DÜNÝÄ

Türki döwletleriň ulag ministrleriniň duşuşygy

Şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ulag ministrleriniň mejlisi geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berýär.

Halkara ýük gatnawynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, sebitiň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrmak we alternatiw ulag ýollaryny gözlemek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräniň çäginde demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygy we gurama agza ýurtlaryň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bäşinji duşuşygy bolar.

Duşuşygyň netijesinde halkara multimodal ulag şertnamasy we Türki döwletleriniň guramasynyň agza ýurtlarynyň arasyndaky ulag pudagynda hyzmatdaşlyk maksatnamasy ýaly resminamalar barada ylalaşygyň gazanylmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar