JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Mejlisiň kararynda laýyklykda, türkmen Lideri bu nyşana Türkmenistanyň dünýädäki halkara abraýyny has-da belende götermekde goşan uly şahsy goşandy, ýurduň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet işinde bitiren hyzmatlary mynasybetli mynasyp boldy.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, onda ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

Related posts

“Makul Sözlük” türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

“EKSPO-2020” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri

Altın Asır’ın rakibi Hint takımı Bengaluru

vepa

Leave a Comment