli aty we uly çapyşyklar” we “Üç pälwan we tagtdaky at” ýaly animasiýa fimleri görkezilýär.

Türkmenistanda şu ýylyň dowamynda ikinji gezek rsu kinolarynyň görkezilişi geçirilýär. Awgust aýynda Türkmenistanyň kino muşdaklary rus kinolaryny onlaýn platformalarda tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolupdyr.

Bu gezek bolsa, kino söýüjiler kinoteatra gidip, rus fimlerine tomaşa edip bilerler. Filmler “Berkarar” kinoteatrdynda görkeziler.

Türkmenistandaky rus kinolarynyň güni “Roskino” edarasy tarapyndan Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň we Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermegine geçirilýär.

Related posts

Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň surat sergisi açyldy

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

«Aýy kellesi» rekordy täzeledi

Leave a Comment