SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

29-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 29 -njy oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Daş-töweregiňizde näçe köp adam bolsa, şonça-da gowy. Emma bu gün haýsydyr bir romantiki duşuşyklary geçirmek düýbünden maslahat berilmeýär. Çünki artykmaç bellikler we tankytlar bilen hemme zady puç edip bilersiňiz. Şonuň üçin-de siziň bu hereketleriňizi ýakymly degişme hökmünde kabul etjek uly bir kompaniýa günüňizi halas eder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün gowy dynç alyp bilersiňiz. Edilmeli her bir zat wagtynda bolmaly we gijä galmaly dälsiňiz. Sowurlar elmydama bir zady ýatdan çykaran ýaly duýýarlar. Şeýle-de ýakyn adamlaryňyzyň ähli zady ýalňyş edýän ýaly duýýarsyňyz. Gaty haýal, ýa-da gaty ýokary hilli däl, ýa-da ilkinji gezekde däl. Umuman, bu gün nerw dartgynlygy ýokary derejede bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün jöwzalar birneme adrenalin islärler. Arkaýyn höwesiňizi bitirip bilersiňiz. Ownuk dozalarda adrenalin peýdalydyr. Emma, birden özüňizi oňat duýmasaňyz, pikiriňizi üýtgedip hem bilersiňiz. Saglyk ýagdaýyňyza üns beriň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün ähli zat seretanlaryň elinden geler. Olar daş-töweregindäkileri geň galdyrar, begendirer, höweslendirer. Umuman, olar bu gün adamlaryň ünsünden düşmezlik üçin hemme zady ederler. Seretanlaryň islendik işi ugruna bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün esetlere paýhasly maslahat beriler. Emma esetleriň özü-de hemme zady bilýär, şonuň üçin beýleki adamlaryň akylly pikirlerine üns bermez. Emma bu dogry bolmaz. Başgalary diňlän bolsadylar, ýakymsyz gepleşiklerden gaça durardylar we şenbe günüňiziň ýarysyny kynçylyklardan çykmaga bagyşlamazdylar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler bu gün birneme tolgunmaly bolarlar. Esasanam ýolda gitmek kararyna gelen bolsalar.Elmydama gijä galan ýa-da bir zady ýatdan çykaran ýa-da seneleri garyşdyran ýaly görünersiňiz. Emma, bu diňe bir çalt gutarjak adaty ýol çatryklary bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ähli möhüm zatlary we seneleri ýazyň, ýazan zadyňyzy iň görünýän ýere goýuň we etmeli işiňizi edendigiňizi ýa-da etmändigiňizi iki gezek barlaň. Ýogsam, gaýyn eneňizi toý ýubileýi bilen gutlamagy ýatdan çykarmak howpy abanýar, has beteri, wada berlen gök önümleri getirip bilmersiňiz. Munuň manysyna özüňiz gowy düşünýänsiňiz 🙂

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Şenbe güni sarkazm duýgyňyz peýda bolar. Biderek biri gapma-garşylyk oduny ýakmaga synanyşar. Bularyň hemmesini degişmeler, gülkünç sözler we jeza bilen ussatlyk bilen öçürersiňiz. Netijede, dawa etmek isleýän adam hem ýylgyrar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar ähli jemgyýetçilik işlerini diýseň gowy görýärler we lezzet bilen ýerine ýetirýärler. Bu gün hem kowuslar 5-den 100-e çenli adamdan ybarat bir kompaniýany güýmemeli bolarlar. Emma bu siz üçin diýseň ýeňil bolar. Kowuslar derrew hemme kişiniň ünsüni jemläp, ýygnagy ýatdan çykmajak şatlyga öwürer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Horlanmak üçin näme iýmeli? Bu sorag jedileriň pikirlerini eglär. “Iýmezlik” pikiri göz öňünde tutulmaýar. Bu aşgazana we psiho-emosional ýagdaýa zyýanlydyr. Şonuň üçin siziň stoluňyzda peýdaly önümler bolar. Esasy zat, çyzykdan çykmazlykdyr.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluw belgisiniň köp wekiline asuda we örän rahat şenbe garaşýar. Ajaýyp şatlyk ýa-da dürli başdan geçirmeler bolmasa-da, gowy dynç alyp bilersiňiz. Bu size pikirleriňizi täzelemäge, güýç toplamaga ýardam berer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Jedelleşmezlige çalşyň, çünki barybir ýeňilersiňiz. Esasanam jedel meselesini gaty gowy bilmezlik siziň asgynlygyňyza getirer. Sizi bilmeýän zadyňyzda tutmak gaty aňsat bolar. Şonuň üçin üstüňizden güldürmek howpy abanýar.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama