JEMGYÝET

Maryda täze demir ýol köprüsi açyldy

Şu gün Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp  ulanmaga berildi. Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri hbar berýär.

Demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Dabaranyň geçen ýerinde milli ak öýler bezeldi, kejebede gelin getirmek, at çapdyrmak ýaly toý däpleri öz beýanyny tapdy. Zenanlaryň el işlerini, milli senetçiligi şöhlelendirýän  pursatlar hem dabara gelenlerde ýakymly täsir galdyrdy. Garagum derýasynyň kenarynda guralan sahnada welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri joşgunly baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen, toýa gatnaşan adamlara ruhy lezzet paýladylar.

Gurluşykda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra ýörite bezelen baýramçylyk otlusynyň täze gurlan döwrebap demir ýol köprüsinden ilkinji bolup geçmegi bu waka aýratyn öwüşgin çaýdy. Döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250, eňňitleri 750 we 562 metre deňdir. Köpriniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen, demir ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk önümleri hem-de ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy. Döredijilikli we öndürjilikli zähmet çekmäge döredip berýän şertleri üçin gurluşykçylar hormatly Prezidentimiziň adyna müň mertebe hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär