SPORT

Katar-2022: Messili Argentina ýeňildi

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde Lionel Messili Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy duşuşdy. 80 müň orunlyk “Lusail” stadionynda garaşylmadyk netije alyndy. Ähli futbol janköýerleri Argentinanyň ýeňiş gazanmagyna garaşýan bolsa, onda bu tersine boldy.

Saud Arabystany 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, “Ç” toparyndan ilkinji 3 utugyny gazandy. Duşuşygyň gollaryny 10-nji minutda 11 mterlik jerime urgusyndan Lionel Messi, 48-nji minutda Al-Şehri we 53-nji minutda Al-Dosari öz adyna ýazdyrdy.

5 minutda 2 gol geçiren Saud Arabystany Argentinanyň milli ýygyndysy ýeňmek bilen öz ýurdunyň futbol ýylýazgysyna ýene-de bir şanly wakany ýazdyrdy.

Argentinanyň milli ýygyndysy 1990-njy ýyldan soňra ilkinji gezek dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda ýeňildi. 32 ýyl mundan zoal, 1990-njy ýylda Argentina Kameruna 1:0 hasabynda utuldy.

2018-nji ýylda Argentina dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Islandiýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy.

Bu toparda Meksika bilen Polşanyň ýygyndylary şu gün sagat 21:00-da duşuşýar.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi