ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gülki – Zeminiň duzy :Meret Gylyjow

Ýaňybir günorta çaýyny içip bolupdym. El telefonym jyňňyrdady. Göterdim. Köne dostum Meret Gylyjow eken. Habarlaşmanymyza ýoňsuz wagt geçendir. Hal-ahwal soraşdyk. Men özümiň biraz ýoňlandygymy syzdyrdym. Merediň şol öňki häsiýeti: «Oglan, tomsuň günem bir dümew bormy? Häzir men saňa iki sany ýomak aýdyp bereýin. Nädersiň, derrew sagalaýsaň…».

Daşyndan seredeniňde Meret degişgen, wäşi adama çalym edenok. Gaýtam, goýazydan agras. Belki, şonuň üçindir, degişmelerinde-de hiç hili suwjuklyk duýlanok. Ýerlikli, agramly degişmeler.

Şunlukda, telefonda iki sany degişme aýdyp berdi. Birhili süňňüm ýeňläp, keýpim göterilene döndi. Ýomaklaram täsir etse-edendir, ýöne köne dostuň bilen derdinişmegem köp zatdan ünsüňi sowandyr. Aslynda degişme adamyň ömrüni uzaldýar, keselden saplaýar. Munuň şeýledigi ylmy derejede-de tassyklanyldy. Ol häzire çenli-de öwrenilip gelinýär. Günbatar ýurtlarynyň klinikalarynda gülki arkaly kesel bejerilýär. Ylmy barlaglaryň netijesinde şahandaz kişileriň tutuksy adamlara garanyňda ýürek kesellerine az ýolugýandygy ýüze çykaryldy. Onuň kyrk göterim derejesinde tapawut edýändigi kesgitlenendir. Gülkini halaýanlar, hakykatdanam, az keselleýär. Munuň şeýledigi ylmy taýdan subut edilendir.

Alymlaryň ýene bir barlaglarynyň netijesinde gülki damary güýçli zenanlaryň çagalarynyň ýiti ýokanç kesellerine juda seýrek duçar bolýandygy anyklanyldy.

Hawa, gülküde gudrat bar! Türkmenlerem «Gülmek — ömürden» diýip, ýöne ýere aýdan däldirler.

Munça pelsepäni ýöne ýere getirmedim. Wäşi adamlar bilen oturyşyp-turşanyňdan soň ömrüňe ömür goşulýan ýaly duýýarsyň. Köne dostum Meret Gylyjow hem şeýleräk adamlaryň hilinden. Onuň ýanyndan wagty bilen aýrylasyň gelenok, gürrüňlerini diňläp-diňläp ganyp bileňok. Megerem, dilewarlygyň özi-de aýratyn zehin bolsa gerek.

Men Merediň dilinden eşiden ençeme degişmeleri taraşlap-sünnäläp, ýazga geçirip goýdum. Geliň, munça bolanyna görä, şol degişmelerden birini aýdyp bereýin:

Ýüregi arassa, ýöne diline buýrup bilmeýän bir kärdeşimiz bardy. Ol aýtmaly zatlary-da, aýtmasyz zatlary-da agzyndan sypdyragandy. Günlerde bir gün Meret Gylyjow redaksiýanyň üçünji gatyna çykyp gelýän mahaly öňünden ýaňky kärdeşimiz çykyp:

— Meret, sagadyň näçe boldy? — diýip sorapdyr.

Oýun-henek beýnide çalt bişip ýetişendir-dä. Meret ýüzüniň ugruna sugşuryp goýberipdir:

— Heý, saňa-da sagadymyň näçe bolanyny aýdyp bormy? Häzir saňa sagadymyň näçedigini aýtsam, senem gidägede, sagadymyň näçe bolanyny başga birine aýdarsyň, başga birem ýene birine! Şunlukda, Merediň sagadynyň näçe bolanyny tutuş Metbugat öýi biler!

Elbetde, degişme ýerine düşenliginde öýke-kine edilip durulmaýar. Meret Gylyjow hiç haçan gödek degişmeleri dile getirmeýär. Ol ýomaklaryny adamlaryň häsiýetine, daş-töwerekdäki wakalara bap getirip aýtmagy başarýar.

Şu setirleri okan okyjylar: «Be, Meret Gylyjow atly wäşem bar eken-ow!» diýip diňşirgenmekleri mümkin. Degişme Merediň hobbisi — güýmenjesi. Onuň asyl käri nakgaşlyk. Oňa döredijilige degişme suratçy hökmünde geldi diýsek, ýalňyşmasak gerek. Bulam degişme žanrynyň bir görnüşi.

Men Meret Gylyjowy indi kyrk bäş ýyl bäri tanaýaryn. Häsiýetlerine-de azda-kände belet, döredijiligindäki öwrülişiklerdenem habarym bar.

Kyrk bäş ýyl är ömri, gujur-gaýratlylygyň, kämilligiň döwri. Ýatlara zat kän. Haýsy birini bije başy etjegiňi bileňok. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrlarynda-segseninji ýyllarynyň başlarynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň kyssa bölümini alyp barýardym. Aýda iki gezek çykýan «Satira we ýumor» sahypasy-da boýnumady. Ilhalar sahypady. Sahypanyň «donunam» özüm biçýärdim. Soňam taslamasyny degişmeçi suratçylar Nurmuhammet Berdiýew bilen Meret Gylyjowa tabşyrýardym. Olar sahypanyň bezeg işlerini ýerine ýetirýärdiler. Şol sahypalarda degişme suratlaryna-da ýer goýýardym, Nurmuhammet bilen Meredem özleriçe tema tapyp, degişme suratlaryny çekýärdi.

Ynha, elimde «Edebiýat we sungatyň» 1977-nji ýyldaky sany. Ol ýyllar gazet dört sahypa görnüşinde hepdede iki ýola çykýardy. Dördünji sahypada-da «Kämillik ýolunda» atly rubrikanyň astynda Merediň döredijiligi hakda ýazan makalam bar, ortarasynda-da suraty. Saçy şar gara. Ýüz-gözünden nur ýagýar. Ýaňy otuzdan geçen, basan ýerinden ot çykýan degenekli ýigit. Häzirem ullakan bir üýtgän ýeri ýok. Diňe saçy çalarypdyr, ýüzünde-de gasyn köpelipdir. Hyjuw, joşgun welin, şol juwanlyk çagyndaky ýaly. Özüne mahsus ýomaklary-da ozalkysyndan biraz goýazylaşypdyr.

Umuman, degişme suratlaryny çekmek ýeňil iş däl. Şu ugurda döredýän hudožniklerem öňde-soňda beýle bir üýşüp ýatanokdy. Meret Gylyjow turuwbaşdan kämillige gol berdi. Munuňam esasy sebäbi tebigy zehin bolsa gerek. Baryp şol döwürlerde onuň degişme suratlarynyň «Krokodil» (Russiýa), «Kirpi» (Azerbaýjan), «Muştum» (Özbegistan), «Dadzis» (Latwiýa), «Çaýan» (Tatarystan), «Wožyk» (Belarussiýa) ýaly ozalky soýuzyň çägindäki satira žurnallarynda çykmagy-da biziň bu sözümizi tassyklaýar.

Adamy gynandyrmak aňsat, ýöne güldürmek welin, juda çetin. Şondan ötri sähel gowşak eseriň çyksa, surata däl-de, eýsem, hudožnigiň üstünden gülnäýjeginiň ujy iki däl. Ýumory, satirany dürli gatlagyň wekilleri halaýar. Dürli düşünjedäki adamlaryň göwnüni awlamak isleseňem, elbetde, beýnä mazaly agram salmaly.

Şol ýyllar men Meret Gylyjowdan: «Çekjek suratlaryňyň temasyny nireden alýarsyň?» diýip soranymda, ol bir agyz: «Durmuşdan susup alýaryn…» diýip jogap beripdi. Ol mamladam. Birje mysal:

Ýol bilen barýarsyň. Alaň-açyk meýdanda ýaşy durugşan adam itine «baş öwredýär». Ol elindäki taýagy zol-zol esli aralyga oklap, ony itine getirmegi buýurýar. It janawar iki ýana alakjap, halys surnugýar. Emma eýesiniň welin, piňine-de däl. Ol itini öňküdenem beter daljykdyrýar. Dogrusy, muňa göhi gelýär, şondan lezzet alýar. Şeýle ahwalatyň deňinden geçip barýan Meretde şunuň ýaly tema «bişýär».

Ol bir mazmundaky üç sany surat çekýär. Şolaryň birinjisinde itiň eýesi elindäki taýagy zyňýar, ikinjisinde it zyňlan taýagy agzynda saklap getirýär. Üçünjisinde bolsa, jebre çydamadyk janawar eýesini agzyna alyp gidiberýär. Elbetde, degişme žanryna giperbola — ulaldyp görkezmek mahsus. Ýöne ulaldyp görkezmäni-de ynandyryjy bermegiň ebeteýini tapmaly. Sebäbi gönümel çekilen degişme suraty doly maňyzly esere däl-de, ýöntemje, ýasama bir zada öwrülýär duruberýär.

Meret Gylyjowyň döredijiligi barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Men sungaty öwreniji däl, onuň döredijiligine doly derejede baha berip bilerin öýdemok. Şonuň üçinem düýpli, esasly derňew geçirmek sungatşynaslaryň işi.

Tüweleme, Meret aga bu günki gün ýetmiş bäş ýaşy arka atdy. Oňa «aga» diýmäge diliň baranok. Biz üçin şol ýaşlyk döwrümizdäki Meret. Bir zady aýratyn nygtasym gelýär. Meret Gylyjow hemişe hünärini yzygiderli kämilleşdirip geldi, gözleglerden irmedi. Degişme suratlary çekmek bilen ymykly meşgullanýan döwründe ol dünýä belli hudožniklerden — Kukryniksilerden, Boris Ýefimowdan, Herlup Bidstrupdan, Žan Effelden öwrenip, kämilleşip geldi.

«Ökdelerden öwrenmeli, olary halypa saýmaly!» Ine, Meret Gylyjowyň esasy ýörelgesi şudy. Meret şol wagtky Ş.Rustaweli adyndaky türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde okan ýyllary Aýhan Hajyýew ýaly meşhur hudožniklerden tälim alypdy. Ukrainanyň Lwow şäherindäki Iwan Fýodorow adyndaky poligrafiýa institutynda okuwyny dowam etdirmegi onuň döredijilik gözýetimini hasam giňeltdi.

Merediň dogup-dörän ýeri oba. Ol 1946-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Warkaz obasynda dünýä indi. Oglanlygy şol ýerde geçdi. Sungata bolan söýgüsi-de ony paýtagta getirdi. Şu ýerde-de onuň zehini durlanyp, kämillige gol berdi. Indi ol halypa nakgaş.

Ýap-ýaňy belleýşimiz ýaly, Meret köptaraply zehinli kişi. Ol birgiden kitaplary-da bezedi, dürli temadaky grafika eserleri-de çekdi. Žiwopis, linograwýura işleri bilen-de bellidir. Onuň döredijiliginiň şu taraplary-da öwrenilmäge degişlidir.

Aslynda Meret Gylyjow ikimiziň ykbalymyzda nähilidir bir çalymdaşlygam bar. Ol ýaşlyk döwründe, esasan, grafika işleri bilen meşgullanýardy, degişme suratlary çekmäge köp üns berýärdi. Menem başda hekaýa ýazýardym, gülküli kyssalary döredýärdim. Häzir çeper terjimelere, ýatlamalara, makalalara agram berýärin. Birneme soňrak «kompýuter zamanasy» geldi. Žurnallaryň, gazetleriň bezeg işleri-de kompýuter grafikasy bilen ýerine ýetirilip başlanyldy. Elbetde, beýle usul has owadandy, kaşaňdy. Onsoň, gazet-žurnallary grafika işleri bilen bezemek biraz kemeldi. Şunlukda, Meret Gylyjowyň döredijiliginde-de öwrülişik başlandy. Nakgaş reňkli suratlary çekmäge girişdi. Aýratyn bellemeli tarapy ol sungatyň bu ugrunda-da täzeçillige ýykgyn etdi. Onuň goçak nagşy esasyndaky döreden çeper suratlary türkmen şekillendiriş sungatynda açyş boldy. Özem şol eserler diňe bir owadan goçak nagyşlaryň suraty däl-de, eýsem, olar üýtgeşik many-mazmuna ýugrulan täsin eserler tapgyrydy. Mahlasy, ol goçak nagyşly özboluşly eserleri döredip, türkmen şekillendiriş sungatyna üýtgeşik nagyş çaýdy. Meret Gylyjowyň ussahanasyndaky beýleki žiwopis eserleri-de diňe bir öz ýurdumyzyň sergilerini däl, hatda halkara derejesindäki sergileri-de bezäp biljek. Muny belli sungatşynaslar-da, hudožnigiň kärdeşleri-de tassyklaýar.

Megerem, 2007-nji ýyl bolsa gerek. Şonda Meret Gylyjow dürli temadaky, dürli žanrdaky, dürli ýyllarda döreden eserleriniň özbaşdak sergisini gurnady. Onuň kärdeşleri-de, sungaty öwrenijiler-de, döredijiligine sarpa goýýan ýönekeý muşdaklaram sergide goýlan eserleri halapdylar. Hudožnikleriň käbiri-hä: «Meretden beýle kämil, many-mazmunly işlere garaşmandyk!» diýşip, ýüreklerindäkini daşyna çykarypdylar.

Elbetde, Meret Gylyjow degişme suratlary çekmekden doly sowaşmady. Žiwopis eserlerinden «ýadanynda» degişme suratlaryna-da gezek berdi. Umuman, onuň degişme suratlarynyň aňyrsy-bärsi ýok. Täzelikde bolsa, ol şol degişme suratlaryny ýygynda jemlemegiň ugruna çykdy. Bellemeli tarapy ol degişme suratlarynyň arasyndan diňe sözsüz görnüşlerini saýlap aldy. Çekilen suratlaryň diňe sözsüz nusgalaram ýüzden geçiberipdir. Meniň pikirimçe, şunuň ýaly suratlary bir ýere jemlemegiň özi-de täzelik.

Merediň hormatly halypalarynyň biri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nurmuhammet Berdiýew iki sözüniň birinde şeýle diýerdi: «Degişme suratyň aşagynda söz näçe az bolsa, şonça-da ýiti çykýar. Söz köp bolsa, degişme surat däl-de, illýustrasiýa — bezege düşündiriş ýaly bir zat bolýar. Iň gowusy-ha, sözsüz surat. Ýöne beýle eser hemişe başardyp baraýanok…».

Halypa rast aýdypdy. Sazyň ähli kişä düşnükli bolşy ýaly, sözsüz eserem Ýer togalagynyň islendik raýatyna düşnükli. Aslynda degişme suratlarynyň bäsleşikleri-de, köplenç halatda, sözsüz suratlardan geçirilýär. Şeýle eserleri çekmek ussatlygy talap edýär. Diýmek, ýüz sany sözsüz degişme suratyny çekmekde-de gep bar. Hawa, döredijilik işgäri eser döretmek üçin ýüreginiň bir bölegini, ömrüni sarp edýär. Sebäbi hiç bir eser tötänden döremeýär.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Meret Gylyjow aram-aram: «Gülki — Zeminiň duzy!» diýmegi halaýar. Şu sözleri çyny bilen aýdýar. Bellemeli ýeri köp taraply zehinli hudožnigiň degişme eserlerine-de, žiwopis eserlerine-de agraslyk, çuňňur many, filosofiýa mahsus. Hemişe juwan nakgaşyň entek-entekler etsem-goýsamlary kän. Bir işiň başyny tutdugy bes — ony hökman soňuna çenli alyp çykýar. Ol döretmän bir günem oňup bilmeýän ussatlaryň hilinden.

Dostum Meret, eliňden çotgaň düşmesin! Gowy-gowy eserler bilen il-güni begendir, goý, şeýle eserleriň kerweni ýurt aşyp, sergileri bezesin!

Çary GELDIMYRADOW, ýazyjy.

Ýene-de okaň

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri